Ï Ýaponiýanyň häzirki zaman arhitekturasy – Aşgabatdaky fotosergide
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýaponiýanyň häzirki zaman arhitekturasy – Aşgabatdaky fotosergide

view-icon 812
Paýtagtyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde açylan sergi Ýaponiýany – ýokary tehnologiýaly, özboluşly sungatly, garaşylmadyk tarapdan öz gadymy däp-dessurlaryna wepaly ýurdy görkezýär.

“Kumamoto art polis” fotosergisi Kumamoto prefekturasynda häzirki zaman jaý salmak sungatynyň aýdyň mysaly bolup durýar. Onuň usuluna Ýaponiýa üçin adaty görnüşleriniň bolmazlygy mahsusdyr. Binalaryň gurluşyklarynda diňe bir ýokary tehnologiýalar ulanylman, eýsem iň ekologiki önümler hem ulanylýar. Olar esasan hem agaçlardyr. Sebäbi Kumamoto prefektirasy özüniň agajy gaýtadan işleýän senagaty bilen meşhurdyr.




“Ýene-de birnäçe ýyldan Aşgabatda Aziada-2017 geçiriler, diýip, Ýaponiýanyň biziň ýurdumyzdaky ilçihanasynyň medeniýet boýunça attaşesi Içida Takaýuki gürrüň berýär, sport desgalarynyň gurluşygy batly depginler bilen alnyp barylýar, fotosergide görkezilen nusgalar hem, mümkin, türkmen hünärmenlerini gyzyklandyrar. Eger-de şeýle bolaýsa ýapon arhitektorlary öz hyzmatlaryny teklip etmäge şat bolardylar”.

Şekillendiriş sungaty muzeýindäki sergi 10-njy oktýabra çenli dowam eder. Şu döwrüň içinde aşgabatlylarda we paýtagtyň myhmanlarynda häzirki zaman ýapon arhitekturasynyň akymlary bilen ýakyndan tanyşmaga ajaýyp mümkinçilik bolar.