Ï Türkmen türgenleriniň üstünlikleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen türgenleriniň üstünlikleri

view-icon 912
Şu gün Koreýanyň Inçhon şäherinde geçirilýän ХVII Aziýa paralimpiýa oýunlarynda biziň ildeşlerimiz kümüş medallaryň ikisine eýe boldular. Şeýle üstünligi pauerlifting boýunça degişlilikde 61 we 72 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden halkara derejeli sport ussatlary Walentina Simakowa we Sergeý Meladze gazandylar.

Şunuň ýaly toplumlaýyn Aziýa oýunlary dört ýyldan bir gezek geçirilýär. Şu gezekki paralimpiýa oýunlaryna 40-dan gowrak ýurtdan türgenleriň 4 müňe golaýy gatnaşyp, sportuň 23 görnüşi boýunça güýç synanyşýarlar.

Türkmenistanyň paralimpiýa ýygyndy toparynyň düzüminde alty türgen çykyş edýär. Şu gün olaryň ikisine dabaraly ýagdaýda sylaglar gowşuryldy.

Walentina Simakowa Aşgabat şäher sport komitetiniň mümkinçilikleri çäkli çagalar üçin sport mekdebinde Türkmenistanyň at gazanan tälimçileri Ýusif we Adyl Alyýewlariň ýolbaşçylygynda tälim alýar. Ol ilki bilen 93 kilogram agyrlygy aňsatlyk bilen göterdi, ikinji synanyşykda 98 kilogramy, jemleýji üçünji synanyşykda bolsa 102 kilogram agramy göterip, Aziýa oýunlarynda ikinji orny eýeledi.

Şeýlelikde, W.Simakowa geçen ýyl saýlama milli ýaryşlarda goýan rekordyny gaýtalady.

Zehinli türkmen türgeni indi üçünji gezek Aziýa oýunlaryna gatnaşýar. Ol 2008-nji ýylda Pekinde we 2012-nji ýylda Londonda geçirilen paralimpiýa oýunlaryna gatnaşyp, dünýäniň pauerlifting boýunça iň güýçli türgenleriniň ýediliginiň hataryna girmegi başardy. Indi W.Simakowa 2016-njy ýylda Braziliýada geçiriljek Bütindünýä paralimpiýa oýunlaryna taýýarlyk görer.


Sergeý Meladze bolsa ilkinji synanyşykda 185 kilogram agyrlygy göterip, bäsdeşlerinden 20 kilogramdan gowrak, 72 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, ýeňiş gazanan iordaniýaly türgenden başgalaryndan artykmaçlyk gazanyp, özüne ikinji orny üpjün etdi.

S.Meladze hem öz wagtynda W.Simakowa ýaly öz sport ýoluna şol sport mekdebinde başlapdy. Häzir ol Türkmenistanyň Milli paralimpiýa komitetiniň tälimçisi wezipesinde işleýär.

W.Simakowa we S.Meladze sport ýeňişlerini Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 23 ýyllygyna bagyşlaýarlar. Diňe garaşsyzlyk ýyllarynda mümkinçilikleri çäkli bolan ýaşlar özlerini jemgyýetiň doly hukukly agzalary hökmünde duýdular we sport bilen işjeň meşgullanyp, halkara derejesindäki ýaryşlarda hem ýokary netijeleri gazandylar.

Munuň mysallary köpdür. Olaryň hatarynda erkin we grek-rim göreşi boýunça Ermenistanyň paýtagdy Ýerewan şäherinde geçirilen dünýä çempionatyny görkezmek bolar. Türkmenistanly türgenler bu ýaryşda dürli ýaş toparlarynda çykyş edip, bürünç medallaryň 3-sine mynasyp boldular.

Şol medallaryň ikisini Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Nariman Şafiýewiň tälim berýän türgeni Seýran Beşerow eýeledi, ol göreşiň iki görnüşi boýunça hem tapawutlandy. Türkmenabat şäheriniň ýöriteleşdirilen mekdep-internatynyň wekili Azat Mämmedow (tälimçisi W.Razuwaýew) erkin göreş boýunça tapawutlanyp, bürünç medala mynasyp boldy.

Inçhonda geçirilýän Aziýa oýunlarynda düýn türkmen türgenleriniň ýene biri - Mekan Agalykow agyrlyk götermek boýunça ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, 59 kilograma çenli agram derejesinde pauerlifting boýunça iň güýçli türgenleriň altylygyna girmegi başardy.

22-nji oktýabrda geçiriljek ýaryşlarda ildeşlerimiziň ýene ikisi - Balkan welaýatyndan Baýramgeldi Saparow (88 kilograma çenli) we Aşgabat şäherinden Maýagözel Pekiýewa (73 kilograma çenli) medallar ugrunda güýç synanyşarlar. 23-nji oktýabrda bolsa Spartak Ramazanow 107 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eder.

Ähli ildeşlerimiz gaýduwsyz türgenlerimize üstünlik arzuw edýärler.