Ï Lebabyň şirin owazly aýdymçysy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Lebabyň şirin owazly aýdymçysy

view-icon 799
Soňky ýyllarda Döwletmyrat Söýünowyň çykyşy Türkmenabadyň sahnalarynda geçirilýän uly konsert programmalarynyň özeni bolup durýar. Onuň haýran galdyryjy owazy hemmeleriň ünsüni özüne çekýär, hat-da fotohabarçylar hem ol aýdym aýdanda onuň aýdýan aýdymlaryndan lezzet almak üçin surat alýan enjamlaryny gapdalda goýýarlar. Ýöne bu zehinli aýdymçynyň ussatlyga barýan ýolunyň uzak bolandygyny hem-de onuň ýoluna gülleriň düşelmändigini onuň aýdymynyň janköýerleriniň bilýänleri az bolsa gerek.

Ol Lebap welaýatynyň Beýik Türkmenbaşy adyndaky etrabyň Dostluk şährçesinde dünýä inýär. Onuň atasy Söýün saz gurallaryny ýasaýan meşhur ussa bolupdyr. Onuň bir çärýek asyr mundan öň beren dutaryny onuň agtygy aýawly saklaýar. Onda saz çalmagyň ilkinji usullryny ol öz kakasyndan öwrendi. Onuň kakasy ussat sazanda bolmasa-da, özüniň boş wagtlaryny saz çalmak bilen geçirerdi.


Elbetde, Dosmämmet Söýünow ýaşlyk ýyllaryndan saz çalyp, aýdym aýtdy, ýöne artistlik barada çynlakaý oýlanmandy. Mekdebi tamamlandan soňra çopanyň kömekçisi bolup işledi, onuň bilen howanyň aýazlygyna ýa-da epgek yssylygyna garaman mallry örä bakmaga çykardy. Ol bu ýerde zähmetiň we jagapkärçiligiň nämedigine gowy düşündi. Soňra ol goşun hatarynda gulluk edip, özüni gowy taplady. Ol öz ýaşaýan şäherçesine gaýdyp gelip, jaý gurdy. Şeýle-de bolsa onuň zehini ony öz erkine goýmady. 2012-nji ýyl onuň durmuşynda ýatdan çykmajak ýyllaryň biri boldy. Hat-da başlangyç saz bilimi hem bolmadyk oba oglany ilki bilen etrap we welaýat bäsleşiklerinde ýeňiji bolýar. Soňra bolsa, ýaş höwesjeň aýdymçylaryň “Ýaňlan, Diýarym” döwlet bäsleşiginde ýeňiji bolmagy başarýar. Ol 23 ýaşynda Lebap welaýat ýörüteleşdirilen sungat mekdebine kabul edilýär. Wokal bölüminiň müdiri Täzegül Joraýewa öz okuwçysy barada şeýle gürrüň berýär:

- Dosmämmediň tebigat tarapyndan zehinliligi gürrüňsizdir, soňky on ýylyň dowamynda Lebabyň iň gowy aýdymçysy hökmünde tanalýar. Ýöne onuň zähmetsöýerligi we erjelligi onuň zehinini açyp görkezdi, ol bu häsiýetleri bilen sapaklarda hem tapawutlanardy. Ol meniň ýanyma gelende salykatsyz däl-de, onuň tersine, öz öňnde belli bir maksat goýan, agras ýaş oglan bolup geldi. Ondan bir ýyl ýokary okuw ýylynda okaýan we bildirilen ynamy ödäp biljek okuwçylaryň ikisi – Atajan Berdiýew we Şöhrat Öwlýagulyýew bardy. Şonda dünýä belli tenorlar: Luçano Pawarotti, Plasido Domingo we Hose Karrerasa dagynyň mysalynda üçlügi döretmek barada pikir emele geldi. Şele pikiri amala aşyrmak üçin örän oýlanyşykly esasyň gerekdigi öz-özünden düşnüklidir. Bu bolsa bizde bardy. Meniň okuwçylaryma paýtagtda uly konsertlerde çykyş etmek ynanyldy. Bu çykyşlary meşhur opera aýdymçysy, Türkmenistanyň Halk artisti Atageldi Garýagdyýew hem goldady.

Dosmämmet Söýünow okuw ýyllarynda bolşy ýaly, häzir hem şol öňki sadalygyny we töweregindäkilere hormat goýmagyny saklap gelýär. Ýakynda ol kompozitor Jemal Reimowanyň awtorlyk agşamyna gatnaşmaga çakylyk aldy. Ol bu agşamda Jemal Reimowanyň romanslaryna has içgin aralaşmak bilen, bu konsertiň dabarasyny artdyrmagy başardy.

Dosmämmet Söýünow diplom alandan soňra Türkmenabadyň şäher Medeniýet merkeziniň çeper ýolbaşçysy we aýdymçysy bolup işledi. Ol ussat hökmünde zehinini taplamagy dowam etdirýär. Onuň repertuary örän baýdyr: türkmen halk aýdymlaryndan başlap, italýan dilinde ýerine ýetirilýän Werdiniň “Rigoletto” operasyndan Gersogyň ariýasyna çenli bardyr. Aýdymçy Nury Halmämmedowyň, Aman Agajykowyň we öz ildeşi Batyr Sultanowyň sazlaryna aýdymlary ýerine ýetirýär.

Şu ýyllaryň dowamynda Dosmämmet Söýünow köp zatlary gazanmagy başardy. Ol “Türkmenistanyň at gazanan artisti” diýen derejä mynasyp boldy, Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi boldy, şu ýylyň bahar paslynda Aşgabatda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygy mynasibetli 32 aýdymçynyň arasynda geçirilen aýdym-saz bäsleşiginde ýeňiji boldy. Onuň ýazgylary diňe bir Türkmen telewideniýesinde bolman, eýsem, ol üç ýyl mundan ozal Türkiýäniň Antaliýa şypahanasynda Gara deňziň kenarynda konsert bilen üstünlikli çykyş etmegi başardy.