Şu gün Türkmenistanyň sport baradaky döwlet komitetiniň maslahatlar zalynda Aşgabatda 18-23-nji noýabrda geçiriljek guşakly göreş boýunça XII dünýä çempionatynyň iş toparynyň maslahaty geçirildi.
Maslahatyň işine Sport baradaky döwlet komitetiniň, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň, Türkmenistanyň göreşiň guşakly görnüşleri boýunça federasiýasynyň, Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň, Içeri işler, Saglygy goraýyş, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar, Bilim ministrliginiň wekilleri, şeýle hem sport tälimçileri gatnaşdylar. Oňa gatnaşyjylar ençeme meseleleri, şol sanda örän gyzykly we baý mazmunly boljak medeni maksatnamanyň guralmagy ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Mälim bolşy ýaly, dünýäniň birinjiligi ugrundaky ýaryşy geçirmek başlangyjy sagdyn durmuş ýörelgesiniň işjeň tarapdary we wagyzçysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidir. Bu öz wagtynda kabul edilen zerur çözgütdir, çünki guşakly göreş türkmenistanlylar üçin sportuň diňe bir milli görnüşi bolman, eýsem, ýüzlerçe ýyllaryň dowamynda nesilden-nesle geçirilip gelinýän we hormat goýulýan aýratyn däp hem bolup durýar.
Mundan başga-da, guşakly göreş ýyl-ýyldan halkara sport giňişliginde barha meşhurlyga eýe bolýar: sportuň bu görnüşi boýunça milli federasiýalar Türkmenistanyň çäklerinden daşarda, hatda Afrika yklymynyň käbir ýurtlarynda hem açyldy.
Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň hem-de göreşiň guşakly görnüşleri milli federasiýasynyň wekilleri dünýä çempionatyna öňünden taýýarlanyp başladylar. Şu ýylyň tomsunda türkmen paýtagtynda sportuň bu görnüşiniň Russiýadan, Gazagystandan we Gyrgyzystandan öňdebaryjy hünärmenleriniň gatnaşmagynda guşakly göreş boýunça eminleriň maslahaty geçirildi.
Aşgabada Guşakly göreş sportunyň halkara federasiýasynyň prezidenti R.Mahmudow, bu sport guramasynyň baş sekretary W.Gaýnullin, şeýle hem halkara derejeli birnäçe eminler geldiler. Myhmanlar nazaryýetde we tejribede okuw maslahatyna gatnaşyjylary /tälimçileri we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda esasy türgenleri/ sportuň bu görnüşiniň Halkara federasiýasy tarapyndan tassyklanan düzgünler hem-de dünýä derejesindäki iri ýaryşlarda eminler toparynyň işleri bilen tanyşdyrdylar.
Daşary ýurtly sport hünärmenlerinde Aziýa we dünýä çempionatlary, şeýle hem toplumlaýyn halkara oýunlary ýaly ýaryşlary guramakda baý tejribeleriniň bardygyny aýtmak zerurdyr. Kazanda /Russiýa/ geçirilen 2013-nji ýylyň Bütindünýä uniwersiadasynda türkmenistanlylar guşakly göreş boýunça ýaryşlarda köpsanly baýraklara eýe boldular.
Biziň hünärmenlerimiz alan bilimlerini okuw maslahaty tamamlanan badyna paýtagtymyzyň “Galkynyş” sport toplumynyň binýadynda geçirilen guşakly göreş boýunça Türkmenistanyň açyk ýaryşynda ulandylar.
Milli çempionatdan soň, eminler toparynyň hereketleri seljerildi. Özlerini has tapawutly görkezen eminler guşakly göreş boýunça Halkara federasiýasyndan degişli eminlik derejesini tassyklaýan şahadatnamany aldylar.
Ýaryşlaryň netijeleri Türkmenistanyň sport hünärmenleriniň diňe bir zerur derejedäki taýýarlygyny däl, eýsem, ýurdumyzda has ýokary derejedäki ýaryşlary kabul etmäge eýýäm taýýardygyny nobatdaky gezek görkezdi.
Öňde boljak guşakly göreş boýunça dünýä çempionatynyň geçirilmeginiň gerimi barada aýdylanda, oňa 30-a golaý ýurtdan 300-den gowrak türgenleriň gatnaşjakdygyny bellemek gerek. Ýaryşlaryň barşynda dört görnüşde—türkmen milli göreşi, erkin we nusgawy görnüşler hem-de aýallaryň arasyndaky göreşde medallaryň 27 toplumy ugrunda güýç synanyşylar.
Özi-de türkmen göreşi boýunça dünýä çempionatynyň ilkinji gezek geçiriljekdigini aýratyn belläp geçeliň. Öňde boljak ýaryşlaryň has netijeli we şüweleňli bolmagy üçin göreşiň düzgünlerine käbir üýtgetmeler girizildi. Indi şol düzgünler umumy kabul edilen halkara sport kadalaryna laýyk gelýär.
Biziň pälwanlarymyzyň bu jogapkärli ýaryşa doly taýýardygyny ynamly aýtsa bolar. Muňa dünýä derejesindäki iri ýaryşlarda türkmen türgenleriniň gazanýan üstünlikleri hem şaýatlyk edýär. Ýakynda Türkiýäniň Stambul şäherinde geçirilen söweş sungatlarynyň Bütindünýä oýunlarynda guşakly göreş boýunça ýaryşlarda türkmenistanlylar altyn medallaryň 11-sini we kümüş medalyň birini eýelediler. Bu bolsa ýaryşa gatnaşan toparlaryň ählisiniň içinde iň oňat görkeziji boldy.
Biziň türgenlerimiziň üstünlikleriniň statistika degişli ösüşini hem bellemek gerek. Ine, geçen ýyl guşakly göreş boýunça türkmen ussatlary halkara ýaryşlarynda ähli görnüşli medallaryň 54-sini gazandylar. Şu ýylyň 10 aýynyň içinde biziň pälwanlarymyz Türkmenistanyň sportda gazananlarynyň üstüne eýýäm 40-dan gowrak baýraklary goşdular. Olaryň sany Aşgabatda guşakly göreş boýunça dünýä çempionaty geçirilenden soň hökman artar.
Hünärmenleriň sözlerine görä, Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň düzüminde halkara derejeli sport ussady diýen ada eýe bolan örän başarjaň pälwanlar bar. Olar dünýä derejesindäki ýaryşlarda ençeme gezek ýeňiji we baýrak eýeleri boldular. Olaryň arasynda özlerinden diňe “altyn” üstünlige garaşylýanlar bar. Şol türgenleriň hatarynda Agamyrat Orazsähedowyň, Döwran Ýaýlymowyň, Gylyç Jumaýewiň, Seýdi Batyrowyň, Tirkeşgeldi Aýazowyň, Gülbadam Babamuratowanyň, Gülnar Haýtbaýewanyň, Zuhra Madraimowanyň, Şirin Kubaýewanyň we beýlekileriň atlaryny agzap bolar.
Şeýlelikde, dünýä ýaryşynyň başlanmagyna çenli az wagt galdy. Türkmen sport söýüjileri bu waka sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar.