Ï Tatarystan Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri dowam edýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Tatarystan Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri dowam edýär

view-icon 654
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň paýtagtynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri üstünlikli dowam edýär. Şu gün bu döredijilik forumyň çäklerinde Türkmenistanyň muzeýleriniň gaznalaryndan bolan amaly-haşam we şekillendiriş sungatynyň eserleriniň sergisiniň açylyş dabarasy, şeýle hem döredijilik we ylmy işgärleriň duşuşyklary boldy.

Kazanlylaryň Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň çäklerinde geçirilýän ähli çärelere uly gyzyklanma bildirmegi döredijilik çäräniň üstünlige eýe bolýandygyna şaýatlyk edýär. Türkmen artistleri, şeýle hem medeniýet işgärleri ýerli TNW (“Tatarystan – täze asyr”) teleýaýlymyna çagyrylýar. Şonda olar medeniýet ulgamynda ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri, öz döredijiligi hakynda gürrüň berýärler.

Türkmen sungaty bilen duşuşyga hünärmenler, şeýle hem onuň köpsanly muşdaklary, giň jemgyýetçiligiň wekilleri, häzir Tatarystanda ýaşaýan ildeşlerimiz, Kazanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplar gelýärler. Ine, Türkmenistanyň amaly haşam we şekillendiriş sungaty sergisiniň açylan güni hem şeýle boldy.

Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanyň muzeý sergisi üçin “Hazine” Milli çeperçilik galereýasynyň sergi zallarynyň biri seçilip alyndy. Bu galereýa Tatarystanyň döwlet şekillendiriş sungaty muzeýiniň şahamçasy we XX asyryň tatar şekillendiriş sungatynyň iri gaznasy bolup durýar. Ol UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen taryhy-binagärlik ýadygärliginiň – Kazan Kremliniň çäginde ýerleşýär. Türkmen sergisiniň açylyş dabarasynda bellenilişi ýaly, onuň geçirilmegi iki dostlukly halklaryň medeni gatnaşyklarynyň giňelmeginiň aýdyň nyşany bolup durýar.

Serginiň açylyş dabarasynda Tatarystan Respublikasynyň medeniýet ministriniň orunbasary Irada Aýupowa çykyş edip, Türkmenistanyň medeniýet we sungat işgärlerini mähirli mübärekläp, gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan Türkmenistanyň baý, taryhy-medeni mirasyny giňden wagyz etmekde, diňe dilleriniň meňzeşligi bilen däl-de, eýsem, ruhy gymmatlyklaryň umumylygy bilen birleşen doganlyk tatar we türkmen halklarynyň medeniýetleriniň özara baýlaşmagynda şu günki wakanyň ähmiýetini belledi. “Hazine” tatar dilinden terjime edeniňde “hazyna” diýmegi aňladyp, nesilden-nesle geçip gelýän özboluşly medeniýetimiz halkymyz üçin şeýle genji-hazyna bolup durýar diýip, Tatarystanyň medeniýet ministriniň orunbasary belledi.

Tatarystanda guralan sergide ýurdumyzyň iri muzeýleriniň üçüsi – Baş milli muzeýi, Şekillendiriş sungaty muzeýi we “Gökdepe” milli muzeýi öz gymmatlyklaryny görkezdiler. Sergi bilen tanyşmagyň barşynda bu ýere gelenler gadymy milli lybaslary, durmuşda ulanylan närseleri, amaly-haşam sungatynyň özboluşly nusgalaryny synladylar. Olar dünýä siwilizasiýasynyň ösmegine ägirt uly goşant goşan türkmen halkynyň maddy we ruhy medeniýetiniň aýrylmaz we ähmiýetli bölegi bolup durýar.

Türkmen zergärleriniň ajaýyp işleri, gadymy haly önümleri, el işleri bu ýere gelenlerde uly gyzyklanma döretdi. Häzirki zaman suratkeşleriniň şekillendiriş sungatynyň dürli ugurlarynda we görnüşlerinde döreden işleri ene topragymyzyň aýratyn gözelligi we sahylygy, onuň gahrymançylykly taryhy we özboluşly medeniýeti hakynda gürrüň berýär. Serginiň gymmatlyklarynyň her biri göýä öçmez-ýitmez we baky gymmatlyklar hakynda söhbetdeşlige çagyrýan ýalydy.

Türkmen sazandalarynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan milli aýdym-sazlarymyz hem şol duýguny goldady.

Serginiň açylyş dabarasy tamamlanandan soň Türkmenistanyň döredijilik wekiliýeti “Hazine” galereýasynyň hemişelik gymmatlyklary bilen tanyşdylar. Bu ýerde suratlary ýerleşdirilen Baki Urmançeniň, Nikolaý Feşiliň, Haris Ýakubowyň we beýleki suratkeşleriň täsin eserlerinde XX asyrda Tatarystanyň sungatynyň kemala gelmeginiň ähli döwürleri şekillendirilipdir. Grafika, žiwopis, amaly-haşam sungatynyň we heýkeltaraşlygyň eserleri respublikanyň medeni we taryhy ösüşiniň aýratynlyklaryny şöhlelendirýär.

Günüň ikinji ýarymynda türkmen döredijilik we ylmy işgärleri Milli kitaphanada – Tatarystan Respublikasynyň baş kitap gaznasynda tatar kärdeşleri bilen duşuşdylar. Bu kitaphana ýurduň iri ylmy we medeni merkezleriniň biridir. Duşuşyga Tatarystanyň alym-türkşynaslary, terjimeçileri, halk şahyrlary we ýazyjylary, kompozitorlary we sazandalary, teatr artistleri, muzeý işgärleri çagyryldy. Duşuşygyň barşynda iki halkyň medeni mirasyny, edebiýatyň nusgawy eserleriniň terjimelerini öwrenmek we wagyz etmek, bilelikdäki çäreleri, şol sanda muzeý we kitaphana işi, maglumatlary alyşmak ýaly ugurlarda özara gatnaşyklary giňeltmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Tatarystan Respublikasynyň medeniýet ulgamynyň wekilleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy we ýolbaşçylygy bilen ýurdumyzyň milli medeniýet ulgamynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler, bu ulgamda gazanylan üstünlikler bilen tanyşdylar.

Duşuşygyň dowamynda ylym-bilim we medeni ulgamlarynda türkmen-tatar özara gatnaşyklarynyň mümkinçilikleri we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şahyrlaryň çykyşlarynda türkmen we tatar dillerinde awtorlaryň eserleri, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň goşgulary ýaňlandy. Beýik şahyryň doglan gününiň 290 ýyllygy ýurdumyzda we daşary döwletlerde, şol sanda RF-niň Tatarystan Respublikasynda giňden bellenilýär. Duşuşykda tatarlar beýik şahyryň goşgularyny gadym döwürlerden bäri bilýändigi we olary terjime etmezden okaýandygy bellenildi. Tatarystanyň halk artisti Rostem Malikowyň çykyşy kärdeşleriň söhbedine mähirli goşandyny goşdy. Onuň ýerine ýetirmeginde gadymy tatar aýdymlary ýaňlandy. Bu ýerde şeýle hem uly bolmadyk kitap sergisi guralyp, onda Türkmenistanyň taryhyna we häzirki ösüşine bagyşlanan dürli ýyllaryň neşirleri görkezildi.

Türkmen wekiliýeti üçin XX asyryň başyna degişli kitaphana bilen tanyşlyk guraldy. Tatarystanyň milli kitaphanasynyň işgärleri geljek ýyl özüniň 150 ýyllygyny bellejek kitap gaznasynyň taryhy we häzirki işleri hakynda gürrüň berdiler. Bu medeni ojakda neşirleriň 3,5 milliondan gowragy, şol sanda tatar dilindäki neşirleriň 100 müňden gowragy saklanýar. Tatarystanyň milli kitaphanasy medeni, bibliografik we usulyýet merkezi bolmak bilen, onuň tatar kitaplaryny we respublika hakynda edebiýatlary toplamak, aýawly saklamak we ýaýratmak wezipelerini ýerine ýetirýän ýeke-täk köpçülikleýin dünýä kitaphanasy bar.

Medeniýet ulgamynda hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek meseleleri Türkmenistanyň wekiliýetiniň Tatarystanyň Medeniýet ministrliginiň ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşygynyň barşynda hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň we Tatarystanyň halklarynyň biri-biriniň medeni durmuşyna uly gyzyklanma bildirýändigini, ylym-bilim we medeni ulgamlarda üstünlikli ösýän gatnaşyklary dowam etmäge uly isleg bildirýändigini bellediler.

Şu gün Türkmenistanyň wekiliýeti Tatarystan Respublikasynyň Milli muzeýine hem baryp gördi. Bu muzeý ýüz ýyl mundan öň döredilip, Tatarystanyň iri ylmy-barlag we medeni-bilim edarasy bolup durýar.

Muzeýiň esasyny ülkede belli arheolog, taryhçy, kolleksioner Andreý Lihaçýowyň (1832-90 ý.ý.) 40 müňlük şahsy ýygyndysy, şeýle hem 1890-njy ýylyň ylmy-senagat sergisiniň gymmatlyklary düzýär. Muzeýiň häzirki gaznalarynda neşirleriň 805400 birligi saklanyp, olaryň 580085-si esasy gaznanyň zatlary bolup durýar. Olar tutuş ülkäniň mowzugyny gurşap alyp, Powolžýäniň we Ural ýakasynyň halklarynyň taryhyny öwrenmek üçin gymmatlyk bolup durýar.

Ertir Kazanyň ýaşaýjylary we myhmanlary Türkmenistanyň muzeý gymmatlyklarynyň sergisi bilen tanyşmagyny dowam edip bilerler, şeýle hem Tatarystan Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasyna hem-de Türkmenistanyň we Tatarystanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň bilelikdäki jemleýji konsertine gatnaşyp bilerler.