Ï Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň mejlisi

view-icon 953
Şu gün Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň nobatdaky mejlisi öňde boljak welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlaryny geçirmäge taýýarlyk görmek meselelerine bagyşlandy. Oňa Merkezi saýlaw toparynyň agzalary, Merkezi saýlaw toparynyň ýanynda döredilen iş toparlarynyň wekilleri, milli synçylar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, ýakynda Türkmenistanda 23-nji noýabrda geçiriljek halk maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleri hasaba almak bilen baglanyşykly ýaýbaňlandyrylan saýlaw işiniň möhüm tapgyry tamamlandy. Türkmen jemgyýetiniň durmuşynda gadymy demokratik däpleriniň has-da pugtalandyrylmagynda möhüm şert hökmünde giň bäsdeşik bu esasy syýasy-jemgyýetçilik çäräniň wajyp ýörelgesine öwrüldi.

Şunuň bilen baglylykda, mejlisiň barşynda welaýat we Aşgabat şäher saýlaw toparlarynyň ýolbaşçylarynyň alyp barýan işleri baradaky habarlary diňlenildi. Habar berlişi ýaly, welaýat halk maslahatlarynyň agzalygyna 240 orna hem-de etrap we şäher halk maslahatlarynyň agzalygyna 1480 orna ýurt boýunça degişlilikde 512 we 3012 dalaşgär hödürlendi.

Häzirki wagtda saýlawlary taýýarlamak we geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, ýerlerde wagyz ediş işleri geçirilýär. Onuň barşynda deň hukuklarda we şertlerde dalaşgärler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen döwletiniň abraýyny, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň gazananlaryny pugtalandyrmaga we artdyrmaga gönükdirilen döwlet maksatnamalaryny hemmetaraplaýyn durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly tekliplerini hödürleýärler. Munuň özi halk maslahatynyň täze agzalaryna ýurdumyzy mundan beýläk-de üstünlikli ösdürmek maksady bilen döwlet Baştutanymyzyň öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek boýunça möhüm işleriň garaşýandygyny aňladýar.

Welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň düzümine dalaşgärleriň arasynda bilim, ylym hem-de medeniýet, saglygy goraýyş we durmuş üpjünçiligi ulgamlarynyň wekilleri, halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň – senagat, gurluşyk, ulag we aragatnaşyk pudaklarynyň işgärleri, oba hojalygynyň zähmetkeşleri hem-de beýlekiler bar. Olaryň köpüsi jemgyýetçilik birleşiklerine, syýasy partiýalara, kärdeşler arkalaşyklary, ýaşlar we zenanlar guramalaryna, raýatlar toparlaryna wekilçilik edýärler. Şunda halkyň durmuşynyň möhüm meseleleriniň çözülmegine raýat jemgyýetiniň hemme edaralarynyň iş ýüzünde gatnaşmagy üpjün edilýär. Hemme dalaşgärlere saýlawçylar bilen duşuşmak, saýlawyň öňýanyndaky ýygnaklarda, maslahatlarda we mejlislerde, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş etmek üçin deň mümkinçilikler döredilýär.

Ozal habar berlişi ýaly, mundan beýläk ygtyýarlyk möhleti bäş ýyl bolan saýlaw uçastoklarynyň düzümleriniň döredilmegi tamamlandy.

Umuman, welaýat halk maslahatlaryna saýlawlar boýunça saýlaw okruglarynyň 240-sy hem-de etrap we şäher halk maslahatlaryna saýlawlar boýunça saýlaw okruglarynyň 1480-si boýunça saýlaw uçastoklarynyň 2485-si, şol sanda Ahal welaýatynda 345-si, Balkan welaýatynda 273-si, Daşoguz welaýatynda 504-si, Lebap welaýatynda 551-si, Mary welaýatynda 546-sy, Aşgabat şäherinde 266-sy döredildi.

Ozal Merkezi saýlaw toparynyň hünärmenleri ýerlerde welaýat, etrap we şäher saýlaw toparlarynyň wekilleri üçin okuw maslahatlaryny geçirdiler. Şol okuw maslahatlary oňa gatnaşyjylara Türkmenistanyň täze Saýlaw kodeksi, özleriniň wezipe borçlary we öňde boljak saýlawlary geçirmegiň düzgünleri bilen has doly tanyşmaga mümikinçilik berdi.

Mundan başga-da, okuw maslahatlarynyň barşynda halk maslahatyna agzalyga dalaşgärleri hödürlemek, olary hasaba almak bilen baglanyşykly anyk meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Saýlaw toparlarynyň agzalaryna hereket edýän kanunçylygyň üýtgeşmelerine we goşmaçalaryna pugta laýyklykda saýlawçylaryň sanawyny düzmek işine nähili çemeleşilmelidigi, ses bermäge hukugy bolan her bir raýatyň saýlaw gününde özüniň jemgyýeti we döwleti dolandyrmak işine gatnaşmaga konstitusion hukugyny berjaý edip bilmegi üçin düşündiriş işleriniň nähili guralmalydygy jikme-jik düşündirildi.

Häzirki wagtda saýlaw uçastoklarynyň ählisi degişli tehnikalar, saýlawlar boýunça maglumat gollanma serişdeleri, zerur neşir önümleri, täze Saýlaw kodeksi çap edilen gollanma, kadalaşdyryjy resminamalar hem-de jemgyýetçilik-syýasy çäre barada wajyp maglumatlary berýän beýleki serişdeler bilen üpjün edildi.

Şeýle hem mejlisde Merkezi saýlaw toparynyň ýanyndaky milli synçylar bilen işlemek baradaky iş toparynyň düzümine Agrar partiýasynyň wekillerini girizmek barada çözgüt kabul edildi. Bu partiýanyň döredilmegi giň demokratik özgertmeleri geçirmek ýolunda ýene-de bir möhüm ädim boldy. Köp partiýaly jemgyýetçilik-syýasy ulgamynyň yzygiderli kemala getirilmegi şol özgertmeleriň möhüm ugurlarynyň biridir.

Halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlarynda ýurdumyz boýunça şu güne çenli 2826 milli synçy bellige alyndy, şolardan 664-si Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, 291-si Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, 60-sy Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň, 682-si Kärdeşler arkalaşyklarynyň, 385-si Zenanlar birleşiginiň, 557-si Magtymguly adyndaky Ýaşlar birleşiginiň guramalary, şeýle hem 187-si dalaşgärler tarapyndan hödürlenen milli synçylardyr.

Merkezi saýlaw toparynyň mejlisiniň barşynda beýleki guramaçylyk meselelerine hem garalyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.