Şu gün, IV Aziýa kenarýaka oýunlarynyň çäklerinde Tailandda—Phuket adasynyň kenarýaka şypahana künjeginde geçirilýän ýaryşlaryň ikinji gününde türkmenistanlylar sambo boýunça ýaryşda ýokary ussatlygyny görkezdiler. Watandaşlarymyz “Diwara garşy diwar” diýlip atlandyrylýan toparlaýyn ýaryşlarda kümüş medal gazandylar. Şu gün Aziýa oýunlarynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagy dabaraly ýagdaýda galdyryldy. Bu hem biziň türgenlerimiziň aňynda hemişelik galjak ýene-de bir uly waka boldy.
Ýurdumyzyň samboçy ýygyndy toparynyň düzümine halkara derejeli sport ussatlary Gülbadam Babamuratowa, Zuhra Madraimowa /jemleýji duşuşykda ony Nasiba Surkiýewa çalşyrdy/, Tejen Tejenow, Nuraly Ýalkabow we Nyýazmyrat Şyhmyradow girdiler.
Türkmenistanlylar jemleýji duşuşyga tarap ýolda Täjigistanyň, Tailandyň we Mongoliýanyň toparlaryny ynamly ýeňdiler. Emma aýgytlaýjy göreşde Türkmenistanyň at gazanan tälimçileri Dörtguly Tejenowyň we Çemengül Geldibaýewanyň şägirtleri Gazagystandan bolan samboçylardan çekeleşikli tutluşykda 2:3 hasabynda az tapawut bilen ýeňildiler.
Şunda öz-özüňi ýaragsyz goramakda biziň ussatlarymyzyň düýn ýekelikde çykyş edip, bir altyn /G.Babamuradowa/, bir kümüş /N.Surkiýewa/ we bir bürünç /T.Tejenow/ baýraklar bilen Türkmenistanyň sportda gazananlarynyň üstüni ýetirendiklerini bellemek gerek. Şeýlelikde, ýokarda ady agzalan pälwanlardan üçüsi Phuketde geçirilýän IV Aziýa kenarýaka oýunlarynda iki gezek tapawutlandylar.
Samboçy zenanlara tiz wagtda 18-23-nji noýabrda türkmen paýtagtynda geçiriljek guşakly göreş boýunça dünýä çempionatynda biziň toparymyzyň abraýyny goramak garaşýandygyny ýatlamak isleýäris. Tailanddaky üstünlik ýurdumyzda ilkinji gezek geçiriljek bu dünýä ýaryşynyň sport düşegine çykmaklarynda olar üçin oňat ruhy goldawy bolar.
Şeýlelikde, biziň watandaşlarymyz kenarýaka Aziadasynyň ilkinji günlerinden ýokary sport mümkinçiliklerini görkezdiler. Ol bolsa täze üstünlikleriň gazanylmagyna gönükdirilendir. Şol sanda 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda täze üstünlikleri gazanmaga hyzmat eder.
Ýurdumyzyň Döwlet baýdagy Türkmenistanyň Döwlet senasynyň ýaňlanmagynda dabaraly ýagdaýda galdyryldy. Soňra IV Aziýa kenarýaka oýunlarynyň guramaçylyk toparynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Milli olimpiýa komitetiniň wekiline ýadygärlik sowgadyny gowşuryp, ýurdumyzyň dünýäde sport hereketini ösdürmekdäki uly goşandyny nygtady.
14-nji noýabrda Phuketdäki IV Aziýa kenarýaka oýunlarynyň resmi açylyş dabarasy geçiriler. Dabaranyň barşynda yklymyň Aziýa böleginiň 40-dan gowrak ýurdundan bolan ýygyndy toparlary tanyşdyrylar. Olar sportuň 29 görnüşi boýunça medallar ugrunda bäsleşige girişdiler. Ýurdumyzyň köp sanly janköýerleri eýýäm 1 altyn, 2 kümüş we 1 bürünç medallara eýe bolan türkmen türgenleriniň gazanan medallarynyň hasabyny artdyryp biljekdiklerine ynanýarlar, çünki olara ýene-de woleýbol, basketbol, gandbol, kuraş söweşi, erkin göreş, taý boksy we petanka boýunça ýaryşlarda çykyş etmek garaşýar.
Görnüşi ýaly, Tailandda biziň watandaşlarymyza gyzykly sport ýaryşlary garaşýar. Olar 23-nji noýabra çenli dowam eder.