Türkmenistanyň güýzki edarara bäsleşiginde baýraklaryň 24-si oýnaldy. Bu bäsleşik Mary welaýatynyň sport toplumynyň binýadynda ýurduň pudaklaýyn ministrlikleriniň arasynda sportuň sekiz görnüşi boýunça geçirildi. Pudaklaýyn ministrlikleriň ýolbaşçylary Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti bilen bilelikde Mary welaýatynyň sport komitetiniň we welaýat häkimliginiň ýardam bermeginde geçirildi.
Bäsleşikleri geçirmäge welaýatyň orta hünär okuw mekdepleri hem öz mynasyp goşantlaryny goşdular diýip, oýunlaryň baş utgaşdyryjysy Baýrammuhammet Babaýew gürrüň berýär. Hususanda, ýakynda açylan marynyň jemagat hojalygynyň orta hünär okuw mekdebiniň müdürligi türgenlere diňe bir guramaçylyk goldawyny bermän, eýsem sport bäsleşikleriniň gidişini utgaşdyrmaga hem ýardam berdi. Marynyň nebitgaz orta hünär okuw mekdebi barada hem birnäçe sözleri aýdasym gelýär. Bu mekdebiň baý sport desgalary bolup, olar bäsleşikleriň köpüsiniň geçrilýän ýerine öwrüldi. Şeýle hem bäsleşikler Mary şäherinde, Wekilbazar, Mary we Sakarçäge etraplarynyň sport toplumlarynda geçirildi. Bäsleşiklere gatnaşyjylar bolsa öz garşydaşlaryna sport ussatlykklaryny görkezmäge çalşyp, tomaşaçylaryň söýgüsini gazanmaga çalyşdylar.
Halkyň arasynda milli sportuň iň söügülileriniň biri hem güýjüňi artdyrýan, ýeňilligiňi we çalasynlygyňy ösdürýän guşakly göreş boýunça geçirilen ýaryşa pudaklaryň üçüsiniň – senagat, gurluşyk we jemagat hojalygynyň wekilleri baýrakly orunlar üçin bäsleşdiler. Hususan-da ýaňy sanap geçen tertibimizde, beýleki gatnaşyjylardan üstün çykyp, baýrakly orunlary eýelemegi başardylar. Şeýle hem olar stoluň üstünde oýnalýan tennis, ýeňil atletika, basketbol oýunlary boýunça hem tapawutlandylar. Şonuň üçin hem, Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň türgenlerine birinji orun (76 utuk), ikinji orny Türkmenistanyň Gurluşyk minstrliginiň türgenleri (71 utuk) eýelediler, Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrliginiň wekilleri üçünji orny (67 utuk) eýelediler.
Ýaryşlar tamamlanandan soňra Mary şäheriniň nebitgaz orta hünär mekdebiniň sport zalynda ýeňijileri we baýrakly orunlary eýelänleri hormatlamak dabarasy geçirildi. Olara guramaçylaryň adyndan kuboklar, hormat hatlary, gymmat bahaly ýadigärlik sowgatlary gowşuryldy.