Ï Türkmenistanly türgenler medallar ugrunda bäsleşerler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanly türgenler medallar ugrunda bäsleşerler

view-icon 971
Şu ýyl halkara derejesindäki toplumlaýyn ýaryşlara örän baý boldy. 14-nji noýabrda Tailandyň Puhuket şäherinde nobatdaky IV Aziýa kenarýaka oýunlary badalga alýar. Bu ýere 40-dan gowrak ýurtdan toparlar, şol sanda Türkmenistanyň ýygyndy topary geldi. Biziň türgenlerimiz kenarýaka sportuň dokuz görnüşi – woleýbol, basketbol, gandbol, sambo, jiu-jitsu, göreş, erkin göreş, taý boksy we petanke boýunça ýaryşlarda çykyş ederler.

Bu oýunlar onuň resmi taýdan açylyş dabarasyndan birnäçe gün öň başlanar, olaryň ikisi - sambo, jiu-jitsu boýunça ýaryşlar 12-13-nji noýabrda geçiriler. Sportuň bu görnüşleri boýunça türgenlerimiz birnäçe ýyl bäri halkara derejesinde öňdeligi eýeläp gelýärler, şu gezekki oýunlarda hem hünärmenler umumytoparlaýyn hasapda Türkmenistanyň toparynyň öňdäki orunlaryň birini eýelejekdigini çaklaýarlar.

Munuň üçin ýeterlik deliller bardyr –türgenlerimiz iri ýaryşlarda, şol sanda Aziýa we dünýä çempionatlarynda hem ynamly ýeňişler gazandylar. Mysal üçin, şu ýylyň ýazynda söweş sungaty boýunça Portugaliýada geçirilen dünýä çempionatynda jiu-jitsu boýunça türkmen türgenleri iki kümüş we üç bürünç medala mynasyp bolup, iň gowy toparlaryň üçlügine girdiler. Şunda olar başa-baş söweşiň şu we beýleki görnüşleri boýunça dünýäde öňdebaryjy bolan Russiýanyň toparyny üçlükden daşarda goýup, öňe geçmegi başardylar.

Jiu-jitsu boýunça türkmen türgenleri sportuň söweş sungaty boýunça beýleki ýaryşlarada hem üstünlikli çykyş edýärler. Mysal üçin, geçen aýda pankration boýunça Türkiýäniň Stambul şäherinde geçirilen dünýä çempionatynda olar üç altyn, bir kümüş we üç bürünç medala mynasyp boldular. Söweş sungaty boýunça geçirilen şol Bütindünýä oýunlarynda türkmen türgenleri ýene-de jiu-jitsu boýunça bir altyn, üç kümüş we üç bürünç medala eýe bolup, iň gowy netijeleriň birini görkezdiler.

Söweş sungatynyň bu kenarýaka görnüşinde “ne-waza” atlandyrylan brazil usuly ulanylýar, onda güýçli urgy urmak bolmaýar we diňe göreş usullary ulanylýar.

Ýurdumyzyň ýygyndy toparynyň düzümine jiu-jitsu boýunça ussat türgenleriň sekizisi – Kuwwat Nuryýew, Jowlan Madaminow, Sanwer Aýrapetýan, Begli Meretgeldiýew, Ylýas Mömünew, Nursoltan Aşyrowa, Ruşana Nurjowowa we Amina Halyllaýewa girdiler.

Bu türgenleriň halkara derejesindäki ýaryşlarda gazanan ýeňişleri az däldir. Biziň toparymyzyň düzümine diňe halkara derejeli sport ussatlary girdiler, olar halkara ýaryşlarynda, şol sanda toplumlaýyn ýaryşlarda hem başarnyklaryny görkezýärler. 2012-nji ýylda sambo boýunça dünýä çempiony bolan Gülbadam Babamyradowa ýakynda Koreýanyň Inçhon şäherinde geçirilen ХVII Aziýa oýunlarynda ikinji orna mynasyp boldy. Nuraly Ýalkabow bolsa Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 2013-nji ýylyň IV Aziýa oýunlarynda göreş boýunça altyn medala eýe bolupdy.

Indi olar Tailandda geçirilýän kenarýaka oýunlarynda baýrakly orunlar üçin güýç synanyşarlar. Olar bilen birlikde, Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň düzüminde çägeli meýdança biziň pälwanlarymyz Tejen Tejenow, Nyýazmyrat Şyhmyradow, Zöhre Madraimowa we Nasiba Surkiýewa çykar.

Sambo kenarýaka Aziadanyň maksatnamasyna ilkinji gezek girizildi. Bu göreş boýunça düzgünleriň türkmen milli göreşiniň kadalaryna ýakyndygyny bellemek gerek. Şunda ýerde ýatyp göreşmek bolmaýar, ýeňiji iki gezek netijeli geçirilen hüjümiň netijesinde kesgitlenilýär. Şonuň üçin göreşi ata-babalary döreden türgenlerimiz sportuň bu görnüşiniň taryhy mirasdüşerleri diýen belent derejelerini ajaýyp çykyşlary bilen tassyklamaga borçludyr.

Medallar ugrunda dalaşgärleriň sanawyna samboçylardan başga-da, göreşiň we erkin göreşiň ussatlary girýär. Sportuň bu görnüşleri boýunça ýaryşlar Patongyň çägeli kenarynda 15-17-nji noýabrda geçiriler.

Ýeri gelende aýtsak, müňlerçe ýyl mundan öň Merkezi Aziýa sebitinde dörän göreş boýunça bäsleşikler ilkibaşda çägede ýa-da otly ýerde geçirilipdir. Diňe geçen asyryň 90-njy ýyllarynda ony göreş düşekçelerinde geçirip, göreşiň bu görnüşini halkara düzgünleriniň ölçeglerine golaýlatdylar. Ynha, indi sportuň kenarýaka görnüşleri boýunça toplumlaýyn ýaryşlaryň döremegi bilen göreşiň öz ilki başdaky “sport meýdançasyna” gaýdyp gelendigini ikirjeňlenmän aýtmak bolar.

Göreşiň bu görnüşinde medallar ugrunda erkekleriň arasynda agram derejeleriniň altysynda türkmen pälwanlarynyň 14-si bäsleşer. Olar Aziýa kenarýaka oýunlarynyň öň ýanynda Lebap welaýatynyň dolandyryş merkeziniň 4-nji ýöriteleşdirilen sport mekdebiniň binýadynda okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçdiler. Şol ýerde netijeli göreş tälimleri üçin ähli döwrebap şertler döredildi.

Ýeri gelende aýtsak, pälwanlarymyzyň toparynyň düzümi (12 türgen) gündogar sebitiň dürli künjeklerinden bolan türgenlerden ybaratdyr. Lebap toparyna giren eke-täk türgen Mary welaýatynyň pälwany bolup durýar.

Sportuň hut şu görnüşinde türkmenistanlylaryň Aziýa kenarýaka oýunlarynda ýokary netijeleri gazanjakdygyna garaşylýandygyny aýtmak gerek. Çünki türgenlerimiziň ençemesi halkara derejesindäki iri ýaryşlarda öz ussatlyklaryny görkezdiler. Mysal üçin, Marat Orazow geçen ýyl Türkiýede geçirilen dünýä çempionatynda bürünç medalyna mynasyp bolan bolsa, Serdar Jümmiýew ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 2013-nji ýylda Koreýa Respublikasynda geçirilen IV Aziýa oýunlarynyň wise-çempiony derejesini gazandy.

Tailandda geçiriljek oýunlar biziň pälwanlarymyzyň Aşgabatda 2017-nji ýylda boljak V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk derejesini görkezer. Şonuň üçin milli ýygyndy toparymyzyň uly tälimçisi, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Mirzakuli Kurbanowyň şägirtleri öz güýç-gaýratlaryny doly sarp etmeli bolarlar. Biziň pälwanlarymyzdan şeýle üstünliklere türkmen janköýerleriniň hem köpsanlysy garaşýar.

Erkin göreş boýunça ýaryşlarda biziň ýurdumyzdan türgenleriň ikisi – sport ussady Seýitnur Ataýew (agram derejesi 70 kilograma çenli) we Didar Baýramow (80 kilograma çenli) çykyş ederler. Olar Türkmenistanyň birnäçe gezek çempionlary boldular we erkin göreşiň nusgawy görnüşi boýunça milli ýygyndynyň düzümine geirýärler.

Sportuň bu görnüşiniň kenarýaka nusgasy Phuketde geçiriljek Aziýa oýunlarynda ilkinji gezek tanyşdyrylar. Şonuň üçin biziň türgenlerimize medallar babatda tapawutlanmak üçin ähli mümkinçilikler bar. Mysal üçin, S.Ataýew 2008-nji ýylda Ankarada (Türkiýe) geçirilen dünýä çempionatynda ýer ýüzüniň ussat pälwanlarynyň bäşligine girmegi başardy, şeýle hem Tähranda (Eýran Yslam Respublikasy) geçirilen “Gran-pri-2012” ýaly iri halkara ýaryşynda bürünç medalyna mynasyp boldy.

Erkin göreşde täze ugruň düzgünleri örän ýönekeýdir. Onda ýeňiji bäsleşigiň bir tapgyrynyň barşynda kesgitlenilýär, ol üç minut dowam edýär. Tutluşygyň jemi iki tehniki hereketleriň neijesinde – bäsleşigi kesgitlenen zolakdan aşyrmak ýa-da itip çykarmak netijesinde çözülip bilner. Bäsdeşiň kebzesini ýere degirmek hem bolýar, ýöne diňe emel etmek arkaly şeýdip bolar – şunda parterde (ýatyp göreşmek) göreşmek aradan aýrylýar.

Sport hünärmenleriniň pikirine görä, ýaryşyň şeýle düzgünleri tutluşyklara aýratyn öwüşgün çaýýar, olar erkin göreşiň nusgawy görnüşinden tapawutlylykda has sazlaşykly we netijelidir.

Sambo we jiu-jitsu, göreş we erkin göreş boýunça ýaryşlardan başga-da türkmenstanlylar IV Aziýa kenarýaka oýunlarynda medallar ugrunda woleýbol, basketbol, gandbol, taý boksy we petang boýunça medallar ugrunda bäsleşerler.

Ýöne, bular barada Tailantdan gelip gowuşjak indiki habarlarymyzda gürrüň ederis.