Ï Ýaryşyň birinji gününde ähli derejedäki medallar gazanyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýaryşyň birinji gününde ähli derejedäki medallar gazanyldy

view-icon 834
Taýlandyň Phuket adasynda geçirilýän IV Aziýa kenarýaka oýunlarynda ýaryşyň birinji güni türkmen türgenleri ähli derejeli baýraklara – altyn, kümüş we bürünç medallara mynasyp boldular. Biziň ildeşlerimiz adanyň iň iri kenarýaka zolagy bolan Karon Beach çägeli kenarda geçen ýaryşlarda sambo boýunça tapawutlandylar.

Biziň toparymyza ilkinji ýeňşi halkara derejeli sport ussady Gülbadam Babamuratowa getirdi, ol 52 kilogarma çenli agramda çykyş etdi. Ilkinji tutluşykda ol çekeleşikli bäsleşikde mongoliýaly türgenden üstün çykdy. Soňra ýarym finalda tailandly samboçy türgeni ýeňmegi başardy. Aýgytlaýjy final tutluşykda bolsa Gazagystandan gelen samboçy türgenden üstün ykyp, altyn medala mynasyp boldy.


G.Babamuratowa dürli derejeli beýleki iri halkara ýarşlarynda hem köpsanly baýraklary eýeledi. Ol 2012-nji ýylda dünýä çempiony boldy we 2013-nji ýylda Kazanda geçirilen Bütindünýä uniwersiadada kümüş medala eýe boldy. Şol talyplar ýaryşlarynda Gülbadam guşakly göreş boýunça hem altyn medala mynasyp boldy. Şu ýylyň sentýabr aýynda bolsa XVII Azi ýa oýunlarynda dzýudo boýunça ikinji orny eýeledi.

Şol baýraklaryň üstüne bu gün Aziýada kenarýa oýunlarynyň altyn medaly hem goşuldy. Phuketde geçirilýän oýunlary guşakly göreş boýunça 18-23-nji noýabrda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek dünýä çempionatyna taýýarlyk görmegiň möhüm tapgyry hökmünde garamak bolar. Onda G.Babamuratowa hem çykyş edip, iň ýokary netije gazanjakdygyny sport synçylary çaklaýarlar.

IV Aziýa kenarýaka oýunlarynda ikinji orny alan halkara derejeli sport ussady Nasiba Surkiýewa (72 kilograma çenli) hem çägeli kenarda üç gezek göreşdi. Olaryň ikisinde türkmen türgeni ynamly ýeňiş gazandy. Emma mongoliýaly türgen bilen iň soňky aýgytlaýjy göreşde Nasibanyň goýberen ýalňyşy, oňa altyn medaly almaga mümkinçilik bermedi.


82 kilograma çenla agramda çykyş eden Tejen Tejenow bolsa bürünç medala mynasyp boldy.

13-nji noýabrda Türkmenistanyň at gazanan tälimçileri Dörtguly Tejenowyň we Çemengül Geldibaýewanyň tälim berýän türgenleri sambonyň toparlaýyn görnüşi boýunça baýrakly orunlar ugrundaky bäsleşikleri dowam etdirerler. Şunda topara türgenleriň bäşisi (3 erkek adam we 2 zenan) saýlanyp alynýar, olar her tapgyrdan geçmek üçin şahsy hasapda üçden az bolmadyk ýeňiş gazanmalydyrlar.

Türkmen türgenleriniň wekiliniň ýaryşlaryň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyna gatnaşmagy hem möhüm sport wakasy boldy. Bu hormatly wezipäni Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi, Söweş sungatlary milli federasiýasynyň başlygy Ata Adaýew ýerine etirdi. Şeýle hormata halkara sport hereketine uly goşant goşan adamlar mynasyp bolýarlar.


Türkmenistanyň Söweş sungaty bofunça federasiýasy sport dünýäsinde diňe bir zehinli türgenleri taýýarlamak bilen däl-de, eýsem iri halkara ýaryşlaryny geçirmekde uly tejribe toplan gurama hökmünde hem bellidir. Has takygy, bu federasiýanyň guramaçylyk etmeginde Merkezi Aziýanyň sport we söweş sambosy boýunça çempionaty geirildi, oňa biziň ýurdumyza sebitiň ähli ýerinde sportuň bu görnüşi boýunça iň gowy türgenleri ýygnandylar.

13-nji noýabrda Aziýa kenarýaka oýunlarynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny galdyrmak dabarasy bolar. Biziň toparymyzyň eýýäm medallaryň dürli derejedäkilerine mynasyp bolmagy bu dabaranyň ähmiýetini has-da artdyrýar.

Şeýle hem şol gün jiu-jitsu boýunça zenanlaryň arasynda bäsleşikler geçiriler, oňa biziň türgenlerimiziň üçüsi gatnaşar. Tizara IV Aziýa kenarýaka oýnlarynda woleýbol, basketbol, gandbol, göreş, erkin göreş we taý boksy boýunça Türkmenistanyň toparlary baýrakly orunlar üçin bäsleşige girişerler.

Phuketde geçirilýän ýaryşlar dowam edýär.