Şu gün Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň paýtagtynda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň ýapylyşy boldy. Türkmen we tatar sungat ussatlarynyň G.Tukaý adyndaky Tatar döwlet filarmoniýasynyň uly sahnasynda bolan bilelikdäki konserti dostluk baýramçylygynyň aýdym-sazly jemlemesine öwrüldi.
Ozal habar berlişi ýaly, döredijilik forumynyň ähli çäreleri ruhubelentlik ýagdaýynda geçirildi. Bu çäreler ýurdumyz barada köp zatlary bilmäge çalyşýan, türkmen halkynyň baý medeniýeti bilen ýakyndan tanyşmaga, şeýle hem myhmansöýer türkmen topragynda geçirilen duşuşyklaryň ýatdan çykmajak täsirleri barada pikir alyşmaga isleg bildirýän adamlary jemledi. Olaryň köpüsi türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň ýanyna gelip, döredijilik duşuşyklary üçin hoşallyk bildirdiler, türkmenistanlylara mähirli salamyny gowşurdylar.
Resmi adamlar hem, köpsanly tomaşaçylar hem bu çäräniň üstünlige eýe bolandygyny aýtdylar. “Türkmen artistleriniň konserti örän mähirli ýagdaýda geçdi! Biz olara ör turup el çarpdyk, çünki zalyň sahnasynda döreýän duýgular hiç kimi biparh goýmady!” – bu buýsançly sözler tomaşaçylaryň seslenmeleriniň diňe biridir.
Türkmenistanyň Medeniýet günleri Tatarystanyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, şol sanda ýerli teleýaýlymlarda uly gyzyklanma döretdi. Onda her gün biziň döredijilik intelligensiýamyzyň wekilleri çykyş etdiler. Türkmen medeniýetiniň baýramçylygy tatar ýaşlary üçin hem gyzykly boldy. Olar özleri üçin häzirkizaman türkmen sungatynyň köp öwüşgünli ýörelglerini açdylar.
Ruhy taýdan ýakyn dostlaryň duşuşyklarynyň mähirliligi bu ýerdäki howanyň ýagdaýyna hem täsir edene meňzedi. Kazanda şol günler örän güneşli boldy. Çärä gatnaşyjylaryň başdan geçirýän mähirli duýgulary hünärmenleriň duşuşyklarynda hem öz aýdyň beýanyny tapdy. Bu duşuşyklar mähirli dostlaryň özboluşly söhbetdeşligine öwrüldi. Çärelere gatnaşmaga medeniýeti öwreniji alymlaryň we türkologlaryň, edebiýaty öwrenijileriň hem-de şahyr-terjimeçileriň, sungatyň ähli görnüşleriniň wekilleriniň çekilendigi bellärliklidir. Çäräniň çäklerinde Tatarystan Respublikasynyň Medeniýet ministrliginde we Milli kitaphanada geçirilen duşuşyklar olara gatnaşanlara döredijilik pikir alyşmalary hem-de tejribe alyşmak üçin ajaýyp mümkinçilik döretdi.
Şunuň bilen birlikde, tatar topragynda geçirilen günleriň dowamynda Türkmenistanyň döredijilik wekiliýeti türkmen medeniýetine mynasyp wekilçilik etmek bilen çäklenmän, Kazanyň muzeýlerine we taryhy-medeni merkezlerine baryp görüp, Tatarystanyň medeniýetiniň häzirki ösüşi bilen ýakyndan tanyşdylar.
Döredijilik forumynyň ýapylyş dabarasynda Türkmenistanyň we Tatarystanyň gumanitar ulgamdaky gatnaşyklara dünýäniň ähli ýurtlary we halklary bilen dostluk, parahatçylyk we özara düşünişmek gatnaşyklaryny saklamagyň möhüm usuly hökmünde garaýandyklary nygtaldy.
Dabara ýygnananlar Türkmenistanyň we Tatarystanyň Baştutanlaryna köpugurly hyzmatdaşlyk syýasatyny geçirýändikleri, türkmen we tatar halklarynyň arasyndaky özara peýdaly medeni hyzmatdaşlygyň çäklerini giňelýändikleri üçin hoşallyk bildirdiler.
Soňra bolan baýramçylyk konsertiniň maksatnamasyna türkmen artistleriniň çykyşlary hem-de Tatarystanyň meşhur Döwlet aýdym-saz we tans toparynyň çykyşlary girizildi. Oňa şeýle hem milli we dünýäniň saz medeniýetiniň taryhyna aýdyň sahypalary ýazan kompozitorlaryň eserleri, estrada aýdymlary we sazlary, şeýle hem “Meňli” we “Dagdan” tans toparlarynyň ýerine ýetiren köp öwüşgünli folklor we häzirki zaman tans kompozisiýalary goşuldy. Tomaşaçylar “Läle” toparynyň çykyşyny hem şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Bu ýaş türkmen topary dünýäniň dürli halklarynyň aýdymlaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirýändigi bilen tapawutlanýar.
Çykyşlaryň ählisi milli däpleri aýawly saklamak pikirine ýugruldy. Sazyň, aýdymyň we tansyň sazlaşygy arkaly artistler tomaşaçylara öz halklarynyň milli ruhuny, kalbynyň päkligini we mähirliligini ýetirdiler. Türkmen we tatar artistleriniň çykyşlary aýratyn sazlaşyk döretdi. Hut şeýle duşuşyklar halklara birek-biregi ýakyndan tanamaga hem-de düşünişmäge, özleri üçin sungatyň täsin dünýäsini açmaga ýardam edýär.
Konsertde türkmen we tatar artistleri tarapyndan ruhubelentlik bilen ýerine ýetirilen gadymy “küştdepdi” türkmen tansy tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.
Türkmenistanyň Tatarystan Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň çäklerinde guralan konsertiň ahyrynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bagyşlanan “Arkadag” atly aýdym ýerine ýetirilid. Ata Watanymyzyň gazanan ähli uly üstünlikleri, şol sanda ýurdumyzyň medeniýet ulgamynda ýeten belent sepgitleri döwlet Baştutanymyzyň ady bilen baglanyşyklydyr. Bu aýdymy konserte gatnaşyjylaryň ählisi ruhubelentlik bilen ýerine ýetirdiler.
Türkmenistanyň Tatarystandaky Medeniýet günleriniň medeniýet ulgamynyň wekilleriniň döredijilik gatnaşyklaryna, doganlyk halklaryň dostlugyny berkitmäge, medeniýetleriniň özara baýlaşmagyna ýardam etjek işjeň gumanitar hyzmatdaşlygy ýola goýmaga täze kuwwatly itergi berjekdigi şübhesizdir.