Ï Suwda ýüzüji türgenleriň we gimnastikaçylaryň jemleýji bäsleşikleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Suwda ýüzüji türgenleriň we gimnastikaçylaryň jemleýji bäsleşikleri

view-icon 1046
Geçen hepde ýurdumyzyň durmuşy sport wakalaryna baý boldy, olaryň hatarynda ilkinji nobatda milli derejede geçirilen ýaryşlaryň – suwda ýüzmek we sport gimnastikasy boýunça Türkmenistanyň kubogy ugrundaky ýaryşlaryň jemleri barada aýdyp geçmelidiris. Degişlilikde paýtagtymyzyň suw-sport toplumynda we Türkmenabat şäheriniň 5-nji sport mekdebinde geçirilen ýaryşlaryň ikisine hem ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan sportuň bu görnüşleri boýunça türgenleriň ýüzlerçesi gatnaşdy.

Suwda ýüzmek boýunça türgenler 30 ugur boýunça bäsleşdiler. Aşgabat şäheriniň toparyndan Merdan Ataýew ýaryşlarda jemi dört gezek üstünlik gazandy. Olaryň ikisi kümüş medaldyr. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Sergeý Ýepifanowyň türgenleşdirýän bu türgeni arkanlygyna ýüzmek boýunça 50 metr we 200 metr aralyklara, şeýle hem 4х50 (gatyşyk) we 4х100 (nusgawy) aralyklara toplumlaýyň usulda ýüzmekde üstünlik gazandy. Ol kümüş medallara bolsa 50 metr we 4х100 metr aralyklara erkin usulda ýüzmekde mynasyp boldy.


19 ýaşly bu türgen halkara ýaryşlarynda hem ençeme gezek ýeňiş gazandy. Olaryň iň ähmiýetlisi Koreýa Respublikasynyň Inçhon şäherinde geçirilen ХVII Aziýa oýunlarynda 100 metr aralyga arkanlygyna ýüzmek boýunça final tapgyrda çykyş etmäge mynasyp bolanlygydyr we ol Garaşsyzlyk yyllary içinde Aziýa yklymy derejesinde geçirilen ýaryşlarda suwda ýüzmek boýunça şeýle ýokary netije gazanan ilkinji türkmen türgenidir.

Mundan başga-da, ol birnäçe onýyllyklaryň dowamynda saklanyp gelen milli rekordy hem täzelemegi başardy. Indi 100 metr aralyga rekord 56,63 sekuntda deň bolup, öňki görkezijiden 2 sekunt ýokarydyr.

Milli ýaryşlar baradaky gürrüňe gaýdyp gelmek bilen, zenanlaryň arasyndaky iň ýokary netijeleri bellemelidiris. Şunda M.Plýuginiň tälim berýän 15 ýaşly aşgabatly türgen Deliýa Saryýewa tapawutlandy. Ol 50 metr we 100 metr aralyklara arkanlygyna ýüzmekde we 1500 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde 3 gezek ýeňiş gazandy, şeýle hem 50 metr we 100 metr aralyklara batterflýaý görnüşinde ýüzmekde ikinji we üçünji orunlary eýelemegi başardy.

Türkmenistanyň kubogyny almak ugrundaky ýaryşlarda paýtagtymyzyň türgenleri ýeňiş gazandylar we bu bäsleşikler diňe bir iň gowy türgenleri ýüze çykarmak bilen çäklenmän, şu ýylyň 2-8-nji dekabry aralygynda Kataryň paýtagty Doha şäherinde geçiriljek dünýä çempionatyna taýýarlyk görmekde möhüm tapgyr boldy. Şeýlelikde, Aşgabadyň suw-sport toplumynda geçirilen ýaryşlaryň jemleri ýurdumyzyň ýygyndy toparyna iň gowy ýüzüjileri seçip almaga ýardam eder.


...Sport gimnastikasy boýunça Türkmenistanyň kubogy ugrundaky ýaryşlarda esasy bäsleşikler Aşgabat we Türkmenabat şäherleriniň toparlarynyň arasynda ýaýbaňlandy, şunda paýtagtly türgenler umumytoparlaýyn hasapda birinji orny eýelemegi başardylar.

Lebaply we aşgabatly türgenleriň arasyndaky bäsleşikler barada aýdylanda, köp ýyllaryň dowamynda aşgabatly gimnastikaçylar milli derejedäki ýaryşlarda gürrüňsiz birinjiligi eýeläp gelýärdiler. 2011-nji ýylda Türkmenabatda ýöriteleşdirilen 5-nji sport mekdebiniň açylmagy bilen lebaply türgenler hem paýtagtly gimnastikaçylar bilen deň derejede bäsleşip başladylar.

Sportuň bu görnüşi boýunça ýurdumyzyň birinjiligi we kubogy ugrundaky ýaryşlar adatça yzygiderli Lebap welaýatynyň merkezinde geçirilýär. Eger-de aýal-gyzlaryň arasyndaky ýaryşlarda paýtagtly gimnastikaçylar hemişe ýeňiji bolsalar-da, erkekleriň arasyndaky bäsleşiklerde indi birnäçe ýyl bäri Lebap welaýatynyň türgenleri birinjiligi alyp gelýärlar.

Muny Türkmenistanyň kubogy ugrundaky nobatdaky ýaryşlar hem subut etdi. Erkekler toparynyň düzüminde çykyş edip, bäsleşiklere gatnaşýan türgenler sport gimnastikasynyň alty görnüşi boýunça güýç synanyşdylar. Türgenler bäş toparda medallar ugrunda başarnyklaryny görkezdiler, şunda üç toparda lebaply türgenler sport ussady Marufjan Açylow, Begenç Bäşimow we Atajan Haýytbaýew tapawutlandylar, olar Serdar Ýollyýewiň ýolbaşçylygynda tälim alýarlar.

Tälimçi Olga Ýermakowanyň türgenleşdirýän aşgabatly gimnastikaçylary D.Hojamuhammedow we D.Amangulyýew hem birinji orunlary eýelediler.


Zenanlar sport gimnastikasynyň dört ugry boýunça güýç synanyşdylar. Şunda paýtagtly türgenler dürli toparlarda altyn medallaryň dördüsini eýelediler. Ýelena Goloweşkina, Sadap Berdiýewa, Aýgül Mätjiýewa we Weronika Döwletowa tapawutlanmagy başardylar. Olara Nargiz Joraýewa we Irina Plýugina tälim berýär.

Lebap welaýatynyň toparyndan Zarina Narbaýewa altyn medala mynasyp boldy.

Ýaryşlaryň jemleri boýunça şu ýylyň dekabr aýynda Moskwada dünýäniň bäş gezek çempiony M.Woroniniň ýadygärligine geçiriljek halkara ýaryşyna gatnaşmak üçin ýurdumyzyň milli ýygyndy topary düzüler.

2014-nji ýylyň sport gimnastikasy boýunça esasy wakasy – Aziýa gimnastika birleşiginiň nobatdaky maslahaty dekabr aýynda Katarda geçiriler. Şol maslahata Türkmenistanyň Gimnastika federasiýasynyň wekiliýeti hem gatnaşar. Onda Aziýa Birleşiginiň täze dolandyryjy geňeşi saýlanylar, şeýle hem ýakyn geljek üçin meýilnamalar düzüler.