Ï Aşgabatda halkara ylmy maslahaty öz işine başlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda halkara ylmy maslahaty öz işine başlady

view-icon 908
Şu gün türkmen paýtagtynda “Arheologiýa tapyndylaryny öwrenmekde we muzeýleşdirmekde Türkmenistanyň tejribesi” atly halkara ylmy maslahat öz işine başlady.

Wekilçilikli ylmy maslahat türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasyny öwrenmäge we gorap saklamaga, dikeltmäge hem-de wagyz etmäge uly üns berýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça we howandarlygynda geçirilýär. Maslahaty Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi guraýar.

Esasy maksady taryhy we medeni ýadygärlikleri öwrenmek we gorap saklamak boýunça halkara hyzmatdaşlygyny we tejribe alyşmagy giňeltmek bolan şu gezekki maslahatyň geçirilmegi bu ugurda uly üstünlikleri gazanan Türkmenistan üçin möhüm ähmiýete eýedir. Maslahatyň türkmen jemgyýetiniň diňe bir ruhy durmuşynyň jemlenen ýeri, gymmatly halk mirasyny saklaýjylar bolmak bilen çäklenmän, eýsem, iri ylmy-barlag merkezleri bolan muzeýleriň işini kämilleşdirmek meseleleri döwlet Baştutanynyň hemişe üns merkezindedir.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda 34 muzeý işleýär, olar paýtagtymyzda, şeýle hem ýurdumyzyň dürli şäherlerinde we obalarynda ýerleşýär. Türkmenistanyň ähli welaýat merkezlerinde taryhy-ülkäni öwreniş muzeýleriniň täze binalary açyldy. Olaryň ählisi muzeý gymmatlyklaryny aýawly saklamagy, olaryň hasabyny ýöretmegi, öwrenmegi we gaýtadan dikeltmegi, şeýle hem sergi hem-de wagyz-düşündiriş işleriniň täze usullaryny üpjün etmäge mümkinçilik berýän iň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilendir. Olarda her welaýatyň taryhyna we häzirki döwrüne degişli, tebigat, etnografiki aýratynlyklary barada örän baý maglumatlar saklanylýar.


Muzeýleriň gurluşygy dowam etdirilýär. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň ähli muzeýleri diýen ýaly häzirki zaman, täze tehnologiýalar bilen üpjün edilen, köşklere barabar ajaýyp binalara göçürildi. Olarda taryhymyzyň we medeniýetimiziň belentliginiň ynamly subutnamalary bolan arheologiýa tapyndylary aýawly saklanylýar we içgin öwrenilýär. Olaryň hatarynda täsin gymmatlyklar saklanylýan Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Türkmenistanyň Döwlet muzeýi, Şekillendiriş sungaty muzeýi, Türkmen halysynyň milli muzeýi, Ahal welaýatyndaky “Ak bugdaý” muzeýi we beýlekiler bar

Köne Nusaý, Gadymy Merw, Köneürgenç, Atamyrat, gadymy Dehistan, köne Sarahs, Abiwerd we Gökdepe galasynyň çäkleri açyk asmanyň astyndaky özboluşly muzeýler bolup, döwlet taryhy-medeni goraghanalar diýlip yglan edildi. Gadymy Merwiň, Köneürgenjiň we Nusaýyň täsin ýadygärlikleri ählumumy gymmatlygyň derejesine eýe bolandygynyň ykrarnamasy hökmünde ÝUNESKO-nyň bütindünýä sanawyna girizildi.

Türkmen halkynyň gadymy taryhy, onuň özboluşly medeni däp-dessurlary, Türkmenistanyň täze taryhy eýýamda gazanan ägirt uly üstünlikleri ýurdumyzyň muzeýlerinde öz beýanyny tapdy. Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistanda muzeý işini ösdürmäge, medeni gymmatlyklary gorap saklamaga gönükdirilen resminamalaryň tutuş toplumy kabul edildi. Olaryň hatarynda “Milli taryhy we medeni mirasyň desgalaryny gorap saklamak hakynda”, “Muzeýler we muzeý işi hakyndaky”, “Gozgalýan medeni ýadygärlikleri goramak we äkitmek hakynda” kanunlar we beýlekiler bar hem-de häzirki wagtda bu ugurdaky milli kanunçylygy mundan beýläk-bde kämilleşdirmek boýunça işler alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan geçirilýän oňyn daşary syýasat netijesinde türkmen halkynyň gazananlary daşary ýurtlarda barha köp mälim bolýar we halkara ylmy bileleşiginiň ýurdumyza bolan gyzyklanmasy ýyl-ýyldan ýokarlanýar. Dünýäniň 30 ýurdunyň wekilleri gatnaşýan “Arheologiýa tapyndylaryny öwrenmekde we muzeýleşdirmekde Türkmenistanyň tejribesi” atly şu gezekki halkara ylmy maslahaty hem munuň subutnamasydyr.

Ýurdumyzyň alymlary we muzeý işgärleri bilen bir hatarda, maslahatyň işine dünýäniň iri muzeýleriniň ýolbaşçylary, esasy ylmy işgärleri we bilermenleri, şeýle hem taryhçylar we arheologlar, sungaty öwrenijiler hem-de ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary gatnaşýarlar. Olaryň köpüsiniň türkmen alymlary bilen bilelikde arheologiýa gazuw-agtaryş işlerini we Türkmenistanyň taryhy we medeniýeti boýunça barlaglary geçirmegi dowam etdirýän hünärmenlerdigini bellemek gerek. Maslahatyň işi başlamazdan öň oňa gatnaşyjylar “Nusaý” döwlet taryhy-medeni goraghanasy, paýtagtymzyň muzeýleri bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirilýän halkara ylmy maslahatynyň açylyş dabarasyna hökümet agzalary, Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we ýokary okuw mekdepleriň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, ylym we medeniýet işgärleri, paýtagtymyzyň talyplary gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň maslahata gatnaşyjylara iberen gutlag haty maslahatyň dabaraly açylyşynda okaldy. Onda “Arheologiýa tapyndylaryny öwrenmekde we muzeýleşdirmekde Türkmenistanyň tejribesi” atly halkara ylmy maslahatynyň uly ähmiýeti nygtalýar.

Türkmen döwletiniň Baştutany halkara ylmy maslahata gatnaşyjylary bu maslahatyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, onuň arheologiýa tapyndylaryny öwrenmek hem-de muzeýleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna uly ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Ýygnananlar türkmen döwletiniň Baştutanynyň Gutlagyny şowhunly el çarpmak bilen kabul etdiler.

Halkara ylmy maslahatyň umumy mejlisinde Smitson institutynyň Aziýanyň medeniýetiniň taryhy boýunça Maksatnamasynyň direktory doktory Pol Teýlor (ABŞ), antropologiýa boýunça professor, amerikaly arheolog Frederik Hibert, Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Etnologiýa we antropologiýa institutynyň bölümçe ýolbaşçysy, taryhy ylymlarynyň doktory Nadežda Dubowa, Koreýanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky medeni gatnaşyklar boýunça assosiasiýanyň prezidenti Li Ok Rýon, Gazagystandan taryh ylymlarynyň doktory, professor Žaken Taýmagambetow çykyş etdiler.

Çykyşlar we maglumatlar muzeý gymmatlyklaryny öwrenmek we aýawly saklamak boýunça halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine ýardam berýän täze tehnologiýalaryň ulanylmagyna, Türkmenistanyň täsin galdyrýan arheologik desgalaryny goramak boýunça toplan tejribesine hem-de bu desgalaryň gazuw-agtaryş işleriniň geçirilen ýerinde görkezilmegine, arheologiýa boýunça türkmen-amerikan, türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine we beýleki meselelere bagyşlandy. Şeýle hem çykyş edenler öz ýurtlarynyň uly muzeýleri, bularyň muzeý gymmatlyklaryny öwrenmek we aýawly saklamak boýunça toplan tejribesi barada gürrüň berdiler. Şonda häzirki wagtda ylmy arheologik toparlaryň Türkmenistanyň muzeýlerinde saklanylýan täsin tapyndylarynyň dünýäniň birentek muzeýlerinde ýokdygy bellenildi. Şeýle hem umumy mejlisde şu ylmy maslahatyň täze taryhy eýýamda syýahatçylyk ulgamyny ösdürmek, Türkmenistanyň gazananlaryny wagyz etmek bilen baglylykda uly ähmiýete eýe bolup durýandygy nygtaldy.

Çykyşlaryň ählisinde dünýäniň taryhy-medeni mirasyny öwrenmek we aýawly saklamak boýunça giň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň möhümdigi, türkmen topragyndaky ýadygärlikleriň we tapyndylaryň şol mirasyň aýrylmaz bölegidigi bellenildi. Galyberse-de, çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ata-babalarymyzyň medeni mirasyny öwrenmek, aýawly saklamak we wagyz etmek, giň halkara gatnaşyklaryny ýola goýmak hem-de ylmy barlaglaryň işjeňleşdirilmegine ýardam bermek üçin oňaýly syýasy ýagdaýy döretmek, şu maksatlar üçin beýleki ýurtlaryň esasy hünärmenlerini çekmek boýunça möhüm ähmiýetli işleri durmuşa geçirýändigini bellediler.

Maslahatyň umumy mejlisiniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Ýylgynlydepede (Ahal welaýatynyň Altyn Asyr etrabynda) bilelikdäki türkmen-rus toparynyň soňky güýzki arheologik möwsümiň barşynda eden täsin açyşlarynyň biri baradaky haýran galdyryjy maglumat bilen tanyşdyryldy. Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň hem-de Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Maddy medeniýetiň taryhy boýunça institutynyň alymlarynyň – arheologlarynyň ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmegi netijesinde, bu ýerde, dünýäde ilkinji gezek, dine degişli heýkeljikleri işläp taýýarlaýan ussahana ýüze çykaryldy, bu ussahana paleolit eýýamyna (biziň eýýamymyzdan öňki V-IV müňýyllyklara) degişlidir. Türkmenistanyň dünýä siwilizasiýasynyň gadymy merkezleriniň biri hökmündäki ähmiýetini ýene-de bir gezek tassyklaýan bu maglumat ýygnananlar tarapyndan şowhunly el çarpmak bilen garşylandy.

Maslahatyň umumy mejlisi tamamlanandan soňra, oňa gatnaşyjylar we myhmanlar Mukamlar köşgüniň giň eýwanynda guralan sergilerdäki zatlary uly gyzyklanma bildirip synladylar. Şol eksponatlar Türkmenistanyň Döwlet taryhy-medeni goraghanalary barada söz açyp, ýurdumyzda taryhy-medeni mirasy öwrenmek we wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işler, şu ugurda gazanylanlar barada giňişleýin düşünje berýär. Şeýle hem sergilerde Türkmenistanyň Prezidentiniň milli taryhy-medeni mirasa bagyşlanan işleri hem-de şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň türkmen halkynyň zehininiň egsilmeýändigine şaýatlyk edýän eserler görkezildi.

Günüň ikinji ýarymynda halkara ylmy maslahat bölümleriň dördüsinde öz işini dowam etdi, bu bölümleriň mejlisleri Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde, Şekillendiriş sungaty muzeýinde, Türkmen döwlet medeniýet institutynda, Döwlet çeperçilik akademiýasynda geçirildi.

Ertir “Arheologiýa tapyndylaryny öwrenmekde we muzeýleşdirmekde Türkmenistanyň tejribesi” atly halkara ylmy maslahat öz işini dowam eder. Ylmy maslahata gatnaşyjylar Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanda işleýän bilelikdäki arheologik toparlara goşulýan türkmen we rus arheologlarynyň gazananlaryna bagyşlanan sergini synlarlar hem-de ylmy bölümlerde möhüm ähmiýetli wezipeleri ara alyp maslahatlaşmagy dowam ederler.