Ï Türkmen türgenleriniň nobatdaky medaly
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen türgenleriniň nobatdaky medaly

view-icon 905
Türkmenistanlylar Tailandda kenarýaka oýunlarynda ýene-de bir bürünç medaly gazandylar. Bu gezek taý boksunyň ussady Nabat Batyrowa tapawutlandy. Ol 57 kilograma çenli agram derejesinde hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy.

Orazmuhammet Bäşimowyň şägirdi ýarym final duşuşykda Yrakdan bolan türgen bilen duşuşdy. Ildeşimiziň garşydaşy çekeleşikli geçen duşuşykda kynlyk bilen ýeňiş gazandy.

22-nji noýabrda ýeňijileri we baýrak eýelerini sylaglamak dabarasy bolar. Şonda N.Batyrowa mynasyp bolan bürünç baýragy dabaraly ýagdaýda gowşuralar. Bu baýrak biziň ildeşlerimiziň Taialandda gazan on birinji medalydyr.

Türkmen zenan türgeni biziň ýurdumyza toplumlaýyn ýaryşlarda ozal wekilçilik edipdi: ol ýapyk binalarda söweş sungaty boýunça Koreýanyň Inçhon şäherinde geçen ýyl geçirilen IV Aziýa oýunlaryna gatnaşdy. Ýöne onuň esasy arzuwy 2017-nji ýylda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda geçiriljek V Aziadada altyn medal gazanmakdyr.

Nabat bu ugurda ilkinji ädimini ätdi, çünki kenarýaka Aziýa oýunlarynda gazanan bürünç medalyna ol öz aruwyny amala aşyrmakda möhüm tapgyr hökmünde baha berýär.