Şu gün Andaman deňziniň kenarynda ýerleşýän “Sarhan Hin” seýilgähinde IV Aziýa kenarýaka oýunlarynyň dabaraly açylyşy boldy. Oňa 40-dan gowrak ýurtdan 6 müňe golaý türgen gatnaşdy. Bu oýunlarda sportuň 29 görnüşi boýunça baýraklar ugrunda güýç synanyşylar. Olaryň iki görnüşi – sambo we jiu-jitsu boýunça ýeňijiler kesgitlenildi. Olaryň hatarynda türkmen turgenleri hem bar.
Biziň ildeşlerimiz sportuň göreş görnuşleri boýunça has tapawutlandylar. Sambo boýunça Türkmenistanyň at gazanan tälimçileri Dörtguly Tejenowyň we Çemengül Geldibaewanyň tälim beren türgenleriniň altyn, kümüş we bürünç medallara mynasyp bolandyklaryny, şeýle hem toparlaýyn tutluşykda ýygyndy toparymyzyň ikinji orny eýeländigini ýatladýarys.
Halkara derejeli sport ussady Gülbadam Babamuratowa ýurdumyzyň baýraklar gaznasyna iki medaly – bir altyn we bir kümüş medalyny goşdy. Ýakynda Koreýa Respublikasynyň Inhon şäherinde geçirilen XVII Aziýa oýunlarynda kümüş medala mynasyp bolan biziň ildeşimiz häzire çenli bu ýaryşlarda bir gezek hem ýeňlişe sezewar bolmady we sport göreşiniň birnäçe görnüşi boýunça Aziýada iň güýçli türgenleriň biri bolup durýandygyny ýene bir gezek subut etdi.
Jiu-jitsu söweş sungatynyň “duo-system” ugry boýunça türkmen türgenleri bürünç medala eýe boldular. Bu ugur boýunça her topardan iki türgen gatnaşýar we olaryň her biri başa-baş tutluşyk hem-de özüňi goramak boýunça ussatlygyny görkezmelidir. Şunda özüňi goramak boýunça türgen birnäçe basgançagy, şol sanda ýarag bilen (pyçak, taýak we ş.m.) hüjüm etmegi başarýandygyny görkezmelidir.
Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyplary Amina Hallyýewa we Ruşana Nurjowowa hüjüm etmegiň we goranmagyň ussatlyk derejesini görkezdiler. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ata Adaeýewiň we Rüstem Imamkulyýewiň tälim berýän bu jübüdi Gazagystandan we Filippinlerden bolan garşydaşlaryndan üstün çykyp, iki gezek ýeňiş gazandylar we iki gezek hem utuldylar.
Ýaryşlaryň iki gününden soň, Türkmenistanyň ýygyndy topary umumy toparlaýyn hasapda altynjy orny eýeleýär. Ýaryşlara gatnaşýan toparlaryň örän köpdügini hasaba alanyňda bu ýokary görkezijidir.
Açylyş dabarasy barada aýdylanda bolsa, ol flag-footbol oýny üçin niýetlenen çägeli stadionda geçirildi. Aýdyň öwüşgünli tomaşanyň guramaçylary sahnalar we bezegler bilen birnäçe müň ýyla çenli uzap gidýän Phuketiň taryhy barada gürrüň bermegi başardylar.
Bu adanyň tropiki behişdi her ýyl bu künjege dünýäniň ähli ýurtlaryndan syýahatçylaryň ýüz müňlerçesini özüne çekýär. Olar diňe bir Andaman deňziniň suwuna düşmek üçin däl-de, Phuket adasynyň ajaýyp tebigatyny synlamak üçin hem bu ýere gelýärler. Bulardan ugur alyp, IV Aziýa kenarýaka oýunlarynyň guramaçylyk komiteti Aziadanyň resmi nyşany hökmünde üç sany deňiz pyşdylynyň şekilini tassyklady, olar suwy we topragy birleşdirýärler. Şeýlelikde, Sakorn, Sintu we Samut atly pyşdyllar Phuket adasynyň iň meşhur gahrymanlary boldular.
Ertirden başlap, Aziadada geçirilýän ýaryşlar has çekeleşikli häsiýete eýe bolar. güýç synanyşarlar. Şol gün basketbol, gandbol, göreş we erkin göreş boýunça geçiriljek ilkinji duşuşyklarda, şeýle hem petank oýnunyň kenarýaka görnüşi boýunça türkmen türgenleri hem çykyş ederler.
16-njy noýabrda woleýbol boýunça ýaryşlar başlanar, 18-nji noýabrda bolsa türkmen topary taý boksy boýunça medallar ugrunda bäsleşer.