Ï Türkmenistan-ABŞ: medeniýet ulgamynda gatnaşyklary ösdürip
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan-ABŞ: medeniýet ulgamynda gatnaşyklary ösdürip

view-icon 776
Şu gün türkmen paýtagtynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri dabaraly ýagdaýda açyldy we türkmen we amerikan döredijilik toparlarynyň bilelikdäki konserti boldy.

Döredijilik çäresi soňky ýyllarda halklaryň dostlugyny we özara düşünişmegini pugtalandyrmagy, medeni-gumanitar ulgamda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegi maksat edinen iki ýurduň üstünlikli ösýän medeni gatnaşyklaryny dowam etdirýär. Mälim bolşy ýaly, medeniýet ugrunda türkmen-amerikan gatnaşyklarynda bilelikdäki taslamalaryň we çäreleriň birnäçesi bar, olaryň her biri iki ýurduň medeniýetleriniň özara baýlaşmagyna, netijeli hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam edýär.

Häzirki wagtda türkmen we amerikan alymlary, şeýle hem medeniýet işgärleri ylmyň dürli ugurlarynda, şol sanda taryh we arheologiýa, medeniýeti öwreniş hem-de etnografiýa babatda işjeň hyzmatdaşlyk edýärler, muzeý we kitaphana işi, habar beriş serişdeleri babatda hünärmenleriň gatnaşyklary giňelýär. Amerikan hünärmenleriniň Türkmenistanyň çäklerinde arheologiki barlaglara işjeň gatnaşandygyny, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň “ABŞ-nyň medeni mirasy gorap saklamak baradaky ilçisiniň gaznasy” atly her ýylky maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň taryhy-medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen taslamalara goldaw berilýändigini ýatlap geçmeli. Bu ugurda geçirilen işleriň soňky mysallarynyň biri Gadymy Merwde ägirt uly taryhy ýadygärligi—Gyzgala galasyny gorap saklamakda türkmen hünärmenlerine kömek bermegi bolup durýar. Häzirki wagtda Nýu-Ýorkda Metropoliten sungat muzeýinde Türkmenistandan Seljuk döwrüne bagyşlanan sergini guramak üçin iş alnyp barylýar.


Amerikadan gelen wekiller Türkmenistanda geçirilýän halkara festiwallaryna, sergilerine we ylmy maslahatlara hem işjeň gatnaşýarlar. Beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygyna bagyşlanylan çäreler iki ýurduň alymlarynyň netijeli hyzmatdaşlygynyň mysaly bolup hyzmat edýär. Türkmen şygryýetiniň nusgawy şahyrynyň iňlis dilindäki goşgular ýygyndysynyň neşir edilmegi Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Golýazmalar institutynyň we ABŞ-nyň iri ylmy--barlag we bilim merkezi bolan Smitson institutynyň alymlarynyň bilelikdäki işiniň netijesi boldy. Şahyrana ýygyndy şygryýet eserleriniň 300-den gowragyny, şol sanda uzak wagtlap giň jemgyýetçilige mälim bolmadyk we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Golýazmalar institutyndan bolan barlagçylaryň yhlasly zähmeti netijesinde beýleki ýurtlarda okyjylara elýeterli bolan eserleri özünde jemledi.

Meşhur döredijilik toparlaryny alyş-çalyş etmek medeniýet ulgamynda däp bolan çäreler boldy. Meşhur amerikan ýerine ýetirijileriniň we aýdym-saz toparlarynyň çykyşlary, amerikan kinosynyň günleri we beýleki bilelikdäki çäreler Türkmenistanda uly üstünlik bilen geçirilýär.

Medeniýet günleriniň hem öz taryhy bardyr, ol hakykatda her ýylky bilelikdäki çäre boldy. 2011-nji ýylyň sentýabrynda Amerikan Birleşen Ştatlarynyň Kaliforniýa ştatynyň San-Diýego we El-Kažon şäherlerinde garaşsyz Türkmen döwletiniň 20 ýyllygyna bagyşlanan Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň geçirilendigini ýatlap geçmek ýeterlikdir, şolar giň jemgyýetçilik seslenmesini döretdi. Şol çäreleriň çäklerinde millli şekillendiriş we amaly—haşam sungatynyň eserleriniň, türkmen halylarynyň sergisi, şeýle hem häzirki Türkmenistana degişli fotosergi guraldy. Şonda Kaliforniýa ştatynyň dolandyryş edarasynyň, San-Diýego we El-Kažon şäherleriniň baştutanlary tarapyndan şu şäherlerde 31-nji awgusty Türkmenistanyň Güni diýip yglan etmek baradaky Jarnama kabul edildi, munuň özi biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlugyň aýdyň nyşany bolup durýar.

2011-nji ýylyň noýabrynda iki ýurduň döwletara hyzmatdaşlygynyň taryhynda şanly sene bolan Türkmenistanyň hem-de Amerikan Birleşen Ştatlarynyň arasynda diplomatiki gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 20 ýyllygyna bagyşlanylan Türkmenistanyň Medeniýet günlerini geçirmek üçin medeniýet we ylmy işgärleriň, döredijilik toparlarynyň wekiliýeti Waşingtona iberildi. 2012-nji ýylyň Noýabrynda ABŞ-nyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň çäklerinde biziň ýurdumyz Amerikanyň wekillerini—alymlary, sazandalary, suratkeşleri, zergärleri we aşhana sungatynyň ussatlaryny kabul etdi.

2013-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri baba-bat ABŞ-nyň üç şäherinde- Waşingtonda, Nýu-Ýorkda we Albekertde geçirildi. Bu uly möçberli çäre baý maksatnamasy bilen tapawutlandy, onda türkmen halkynyň aýdym-saz, tans, amaly-haşam sungaty görkezildi. Döredijilik maslahatynyň çäginde Waşingtonda “Magtymguly we Türkmenistanyň sungatyna hem-de medeniýetine onuň täsiri” atly ylmy maslahat geçirildi. Iki ýurduň alymlary Magtymguly Pyragynyň eserlerini mundan beýläk-de öwrenmegiň, olary wagyz etmegiň hem-de dünýä dillerine terjime etmegiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.


Türkmenistanyň wekiliýeti ABŞ-nyň Döwlet departamentinde kabul edildi, şonda medeni gatnaşyklar ugry boýunça mundan beýläk-de bilelikde iş geçirmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şu çäräniň çäklerinde iki dostlukly ýurduň medeniýet we sungat işgärleriniň köpsanly duşuşyklary hem boldy.

Häzirki medeni çärä gatnaşmak üçin wekiliýet Türkmenistana geldi, şol çäre dört günüň dowamynda Aşgabatda, şeýle hem ýurdumyzyň Lebap we Daşoguz welaýatlarynda geçiriler. Onuň düzümine Smitson institutyndan alymlar, muzeý işiniň hünärmenleri, kinorežissýorlar we şekillendiriş sungatynyň wekilleri, şeýle hem meşhur “Mahogani Jons” we “Kompaniýa E” döredijilik toparlary girdi.

Amerikanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň dabaraly açylyşy Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde boldy, şol ýerde şu gün agşam Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, biziň ýurdumyzda resmi taýdan bellenilen diplomatiki wekilhanalaryň, habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, döredijilik intelligensiýasy, döredijilik ugurly ýokary okuw mekdepleriniň talyplary ýygnandylar.

Bu çäräniň açylyş dabarasynda iki ýurduň medeni gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmekde, halklaryň dostluk gatnaşyklaryny hem-de özara düşünişmegini berkitmekde, tejribe alyşmakda hem-de taryhy-medeni mirasy wagyz etmekde onuň aýratyn orny nygtalyp geçildi.

Biziň ýurdumyza ilkinji gezek gelip gören ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa meseleleri boýunça kömekçisiniň orunbasary Aýlin O Konnor öz gutlag sözünde häzirki wagtda Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda işjeň amala aşyrylýan medeni alyş-çalşyň halklaryň milli däpleri bilen tanyşmak, daşymyzy gurşap alan dünýä oňat düşünmek mümkinçiligini berýär diýip belledi. Medeniýet günleri medeni babatda hyzmatdaşlygymyzyň bary-ýogy kiçeňräk bölegidir, ol diňe bir ýerine ýetirijililik sungatyny däl, eýsem, medeni mirasy gorap saklamagy hem gurşap alýar diýip, ol aýtdy.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň wekili Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa, häzirki uly möçberli medeni çäräni guraýjylaryň ählisine onuň durmuşa geçirilmegi, şeýle hem amerikan wekiliýetine görkezilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirdi.

Medeni çäräniň birinji gününiň ahyrynda türkmen we amerikan artistleriniň konserti boldy. Onuň maksatnamasyny meşhup “Mahogani Jons” hip-hop toparynyň we “Kompaniýa E” tans toparynyň, şeýle hem “Galkynyş”, “Serpaý”, “Laçyn” we “Miras” türkmen halk döredijiligi toparlarynyň çykyşlary düzdi.

“Mahogani Jons” aýdym-saz topary öz adyny toparyň esasy aýdymçysynyň adyndan aldy, ol hip-hop stilinde aýdym-sazy wagyz ediji hökmünde Amerikanyň çäklerinden daşarda bellidir. Öz işiniň ussatlary—deprekçi we perkussionçy Ueýn Ramokan, gitaraçy Saşa Karpenko, aýdymçy Jeýsi Kapris, şeýle hem toparyň dijeýi we prodýuseri Aýronik Li hem toparynyň düzümine girýär.

Tomaşaçylara Waşingtondan bolan häzirki zaman tans topary, tans biliminde we düzgün-nyzamlaryň arasyndaky sungatlarda ünsi çekýän “Kompaniýa E” tans topary özboluşly horeografiýa kompozisiýalaryny görkezdi. “Kompaniýa E” topary Pol Gordon Emersonyň, Ketrin Sidel Pilkingtonyň we Jeýson Garsiýa Ignasionuň çeper ýolbaşçylygynda tansçylar toparyny birleşdirýär, topar tansyň belli bir tehnikasyny ýa-da filosofiýasyny saklamaýar, başarjaň tansçlary, sazandalary we aýdymçylary agtarmak bilen meşgullanýar.

Milli aýdymlary we tanslary ýerine ýetiren meşhur türkmen toparlary myhmanlaryň çykyşlarynyň sazlaşykly üstüni ýetirdiler. Küştdepdi tansynda aýdyň lybaslar, milli saz gurallarynyň owazlary, artistleriň däp bolan hereketleri tomaşaçylara gadymy we baky ýaş Türkmenistanyň ruhuna aralaşmaga kömek etdi.

Tansçylaryň adaty bolmadyk energetikasyna, ýerine ýetirijileriň kämil hem-de kuwwatly aýdym-saz çykyşlaryna haýran bolan zal özlerine iki dostlukly ýurduň sungaty bilen täsin we unudylmaz duşuşygy bagyş eden artistlere şowhunly el-çarpdylar.

Ertir ABŞ-nyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň çäklerinde Şekillendiriş sungaty muzeýinde amerikan we türkmen suratçylarynyň eserleriniň “Iki çölüň ruhy” atly sergisiniň açylyşy bolar, ony Nýu-Meksika ştatyndan bolan suratkeş Diana Stetson hödürleýär. Türkmenistandan bolan şekillendiriş sungatyna beletler we ony söýüjiler suratkeşiň döredijiligi bilen tanyşdyrlar. Sebäbi suratkeş 2012-nji ýylda ABŞ-nyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň çäklerinde öz işlerini hödürledi. Şol gün “Aşgabat” kinomerkezinde “Bak”, “Pyrlanýan tabaklar”, “Garaňky şäher”, “Sen şuny gurup bilseň” atly amerikan kinolarynyň görkezişleri başlanar. ABŞ-nyň kinematografiýaçylary tarapyndan soňky ýyllarda surata düşürilen filmler möhüm häzirki zaman mowzuklaryna bagyşlanandyr.

Bu çäräniň çäklerinde “Türkmenistan” kinokonsert merkezinde “Kompaniýa E” we “Aşgabat” toparlarynyň, şeýle hem Türkmen milli konserwatoriýasynyň toparynyň bilelikdäki konsertleri bolar. Amerikan artistleri konsert programmasy bilen “Döwletliler köşgünde” terbiýelenýänler üçin 22-nji noýabrda hem çykyş ederler.

Amerikan hünärmenleri, şol sanda muzeý öwrenijiler, saz öwrenijiler, kinorežissýorlar, suratkeşler öz türkmen kärdeşleri bilen duşuşarlar we paýtagtymyzyň döredijilik okuw mekdepleriniň birnäçesinde ussatlyk okuwlaryny geçerler. Dostlukly ýurduň döredijilik toparlary Lebap we Daşoguz welaýatlarynda hem konsertler bilen çykyş ederler.

Medeniýet günleri bilelikdäki dostluk konserti bilen tamamlanar, ol 24-nji noýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň sahnasynda bolar.

Amerikan myhmanlary üçin ýurdumyzyň muzeýleriniň ekspozisiýalary, şeýle hem türkmen paýtagtynyň ajaýyp ýerleri bilen tanyşdyrýan giňişleýin medeni maksatnama taýýarlanyldy.