Ï Duýgur ýüregiň sazy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Duýgur ýüregiň sazy

view-icon 768
Meşhur kompozitor barada, onuň özboluşly ukybyny we zehinini açyp görkezmek, ol barada gürrüň bermek, ruhy päklik hem-de ak ýüreklilik bilen tapawutlanan, dünýä adatdan daşary şirin we çuňňur saz eserlerini sowgat beren uçursuz zehinli we mähirli adam barada, okyjylara doly düşnükli bolar ýaly onuň uzak bolmadyk, ýöne öndümli durmuşyny öz paýhasyňda we ýüregiňde seljerip, kitap ýazmak aňsatmy?

Saz öwreniji, Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymy«Nury Halmämmedow» kitabynyň awtory Jemile Gurnabowa gürrüňsiz çynlakaý we gyzykly kitap ýazmak başardypdyr. Onda hemme zat: kompozitoryň döredijiligini çuňňur seljermek – ilkinji fortepýano miniatýuradan başlap iri simfoniki eserlerine çenli, onuň önür ýoly – kynçylykly çagalyk ýyllaryndan başlap, yhlasly okuwy we daşky adaty durmuşy, şirin sazlary ýüreklerinde baky orun alan onuň döwürdeşleriniň ýatlamalary - bularyň ählizi ýakyndan özara baglanyşyklydyr.

Kitabyň esasy bölegi kompozitoryň döredijiligine bagyşlanandyr hem-de ol onuň tolgundyryjy, ruhuňy we ýüregiňi päkleýji sazynyň ajaýyp dünýäsini açyp görkezýär. Awtor saz eserlerini çuňňur seljermek bilen, okyjylary olaryň döreýiş taryhy bilen tanyşdyrýar, onuň özboluşlylygyny görkezýär, kompozitoryň eserleriniň labyzly tarapyny görkezýär, täzeçilligi nygtaýar, Nury Halmämmedowyň sazynyň keşpleriniň täsinligini görkezýär, nusgawy usullaryň ulanyş sintezini we milli sungatyň görnüşlerini belleýär (meselem, “Wariasiýaly tema” eserinde dutar, dilli tüýdügiň şirin owazy we jigitleriň baýramçylyk bäsleşiginiň koloriti görkezilýär).


Kitapda Nury Halmämmedowyň wokal eserlaryne aýratyn uly üns berilýär. Bu bolsa saz eserinde şahyrana pikirleri beýan etmegiň keşbi bolup durýar. Bu Magtymgulynyň we türkmen şygyrýetiniň beýleki nusgawy şahyrlarynyň goşgularyna döredilen romanslardyr, Sergeý Ýeseniniň goşgularyna «Pars motiwleri» we Genrih Geýnäniň eserleri boýunça «Ynsan ýüregi» tapgyrlarydyr. Aýratyn berk oýlanyşykly çemeleşýän awtor «Türkmenistan» sýuitasyny, Ilkinji simfoniýa, «Aýgytly ädim» baleti ýaly simfoniki eserlerini seljerýär. Olarda adaty türkmen sazynyň alamatlary dünýäniň saz sungatynyň gazananlary bilen sazlaşýar. Nury Halmämmedowyň «Magtymguly», «Mukamyň syry», «Ykbal», «Bäsleşik», «Japbaklar» we türkmen kinemagrafiýasynyň beýleki nusgawy kinofilmlerine ýazan sazlary barada gyzykly gürrüň berilýär.

Bu neşir owadan bezelipdir, kitapda Nury Halmämmedowyň fotosuratlary, onuň durmuşynyň dürli pursatlary –dostlarynyň, sazandalaryň, artistleriň, kinotežissýorlaryň, hudožnikleriň we şahyrlaryň arasynda duran pursatlary görkezilýär, meşhur türkmen hudožnikleriniň, skulptorlaryň surat işleri görkezilýär. «Ol öz eserleriniň baý mazmun bilen doldurmaga çalşan romantik we akyldar bolupdy – diýip, awtor Nury Halmämmedow barada ýazýar, - saz onuň üçin elmydama özüni tolgundyrýan pikirlerini beýan edýän serişde boldy, bu tragiki epizotda hem, tebigata guwanýan wagtlarynda hem şeýle bolupdy, bir söz bilen aýdanyňda – onuň eserleri ähli babatda ýörgünli».

Kitap «Ylym» neşirýatynda çap edildi.