“Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň jigitleri Italiýadaky Halkara sirk festiwalynyň ýeňijisi boldular.
Italiýanyň Latina şäherinde şu ýylyň 16-21-nji oktýabry aralygynda geçirilen XVI Halkara sirk festiwaly Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň jigitleriniň ýeňşi bilen tamamlandy. Türkmen jigitleri üstünlikli çykyş etdi we dünýä derejeli “ýyldyzlar” diýlip ykrar edildi. Jemleýji gala – konsert mahalynda tomaşaçylaryň şowhunly el çarpmagynda olara bäsleşigiň esasy baýragy – “Latina-2014” altyn kubok, şeýle hem festiwalyň “Di Albacete”, “Consegina il Premio” baýraklary, “Comune Di Latina” we Italiýanyň ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň diplomy gowşuryldy.
Latinada geçirilýän “International Circus Festival “City of Latina” atly Halkara sirk festiwaly Italiýadaky ýeke-täk sirk festiwalydyr. Ol her ýylda geçirilip, dünýäde abraýly bäsleşikleriň biri hasaplanylýar. Şu ýylda bu festiwala dünýäniň 20 ýurdundan dürli ugurlar boýunça çykyş edýän artistler gatnaşdylar. Olaryň ussatlygyna häzirki uly sirkleriň ýolbaşçylaryndan, esasy bilermenlerden we sirk sungatynyň ykrar edilen ýyldyzlaryndan ybarat bolan halkara eminler tarapyndan baha berildi.
“Galkynyş” topary ajaýyp ahalteke bedewleri bilen çykyş edip, at üstündäki dürli oýunlary, çylşyrymly hereketleri ussatlyk bilen ýerine ýetirip, tomaşaçylary täsin galdyrdy. Türkmen jigitleri bilermenleri we talapkär märekäni haýran galdyryp, ähli ugurlar boýunça iň oňat diýlip ykrar edildi hem-de eminleriň hoşallygyna mynasyp boldular.
Türkmen jigitleri bäsleşigiň baýraklaryny alyp, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen atçylygyny ösdürmek barada ýadawsyz alada edýändigi üçin çuňňur hoşallyk sözlerini aýtdylar hem-de şu üstünligi ýurdumyzyň ýetip gelýän baş baýramyna – ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlyk baýramyna bagyşlaýandyklaryny bellediler.
Türkmen döwletiniň Baştutanynyň başlangyjy boýunça döredilen wagtyndan bäri “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary dünýäde halkymyzyň baý mirasyny wagyz edýär, meşhur ahalteke bedewleri bolsa gymmatly baýlygymyz we buýsanjymyzdyr. “Galkynyş” topary türkmenistanlylaryň alkyşyna mynasyp bolup, daşary ýurtlardaky tomaşaçylaryň hem söýgüsini gazanýar. Olaryň Ukrainadaky, Belarusdaky, Hytaýdaky çykyşlary, şeýle hem 2013-nji ýylyň oktýabrynda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde geçirilen Bütindünýä sirk sungatynyň festiwalynda gazanan üstünligi-de muňa aýdyň mysal bolup biler. Ýeri gelende aýtsak, şonda jigitlerimiz bu abraýly bäsleşige ilkinji gezek gatnaşmak arkaly, esasy baýraga hem-de sirk sungaty boýunça bilermenleriň, metbugatyň we tomaşaçylaryň ýörite baýraklarynyň birnäçesine mynasyp boldular. Şol üstünlikli çykyşdan soňra türkmen artistleri meşhur halkara bäsleşiklerine gatnaşmaga çagyrylýarlar.
Jigitlerimiziň Italiýadaky ajaýyp çykyşy bilen uly üstünlige eýe bolmagy Türkmenistanyň atçylygyň we atçylyk sportunyň iri halkara merkezi hökmünde ykrar edilmeginiň ýolundaky möhüm ädimleriň ýene-de biridir. Munuň özi milli Liderimiziň baştutanlygynda ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly gadam urýan türkmen halkynyň gadymy däp-dessurlaryny täzeden dikeltmek boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýöredilýän maksadaokgunly syýasatyň anyk netijesidir.