Ï Türkmen türgenleri medallaryň ýene-de ikisini gazandylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen türgenleri medallaryň ýene-de ikisini gazandylar

view-icon 894
Taýlandyň Phuket adasynyň kenarýakasynda dowam edýän IV Aziýa kenarýaka oýunlarynda türkmenistanlylar şu gün iki sany bürünç medal eýelediler. Bu üstünligi watandaşlarymyz kuraş göreşi boýunça Muhammet Artykow (66 kilograma çenli agram derejesinde) we Aýna Jumagulyýewa (52 kilograma çenli) gazandylar. Şeýle hem türkmenistanlylar şu gün sportuň toparlaýyn görnüşleri boýunça ýaryşlarda hem ýeňişleriň birnäçesini gazandylar.

M.Artykow öz medaly ugrunda Patong beaсh pälwanlaryň çägeli meýdançasynda üç duşuşyk geçirdi. 8/1 finalda ol Mangoliýaly pälwany, soňra özbek türgenini ýeňmegi başardy. Finala çykmak ugrundaky tutluşykda türkmen türgeni Eýran Yslam Respublikasynyň toparynyň wekiliniň garşysyna göreşdi. Netijede bu agram derejesinde eýranly pälwan ýeňiji boldy.


Muhammet Artykowyň bürünç baýragyna hem ýokary üstünlik hökmünde garamak zerur. Çünki bu onuň şunuň ýaly üstünlikleriniň ilkinjisidir. Bu üstünlik oňa geljekde halkara sport ýaryşlarynda has uly ýeňişleri gazanmaga ýardam berer.

Şu gün medala eýe bolan ikinji türgenimiz A.Jumagulyýewa özüniň ýokary pälwanlyk derejesini ýene-de tassyklady. Indi ol Watana dolanyp gelende esasy ýaryşlara – Türkmenistanda paýtagtymyz Aşgabatda 2017-nji ýylda geçiriljek V Aziýada taýýarlyk görmek garaşýar.

Sportuň toparlaýyn görnüşlerinde şu günki üstünlikler barada aýdylanda türkmen basketbolçylarynyň çykyşyny aýratyn bellemek gerek. Sebäbi hut basketbol Türkmenistanyň sportda gazananlaryna sportuň kenardaky görnüşleri boýunça toparlaýyn ýaryşlarda ilkinji baýraklary getirdi. Munuň özi 2012-nji ýylda Hytaýda bolupdy. Şonda erkekler ýygyndy toparymyz finala çenli ýetip, netijede kümüş baýragy gazandylar.


Bu gezek hem türkmen basketbolçylary erkekler we aýallar toparlary bolup çykyş etdiler. Olaryň şu günki ilkinji çykyşy örän üstünlikli boldy. Esasanam Nepalyň ýygyndysy bilen duşuşan gyzlar üçin üstünlikli boldy. Irina Ýakowlewanyň türgenleri öz garşydaşlaryndan 18:6 hasabynda üstün çykdylar. Türkmenistanyň erkekler ýygyndy topary şu gün iki duşuşyk geçirdi. Ilkinji oýunda biziň watandaşlarymyz Omanyň topary bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda türkmenistanlylar hasapda öz garşydaşlaryndan hemişe öňde boldular, emma iň soňky minutlarda Omanly basketbolçylar birnäçe ýiti hüjümleri geçirip, duşuşygy öz peýdalaryna 14:13 hasabynda tamamlamagy başardylar.

Bu ýeňiliş biziň türgenlerimizi ikinji duşuşygyň – Hytaýda bolup geçen geçenki Aziýa oýunlarynyň ýeňijisi bolan Owganystanyň ýygyndysy bilen duşuşygyň öňýanynda has-da tijenmäge mejbur etdi. Türkmenistanlylar ilkinji sekuntlardan öňdeligi öz ellerine aldylar we bu ýagdaýy jemleýji jürlewik çalynýança saklap, netijede 10:7 hasabynda ýeňiş gazandylar.


16-njy noýabrda türkmen basketbolçylary topardan saýlanmaga çykmak ugrunda oýunlaryny dowam eder. Şeýle hem olara biziň woleýbol we gondbol boýunça toparlarymyz goşular, kuraş göreşi, erkin göreş we petanka boýunça ýaryşlar dowam eder. 18-nji noýabrda bolsa taýboksy boýunça türkmen türgenleri özleriniň ilkinji duşuşyklaryny geçirer.

Şu günki güne çenli Türkmenistanyň ýygyndy toparynda eýýäm medallaryň 7-si – bir altyn, iki kümüş we dört bürünç medallar bar. Bu bolsa umumy toparlaýyn hasapda olaryň ilkinji onlukda ornuny henizem kegsitleýändigini görkezýär.