Şu gün Ruhyýet köşgünde şanly senäniň – Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 23 ýyllygynyň öňýanynda Türkmenistanyň hormatly atlaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerini hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Türkmeniň Altyn asyry” döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy dowam etdi.
Mälim bolşy ýaly, düýn döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň döredijilik işgärlerini sylaglamagyň başyny başlap, olaryň birnäçesine Türkmenistanyň ruhy-medeni mirasyny artdyrmakda, mili medeniýetimizi ösdürmekde bitiren aýratyn hyzmatlary, köp ýyllyk ylmy işleri, gadymy türkmen medeniýetini dünýäde wagyz etmäge goşan goşantlary üçin sylaglary we baýraklary gowşurdy.
Baýramçylyk lybasyna beslenen ajaýyp zalda ählumumy ruhubelentlik ýagdaýy höküm sürýär. Hormatly atlary dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany hem-de däbe öwrülen “Türkmeniň Altyn asyry” döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak hakynda döwlet Baştutanymyzyň Karary okalýar. Bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmagynda ýurdumyzyň döredijilik işgärlerine milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan degişli şahadatnamalar, şeýle hem hel ýyl geçirilýän bäsleşigiň ýeňijilerine diplomlar we baýraklar gowşuryldy.
Sylag-serpaý alanlar Ruhyýet köşgüniň sahnasyndan milli Liderimize ýurdumyzyň medeniýetini ösdürmekde, onuň gözbaşlaryny ylmy taýdan öwrenmekde we sungatyň häzirki ugurlaryny kämilleşdirmekde ähli şertleriň döredilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Olaryň belleýşi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň milletiň ruhy baýlygyny artdyrmak, ýurdumyzyň medeniýet ulgamyna hemmetaraplaýyn goldaw bermek boýunça alyp barýan syýasaty Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ulgamyň ägirt uly kuwwatyny amala aşyrmak üçin täze mümkinçilikleri açýar.
Häzir medeniýet ulgamynyň işgärleriniň öňünde halkymyzyň baý mirasyny giňden wagyz etmek, onuň ajaýyp döredijilik däpleriniň mirasdüşerleri bolmak bilen çäklenmän, eýsem, dowam etdirip we türkmen medeniýetiniň özboluşlylygyny saklap, döwrüň ruhuna gabat gelýän eserleri döretmek babatda jogapkärli wezipe durýar.
Şonuň üçin häzirki döwürde dörediji, başlangyç bilen çykyş edýän, öz öňünde belent maksatlary goýmaga we olary durmuşa geçirmäge ukyply nesli kemala getirmek ýurdumyzyň medeniýetini ösdürmegiň ilkinji nobatdaky wezipesidir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş we bilim özgertmeleri milletimiziň aň-bilim kuwwatyny açmak we artdyrmak, hünär işini höweslendirmegiň, zehinleri ýüze çykarmagyň we goldamagyň hemmetaraplaýyn çäreler ulgamy, zehinli ýaşlaryň ukyplaryny ösdürmek üçin şertleri döretmäge gönükdirilendir.
Dabaraly çärä gatnaşyjylar hormatly Prezidentimize iň gowy arzuwlaryny beýan edip, döwlet Baştutanymyzyň başyny başlaýan giň gerimli özgertmelerini durmuşa geçirmek üçin öz gujur-gaýratlaryny we ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.