Şu gün irden Lebap welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenabat şäherindäki döwrebap sport mekdebine hem-de welaýat atçylyk-sport toplumyna bardy.
Sport mekdebinde döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň häkimleri garşyladylar.
Milli Liderimiz bu ýere ýygnananlar bilen bolan gürrüňdeşlikde sebitlerde alnyp barylýan iri möçberli özgertmelere we Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli Maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilişine aýratyn ünsi çekdi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Lebap welaýatynyň häkimine sebitiň dolandyryş merkezinde ulag ýollaryny döwrebaplaşdyrmaga, şäheriň abadançylyk derejesini ýokarlandyrmaga, onda seýilgäh zolaklaryny döretmäge degişli birnäçe tabşyryklary berdi. Adamlaryň oňaýly ýaşaýyş we durmuş derejesini ýokarlandyrmagyň häzirki döwrüň ileri tutulýan wezipeleri bolup durýandygyny nygtap, milli Liderimiz desgalaryň, şol sanda ýol desgalarynyň sowatly ulanylyşyny üpjün etmek bilen birlikde, welaýatda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginini ýokarlandyrmagyň, şeýle hem şäher gurşawynyň ekologiýa ýagdaýynyň kadaly saklanmagynyň zerurdygyny belledi.
Soňra hormatly Prezidentimiz mekdebiň sport zalyna bardy. Bu ýerde bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak, türgenleşik çärelerini geçirmek üçin ähli amatlyklar döredilipdir. Şeýle hem mekdebiň bu bölüminde sport maşklarynyň dürli görnüşlerini ýerine ýetirmäge niýetlenilen döwrebap enjamlar oturdylypdyr.
Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar edilmeginde, ilatyň, esasan-da, ýaşlaryň sporta we köpçülikleýin bedenterbiýä işjeň çekilmeginde, berk bedenli, sagdyn ýaşlaryň kemala gelmeginde möhüm ähmiýeti bolan sport desgalarynyň netijeli peýdalanylmagy ugrunda degişli düzümler maksatnamalaýyn çäreleri durmuşa geçirmelidir diýip, milli Liderimiz belledi. Hormatly Prezidentimiz bu ýerde oturdylan enjamlarda dürli sport maşklaryny ýerine ýetirmek bilen, bu enjamlaryň hersiniň ähmiýetli aýratynlyklary, olaryň beden agzalaryna täsiri barada gürrüň berdi.
Sport mekdebiniň dünýäniň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilen zalynda birnäçe maşklary ýerine ýetiren döwlet Baştutanymyz binadan çykdy hem-de döwrebap sport mekdebiniň çägindäki sport meýdançalaryny synlady.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyk işlerinde ähli amatlyklary, zerur şertleri özünde jemleýän häzirki zaman sport toplumlarynyň, stadionlaryň, sport mekdepleriniň, atçylyk sport toplumlarynyň gurluşyklaryna aýratyn ähmiýet berilýär. Gönüden-göni milli Liderimiziň asylly başlangyçlarynyň esasynda durmuşa geçirilýän çäreler özüniň oňyn netijesini berýär. Soňky ýyllarda türkmen türgenleri halkara bäsleşiklerine, dünýä ýaryşlaryna işjeň gatnaşýarlar. Şeýle ýaryşlarda olar ýygy-ýygydan baýrakly orunlary eýeleýärler, türkmen sportunyň dünýä ýüzündäki abraýynyň has-da belende galmagyna mynasyp goşant goşýarlar.
Munuň özi Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlaryna ýokary derejede taýýarlyk görmegiň barşynda has-da ähmiýetlidir.
... Şundan soň bu ýere ýygnananlar özara toparlara bölünip, sport bäsleşiklerini guradylar. Olar kiçi futbol, basketbol, woleýbol we beýleki görnüşler boýunça özboluşly ýaryşlara, sporta bolan höweslerini, gyzyklanmalaryny äşgär etdiler. Özara geçirilen sport bäsleşikleri gyzykly häsiýeti bilen tapawutlandy we ol ruhubelentlige beslendi.
Soňra hormatly Prezidentimiz welaýat atçylyk-sport toplumyna baryp, ol ýerde saklanýan atlaryň ýagdaýy, toplumda döredilen şertler, alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.
Hormatly Prezidentimiz Wekil diýen bedewe atlanyp, aýlawyň çäginde gezim etdi.
Soňky ýyllarda milli Liderimiziň tagallasy bilen, ady rowaýata öwrülen ahalteke bedewleriniň asyl mekany bolan ýurdumyzda atçylyk pudagy uly ösüşlere beslenýär. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde we paýtagtymyzda döwrebap atçylyk-sport toplumlary, aýlawlar guruldy. Aşgabadyň atçylyk-sport toplumynyň çapuw ýodalaryna halkara ülňülerine we häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän politrek örtügi düşeldi. Paýtagtymyzda we welaýatlarda at çapyşygynyň möwsümleri guramaçylykly geçirildi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, at çapyşygynyň möwsüminde ýetginjek çapyksuwarlaryň arasynda her hepdede bäsleşikleri guramak asylly däbe öwrüldi. Munuň özi ýurdumyzda atçylyk sportuny ösdürmek boýunça sazlaşykly işleriň alnyp barylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Gezimi tamamlan döwlet Baştutanymyz welaýatlarda hereket edýän atçylyk-sport toplumlarynyň kada laýyk derejede saklanyşyna gözegçilik etmegiň zerurdygyna ünsi çekip, bu künjegiň baglaryna, çapuw ýodalaryna, aýlawyň abadançylygyna eýeçilik gözi bilen garalmalydygyny tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz welaýatlardaky aýlawlaryň netijeli peýdalanylmagy, onda saklanýan bedewlere bolşy ýaly, toplumlaryň abadançylyk derejesine ideg işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagy babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe görkezmeleri berdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz toplumyň syn ediş binasyndan aýlawyň çägine, onda ekilen baglara, çapuw ýodalaryna syn etdi. Ýurdumyzda sportuň ähli görnüşleri bilen bir hatarda, atçylyk sportunyň ösdürilmegi ugrunda maksatnamalaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmeginiň döwrüň möhüm talabydygyny belledi. Milli buýsanjymyz bolan ahalteke bedewleriniň degişli derejedäki ideginiň ýerine ýetirilmeginiň wajypdygyna ünsi çekmek bilen, hormatly Prezidentimiz bu işleriň köptaraplaýyn we ylmy esasda geçirilmelidigini belledi. Bu ugurda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine degişli düzümleriň jogapkärçiligi aýratyn nygtaldy.
Soňra döwlet Baştutanymyz toplumyň çapuw ýodasyna baryp, bedewe atlanyp, ilki bilen ony gorgunyna sürdi, soňra bolsa bedewiň okgunly çapyşyny çaltlandyrdy.
Şu pursatlar ösüşleriň belentliklerine tarap bedew bady bilen gadam urýan ýurdumyzyň giň möçberli üstünlikleriniň beýanyna öwrüldi. Türkmenistanyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründäki ösüşiniň bedew badyna deňelmeginde özboluşly many bar. Çünki öz erkine çapyp barýan bedewde synmaz erk bar, üstünlige bolan uly ynam bar, özüne bildirilýän umyda çirksiz wepa bar. Şol ýörelgeleriň, mukaddes dessurlaryň sazlaşygyndan bolsa beýik işler amal bolýar. Bu pursatlar uly ösüşleri, üstünlikleri ýaran edinen halkymyzyň beýik ýeňişlere bolan hyjuwynyň beýanyna öwrüldi.
Ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda möhüm waka bolan Ýaşulular maslahatynyň öňüsyrasynda ýaýbaňlandyrylan bu pursatlar döwlet derejesindäki çäreleriň belent ruh bilen garşy alynýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiz bu ýere ýygnananlara işlerinde üstünlik arzuw edip, Lebap welaýat atçylyk sport toplumyndan ugrady.