Ï Kino dostlary duşurýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Kino dostlary duşurýar

view-icon 874
Paýtagtyň “Aşgabat” kinoteatrynda “Mosfilm” kinostudiýasynyň döredilmeginiň 90 ýyllygyna bagyşlanyp, “Mosfilimiň” Türkmenistandaky günleri” atly medeni çärä badalga berildi.

Bu eýýäm russiýaly kinematografiýaçylaryň Türkmenistana bolan dostlukly saparlarynyň ikinjisidir. Bu sapar kino baýramçylygyny açmak Russiýanyň halk artisti Wladimir Ilýine we Russiýanyyň at gazanan hudožnigi Aleksandr Popowa berildi. RF Türkmenistandaky Ilçihanasy we Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bu çäräni başýjylary we guramaçylary bolup çykyş etdiler.


Türkmen tomaşaçylary üç günüň dowamynda paýtagtyň “Türkmenistan” we “Aşgabat” kinoteatrlarynda bu kinostudiýanyň önümleri bolan “Andreý Rublýow”, “Çölüň ak güneşi”, “Hoş geldiňiz, ýa-da Kesekilere girmek gadagan”, “Gyzlar”, “Gusar balladasy”, “Söýgüň görnüşi”, “Moskwa gözýaşlara ynanmaýar” ýaly we beýleki filmlere tomaşa edip bilerler.