Ï Türkmen türgenleriniň nobatdaky medaly
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen türgenleriniň nobatdaky medaly

view-icon 752
Inçhonda (Koreýa Respublikasy) geçirilýän XVII Aziýa paralimpiýa oýunlarynda türkmen türgenleri ýene-de bir medaly, ýagny bürünç medaly gazandylar. Bu gezek 73 kilograma çenli agram derejesinde pauerlifting boýunça hormat sekisiniň üçünji basgançagyna çykan Maýagözel Pekiýewa üstünlik gazandy.

Biziň watandaşymyz dartgynly göreşde ýaryşyň ýer eýesiniň toparynyň wekilinden üstün çykdy. M.Pekiýewanyň jemleýji netijesi 98 kilograma barabardyr.

Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpurda 2010-njy ýylda geçirilen öňki Aziýa paralimpiýa oýunlarynda ol kümüş medala mynasyp bolupdy. Türkmen türgeniniň bu üstünligi M.Pekiýewanyň yklymyň Aziýa böleginiň iň oňat pauerlifting ussatlarynyň biridiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Şu gün Aziadada pauerlifting boýunça ýaryşlarda biziň watandaşlarymyzyň ýene-de biri Baýramgeldi Saparow hem (88 kilograma çenli agram derejede) çykyş etdi. Ol 175 kilogram netije bilen 7-nji orny eýeledi.

Ozal habar berlişi ýaly, ýakynda türkmenistanlylar Walentina Simakowa (61 kilograma çenli) we Sergeý Meladze (72 kilograma çenli) ştangany itekläp galdyrmak boýunça ýaryşlarda iki kümüş medaly gazandylar. Mekan Agalikow bolsa 59 kilograma çenli derejede iň oňat türgenleriň altylygyna girdi.

XVII Aziýa paralimpiýa oýunlarynyň medallary ugrunda göreş dowam edýär. 23-nji oktýabrda biziň watandaşymyz Spartak Ramazanow Aziadanyň oýunlaryna çykar, ol ýene-de 107 kilograma çenli agram derejesinde pauerlifting boýunça ýaryşlarda çykyş eder.