Şu gün türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda çagyrylan Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XVII maslahaty geçirildi. Däp bolşy ýaly, ýurdumyzyň baş baýramyna – Garaşsyzlyk gününe gabatlanylyp geçirilen forumyň işine Türkmenistanyň ähli künjeklerinden wekiller, şeýle hem dünýäniň 18 döwletinde, şol sanda Owganystanda, Belarusda, Beýik Britaniýada, Germaniýada, Hindistanda, Eýranda, Gazagystanda, Hytaýda, Gyrgyzystanda, Birleşen Arap Emirliklerinde, Pakistanda, Russiýada, Saud Arabystanynda, Täjigistanda, Türkiýede, Özbegistanda, Ukrainada, Şweýsiýada kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleriniň 60-а golaýy gatnaşdy.
Dünýäniň türkmenleri bilen köptaraply gatnaşyklary giňeltmek özygtyýarly türkmen döwletiniň syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şol syýasat bolsa hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýar we ählumumy parahatçylyk, howpsuzlyk hem-de abadançylyk maksatlaryna laýyk gelýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurtlara bolýan saparlarynyň barşynda hemişe watandaşlarymyz bilen duşuşmak, olara goldaw bermek üçin mümkinçilik tapýar. Dünýä türkmenleriniň taryhyny öwrenmek ýurdumyzyň tarhyçy alymlarynyň işiniň möhüm ugurlarynyň biridir.

Häzirki döwürde dünýä türkmenleri Watanymyz bilen ysnyşykly aragatnaşyk saklap, onuň gazanýan üstünliklerine, barha artýan halkara abraýyna buýsanýarlar hem-de ata-babalarymyzyň topragynyň gülläp ösmegine saldamly goşant goşýarlar. Häzir dünýäniň 14 ýurdunda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň 27 bölümi hereket edýär. Birleşigiň düzümine toparlaýyn agzalaryň 300-den gowragy hem-de şahsy agzalaryň ýüzlerçesi, şol sanda daşary ýurtlardan 400-e golaýy girýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň daşary ýurtly watandaşlarymyz bilen işiniň many-mazmuny we ugurlary ep-esli giňeldi. Ylym we bilim, medeniýet we sungat, telekeçilik ýaly ulgamlarda gatnaşyklar işjeňleşdi. Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigi Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek işinde, garaşsyz hem bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik we oňyn syýasatyny, onuň täze taryhy eýýamda gazanýan uly üstünliklerini, halkymyzyň medeniýetini, däp-dessurlaryny bütin dünýäde wagyz etmekde hem-de onuň taryhyny we dilini öwrenmekde möhüm orun eýeleýär. Watandaşlarymyzyň jebisleşmegine, milletiň ruhy taýdan birleşmegine, türkmenleriň özboluşly däp-dessurlaryny aýawly saklamaga, milli medeniýeti wagyz etmäge ýardam etmek maksady bilen, daşary ýurtlarda dürli çäreler geçirilýär. Şu ýyl bu çäreleriň köpüsi beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygyna bagyşlandy. Mälim bolşy ýaly, türkmen nusgawy şahyrynyň hormatyna dabaralar dünýäniň ençeme döwletinde, şol sanda türkmenleriň kowçum bolup ýaşaýan ýerinde guraldy.

Mälim bolşy ýaly, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň maslahaty ýurdumyzda her ýyl geçirilýär we örän ähmiýetli çäre bolup durýar. Watanymyzdan alyslarda ýaşaýan türkmenler üçin bu hakyky ählitürkmen forumyna gatnaşmak uly hormat-sarpadyr. Olar beýik baýramçylygynyň öňüsyrasynda Türkmenistana gelip we bu şanly sene gabatlanylyp geçirilýän köpsanly dabarlara hem-de çärelere gatnaşyp, özleriniň taryhy Watanynda amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeleriň kuwwatyny we ruhuny duýmaga ajaýyp mümkinçilik alýarlar.
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XVII maslahaty başlanmazdan öň, oňa gatnaşyjylar Garaşsyzlyk binasyna gül desselerini goýdular. Soňra “Mekan” köşgüniň maslahatlar zalynda forumyň dabaraly açylyşy boldy, oňa hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, Türkmenistanyň daşary ýurtlary işleýän ilçileri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ylym we medeniýet işgärleri, şeýle hem Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň agzalary bolup durýan Ylymlar akademiýasynyň birnäçe institutlarynyň, ministrlikleriň we pudak edaralaryň, paýtagtymyzdaky ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesiniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Dabaraly foruma gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns we ruhubelentlik bilen diňlediler. Milli Liderimiz wekilleri mähirli mübärekläp, hemmeleri Garaşsyzlygymyzyň 23 ýyllygy we däp bolşy ýaly bu şanly baýramçylyga gabatlanyp geçirilýän maslahatyň işiniň başlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlady.
“Garaşsyzlyk ähli türkmenleriň ykbaly üçin aýratyn ähmiýete eýe bolan bagtdyr. Çünki, Türkmenistanyň Garaşsyzlygy dünýä türkmenlerini bir Watanyň we bir supranyň başynda jemledi. Ata Watan, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan her bir türkmeniň ýürek buýsanjyna öwrüldi” diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlagynda aýdylýar.

Döwlet Baştutanymyz foruma gatnaşyjylara ýüzlenip, türkmen halkynyň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň edebi we filosofiki mirasynyň ähmiýetini aýratyn nygtady. Şu ýyl Türkmenistanda, şeýle hem daşary ýurtlarda , şol sanda watandaşlarymyzyň ýaşaýan ýurtlarynda beýik şahyryň we akyldaryň doglan gününiň 290 ýyllygyna bagyşlanan çäreler halkara derejesinde geçirilýär. Şol çärelere daşary ýurtlarda ýaşaýan doganlarymyz hem işjeň gatnaşdylar. “Bu bolsa akyldar şahyrymyzyň jebisleşdiriji güýje eýe bolan döredijiliginiň her bir türkmeniň milli buýsanjy bolup durýandygyna şaýatlyk edýär” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.
Türkmen döwletiniň Baştutanynyň Gutlagy bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen garşylandy.
Maslahatyň barşynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň 2014-nji ýylda geçirýän işleri baradaky çykyş, şeýle hem onuň daşary ýurtlaryň birnäçesindäki bölümleriniň işi baradaky habarlar diňlenildi, milli Liderimiziň durmuşa geçirýän daşary we içeri syýasatynyň ynsanperwerlik ýörelgelerine laýyklykda dünýä türkmenleriniň medeni-gumanitar hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň gün tertibine guramaçylyk meseleleri hem girizildi, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Maslahatyň işiniň barşynda çykyş eden, daşary ýurtlarda kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri Türkmenistanyň Prezidenti, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa oňyn özgertmeler syýasatyny durmuşa geçirýändigi, parahatçylygy, rowaçlygy we ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen halkara başlangyçlary öňe sürýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Çykyş edenler ata-babalarymyzyň topragynda bolup geçýän ägirt uly özgertmelere ýürekden buýsanýandyklaryny, şeýle hem türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň durmuşyna işjeň gatnaşmaga çalyşýandyklaryny aýtdylar. Maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Owganystanyň doganlyk halkyna ynsanperwerlik kömeginiň berilmegini, Täjigistanyň Hatlon welaýatynyň Jylyköl etrabynda döwrebap mekdebiň gurluşygyny, türkmen alymlarynyň we medeniýet işgärleriniň gatnaşmagynda beýik türkmen şahyrynyň hormatyna daşary ýurtlarda medeni çäreleriň geçirilmegini Türkmenistanyň parahatçylyk we ynsanperwerlik syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýändiginiň mysaly hökmünde görkezdiler. Täjigistanda gurlan mekdep beýik Magtymguly Pyragynyň adyny göterer.
Maslahatyň barşynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň aýratyn tapawutlanan şahsy agzalaryna hem işjeňlerine hormat hatlaryny gowşurmak dabarasy boldy.
Maslahatyň işiniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler. Bu ýere ýygnananlar milli Liderimizi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 23 ýyllygy bilen gutlap, döwlet Baştutanymyza Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny artdyrmagyň we onuň halkara abraýyny ýokarlandyrmagyň, milletiň ruhy taýdan galkynmagynyň bähbidine alyp barýan ägirt uly işleri hem-de daşary ýurtlarda kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň işine uly üns berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa berk jan saglyk, uzak ömür, egsilmez güýç-gaýrat, ata Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde ägirt uly üstünlikleri arzuw etdiler.
Maslahatlar zalynyň öňündäki eýwanda sergi ýaýbaňlandyryldy, onda paýtagtymyzyň muzeýleriniň gymmatlyklary, şeýle hem Türkmenistanyň Çeperçilik akademiýasynyň mugallymlarynyň we okuwçylarynyň işleri görkezildi. Sergide türkmen halkynyň däp-dessurlarynyň taryhy, onuň özboluşly sungaty barada gürrüň berildi. Köşkde gadymy we baky juwan türkmen topragyny, zähmetsöýer hem-de zehinli türkmen halkyny wasp edýän milli aýdym-sazlar belentden ýaňlandy.
* * *
Ýakyn günlerde daşary ýurtly watandaşlarymyz Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 23 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk çärelerine gatnaşarlar, şeýle hem ýaşlar, paýtagtymyzyň jemgyýetçiligi bilen köpsanly duşuşyklar meýilleşdirildi. Myhmanlar sergilere, muzeýlere, täze senagat we durmuş-medeni maksatly desgalara baryp görerler, Aşgabadyň we onuň töweregindäki ajaýyp ýerler bilen tanşarlar.