Ï Türkmenistanyň Prezidenti Saglyk ýoluny geçdi hem-de atly gezim etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Saglyk ýoluny geçdi hem-de atly gezim etdi

view-icon 842
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak babatda ildeşlerimize, esasan-da, ýaşlara nusgalyk görelde bolýar. Ine bu gün hem milli Liderimiz özüniň asylly ýörelgesine eýerip, agtygy bilen Köpetdagyň gözel gerişleriniň birinde çekilen Saglyk ýoluna geldi.

Güýz gününiň çigregi bilen säheriň sergin howasy ynsan kalbyna ýaramly ýagdaýy emele getirýär. Şu günler dag-dereleriň goýnunda güýzüň agraslygy bilen utgaşýan dag howasynda ruhuňy göteriji gudrat bar. Bu ýerleriniň tebigy aýratynlygy, baýyrlaryň, dag etekleriniň bagy-bossanlyga bürenmegi altyn güýzde dem alýan türkmen topragyna mahsus aýratynlygy emele getirdi.

Agtygy bilen Saglyk ýoluna gadam goýan hormatly Prezidentimiz agtygyna köpçülikeýin bedenterbiýäniň we sportuň biziň jemgyýetimiziň ähli ulgamlarynyň aýrylmaz bölegine öwrülendigini, bu hereketiň ynsan saglygy üçin zerurlykdygyny gürrüň berdi.

Ýurdumyzda soňky ýyllarda gönüden-göni hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş ýörelgeleri giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar. Köpçülikleýin ýaýbaňlandyrylan çäreleriň barşynda paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli künjeklerinde köpçülikleýin bedenterbiýe we sport hereketlerine, dürli görnüşdäki ýaryşlara aýratyn orun berilýär.

Şeýlelikde, ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesiniň berkarar edilmegi umumy ruhy galkynyşy döretmek bilen, oňa sagdyn durmuş ýörelgesine ygrarly adamlaryň müňlerçesi işjeň gatnaşýar. Onda dürli sport çäreleriniň ýaýbaňlandyrylmagy bilen bir hatarda sport ulgamyna degişli döwrebap binalaryň, stadionlaryň, sport mekdepleriniň açylyş dabaralary giňden guralýar.


Mälim bolşy ýaly, sagdyn durmuş ýörelgesiniň işjeň tarapdary we ony wagyz ediji milli Liderimiz adam hem-de onuň saglygy, abadançylygy ugrundaky aladany döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi. Tutuş ilatymyza işjeň dynç alyş üçin giň mümkinçilikleriň döredilmegi babatda ýurdumyzda giň gerimler işler alnyp barylýar.

Saglyk ýoluna ýöriş mahalynda döwlet Baştutanymyz agtygyna watansöýüjilik, edep-terbiýe, maksada okgunlylyk hem-de zähmete bolan söýgi babatda dürli rowaýatlaryň üsti bilen manyly gürrüň berdi. Şeýle hem milli Liderimiz agtygyna türkmen tebigatynyň gözelligi, onuň aýratynlygy, güýz paslynyň türkmen tebigatyna eçilýän ajaýyplygy, tutuşlygyna sary reňky beslenýän güýzüň altyn diýlip atlandyrylmagy hem-de tebigatymyzy gorap saklamagyň, daşky gurşawy abadanlaşdyrmak işini alyp barmagyň aýratynlyklary barada giňişleýin gürrüň berdi.

Bu ýerden soňky ýyllarda, gönüden-göni milli Liderimiziň başlangyjy we ýadawsyz tagallasy boýunça sazlaşykly ösüş ýoluna düşen hem-de dünýäniň iň owadan şäherleriniň hatarynda öz onuny berkidýän ak mermerli Aşgabadyň ajaýyp keşbi açylýar. Mälim bolşy ýaly, paýtagtymyzda döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda adamlaryň oňaýly dynç alyşy we döwrebap ýaşaýşy üçin ähli zerur şertler döredilýär.

Hormatly Prezidentimiz agtygy bilen ýoluny dowam etdi. Giňdiwaryň belentliginden ak mermere beslenen Aşgabadyň we onuň töwerekleriniň ajaýyplygy görünýär. Çünki Saglyk ýoly dag gerişiniň iň gözel künjekleriniň birinde çekildi. Häzirki döwürde saglyk ýollary paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hereket edýär. Olar indi halkymyzyň, esasan-da, ýaşlaryň iň bir gelim-gidimli ýerlerine öwrüldi.

Ýurdumyzyň ähli künjekleiinde saglyk ýollarynyň çekilmegi köpçülikleýin bedenterbiýä we sporta bolan gyzyklanmalaryň ýokarlanmagyny şertlendirdi. Dnyç günlerinde we baýramçylyk mynasybetli Saglyk ýoluna çykýanlaryň sany has-da artýar. Bu bolsa milli Liderimiziň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylan sagdyn durmuş ýörelgeleriniň halkymyz tarapyndan goldanylýandygynyň we onuň tarapdarlarynyň sanynyň yzygiderli artýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Çünki biziň ýurdumyzda berk bedenli, sagdyn ruhly, kämil düşünjeli ýaşlaryň ýetişmegi ugrundaky aladalar döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi.

Ýolugra hormatly Prezidentimiz sagdyn durmuş ýörelgesiniň giňden ýaýbaňlandyrylmagynda, onuň netijeli häsiýete eýe bolmagynda Saglyk ýolunyň aýratyn ähmiýetiniň bardygyny gürrüň berdi.

Şeýlelik bilen ata bilen agtygyň güýz gününiň hoştap howasynda säheriň sergin çagynda Saglyk ýoluna guran ýörişi tamamlandy.

Beýik baýramçylygyň öňüsyrasynda milli Liderimiz öz agtygy bilen Köpetdagyň eteginde ýerleşýän Ahalteke atçylyk toplumynda at üstünde gezim etdi.

Ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýýan döwlet Baştutanymyzyň sportuň dürli görnüşleri, esasan-da, at münmek bilen meşgullanmagy adaty endige öwrüldi. Ine, bu gün hem “Türkmenistanyň at gazanan halypa çapyksuwary” hormatly Prezidentimiz “behişdi bedewleriň” hakyky hossary bolmak bilen bedewler bilen didarlaşdy.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynda Garahan atly bedew bilen gezim etdi. Hormatly Prezidentimiz bedewe atlanyp, meýdançada aýlandy. Gezimiň barşynda döwlet Baştutanymyz Garahany haýallyk bilen öz gorgunyna sürdi. Ýorgalap barýan bedewde ynsan gatnaşygyşyna bolan kanagatlanma duýgusyny görmek bolýar.

Döwlet Baştutanymyzyň atlara bolan mähirli garaýşyny synlanyňda, milli Liderimiziň bedewlere bolan söýgi-mertebesiniň belentdigine göz ýetirýärsiň. Hut şonuň üçin hormatly Prezidentimiziň başlangyjy blen ýurdumyzda atçylygy ösdürmek boýunça uly işleriň geçirilmegi netijesinde milli we dünýä medeniýetiniň gudraty hasaplanýan ahalteke bedewleriniň dünýä derejesindäki at-abraýy barha belende galýar. Ahalteke bedewiniň tebigy gözelligi we syratlylygy, eýesine wepalylygy, ösen aňy we täsin zehini şahyrlar we suratkeşler üçin asyrlarboýy ylham çeşmesi bolup hyzmat edýär.

Soňra döwlet Baştutanymyz agtygy bilen bilelikde atly gezim etdi. Şonda hormatly Prezidentimiziň agtygy Dosthan atly bedewe atlandy. Milli Liderimiz agtygyna at çapmagyň inçe tilsimleri, eýerde ykjam oturmalydygy, jylawyň tutuş usullary, şeýle hem at çapýanyň bedew bilen bir hörpden gopmalydygy, dem alşyň hem bedewiňki bilen sazlaşmalydygy bilen baglanyşykly birnäçe öwüt-ündewleri berdi.

At münmäge uly höwesi bolan agtygynyň hereketine syn etmek ata üçin örän buýsançly bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz agtygynyň bedewe erk edişini, onuň eýeriň üstünde ykjam oturyşyny synlap, agtygynyň erjelligine, yhlasyna guwandy. Bu duýgular ençeme asyrlaryň we müňýyllyklaryň dowamynda nesilleriň arabaglanyşygyny alamatlandyryp, bedewe bolan söýginiň we sarpanyň ýaşuly nesilden ýaş nesle geçip, olar üçin durmuş mekdebiniň möhüm sapaklarynyň birine öwrülýändigini aňladýar. Şu pursatlarda döwlet Baştutanymyz agtygyna bedew sarpasy, ahalteke atlarynyň dünýä ýüzündäki abraýy barada gürrüň berdi. Munuň özi gadymy döwürlerden bäri türkmen atşynaslarynyň, ussat seýisleriň hem-de atyň janköýerleriniň bitiren ägirt uly işleriniň aýdyň netijesidir diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Şu ýerde bir zady bellemek gerek, ol hem döwlet Baştutanymyzyň taýsyz- tagallasy bilen “behişdi bedew” halkymyzyň ileri tutýan milli ugurlarynyň düzüminde aýratyn orny eýeleýär. Häzirki wagtda Türkmenistanda atçylygyň milli medeniýetini täzeden dikeltmek we ösdürmek boýunça berjaý edilýän ähli işler özgertmelere gönükdirilen bitewi syýasatdan gelip çykýar, şunda türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň öwrenilmegine we aýawly saklanylmagyna uly ähmiýet berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkynyň gadymy milli mukaddeslikleriniň dikeldilmegine gönükdirilen syýasatynda ahalteke bedewleriniň, türkmen seýisleriniň we çapyksuwarlarynyň at-abraýynyň dikeldilmegine aýratyn ähmiýet berilýär, şol mukaddeslikleriň arasynda ahalteke bedewlerine hem aýratyn orun degişlidir. Şol at-abraý türkmen çapyksuwarlarynyň halkara bäsleşiklerinde we ýaryşlarynda ajaýyp üstünlikleri gazanmagynyň netijesinde barha artýar.

Gaýratlylygy, çydamlylygy, wepadarlygy hem-de namysjaňlygy bilen kalbyňy heýjana salyp, buýsanç duýgusyny döredýän nurana bedewlerimiz ynsan gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna goşulyp, dünýäniň tohum atlarynyň arasynda iň naýbaşylarynyň birine öwrüldi.

Şu pursatda hormatly Prezidentimiz Garahan atly bedewiniň jylawyny öz erkine goýberdi. Bu görnüşleri synlanyňda, ajaýyp ýeňişleriň belentliklerine tarap gadam urýan ýurdumyzyň okgunly ösüşiniň bedew badyna çalyşdaşdygyna göz ýetirýärsiň.

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ýokary depginler bilen gazanýan ösüşiniň bedew badyna meňzedilmegi ýöne ýerden däldir. Çünki eziz Watanymyzyň sazlaşykly ösüşi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň: “Öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” diýen watançylyk çagyryşyna joşgunly eýerýän türkmen halkynyň ruhubelentligini aýdyň beýan edýär.

Çapyp barýan bedewiň joşguny, onuň ýeňşe bolan ygrarlylygy hem-de dünýä ýüzünde şöhrat gazanan ahalteke atynyň gözelligi güýz gününiň hoştaw howasy bilen utgaşyp, ynsan kalbynda ýakymly täsirler galdyrýar. Tebigatyň ajaýyp neşgeşi, milli atşynaslaryň yhlasly zähmetiniň netijesi bolan ahalteke bedewlerinde üýtgeşik gudrat, ynsan kalbyny maýyl ediji güýç bar. Munuň özi zehinli seýislerimiziň yhlasyndan kemal tapan bedewlerimiziň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe kämillige ýetişen milli gymmatlykdygyny äşgär edýän ajaýp wakadyr.