Ï Gökderede ýokary çykma ýaryşy geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gökderede ýokary çykma ýaryşy geçirildi

view-icon 805
Aşgabadyň etegindäki ajaýyp Gökdere jülgesinde “Agama” alpinistler kluby alpinistleriň we dag syýahatçylygyny söýýänleriň her ýylda guralýan ýokary çykma bäsleşigini gurady. Bu bäsleşik Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň merkezi geňeşiniň ýardam bermeginde geçirildi. Harlasang ýaly (1643m.), kartada bellenen Köpetdagyň Duşak daglygynyň biriniň belentligine çykmak “Nebitçi” Sagaldyş merkezinden başlandy.

Köpçülikleýin dag belentligine çykmaga sportuň bu görnüşini söýýänleriň iki ýüz töweregi (dört ýaşly çagalardan başlap we olaryň ene-atalaryny goşmak bilen), umumy bilim berýän orta okuw mekdepleriniň okuwçylary we mugallymlary, türgenler – Aşgabadyň we Balkanabadyň alpinistler klublarynyň agzalary, paýtagtyň kärhanalarynyň we guramalarynyň işgärleri, sportuň dag görnüşi bilen gyzyklanýan ýaşlar gatnaşdylar. Şeýle hem bu çäreden sagaldyş we öňaýly täsirleri alan maýyplar hem gatnaşdylar.


Bäsleşigi guraýjylar bolup çykyş edýän “Agama” klubynyň agzalary ýoluň ugrundaky howpsuzlygy üpjün etdiler, lukmançylyk kömeginiň nokadyny goýdular, bäsleşige gatnaşylyrayň ýany bilen ýörediler, belentlige çykýan ýoldaky eminler bilen dagyň etegindäki baş eminler toparynyň arasynda aragatnaşygy ýola goýdular.

Skaýranning (“belentlikde ylgamak”) – alpinizmde esasy düzgünleriň biridir: ýokary kilometr – dag ýerinde 1000 metr belentlikde ylgamak. Sportuň şunuň ýaly görnüşi geçen asyryň 90-njy ýyllarynyň başynda, haçan-da italýan alpinisti Marino Jakometti öz pikirdeş adamlary bilen Monblana tizlikli çykmagy amala aşyranda döräpdi. Häzirki wagtda sportuň bu görnüşi dünýäniň köp ýurtlarynyň türgenleriniň arasynda uly gyzyklanma döredýär. Şu ýyl skaýranning boýunça halkara ýaryşlary Elbrusda (5632 m, Russiýa) we Matterhornda (4478 m, Şweýsariýa) geçirildi. Bu bäsleşiklere dünýäniň dürli ýurtlaryndan dag belentliklerine çykyjylaryň 1500-den gowragy gatnaşdy.


Türkmen alpinisti Alikper Ahmedow (“Agama” kluby) Matterhornda geçirilen bu halkara bäsleşiklerinde baýrakly orny eýelemegi başardy. Ýöne, Harlasanga tizlikli çykmakda 1.12 sagat wagt bilen üçünji orun bilen kanagatlanmaly boldy. Tizlikli çykmakda bolsa ýaş türgen – Balkanabadyň “Mert” alpinistler klubynyň agzasy Wladislaw Aliýew 1.05 sagat wagt bilen ýeňiji boldy. Ikinji orna ABŞ-ly türgen Zik Zital mynasyp boldy.

Zenanlaryň arasynda Balakanabatly Darýa Çikalidze (1.27.20 sagat) birinjiligi eýeledi. Ikinji orna “Agama” alpinistler klubynyň agzasy tejribeli türgen Nažiýa Kostowa (1.30) mynasyp boldy. Üçünji orny 1.35 sagat wagt bilen Zital maşgalasynyň wekili eýeledi.