Ï Türkmen wekiliýeti TÜRKSOÝ-yň geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen wekiliýeti TÜRKSOÝ-yň geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

view-icon 929
21-nji noýabrda Kazanda TÜRKSOÝ-yň Hemişelik geňeşiniň ХХХII mejlisi hem-de 2014-nji ýylda Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan “Kazan-türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilen ýylyň tamamlanmagyna hem-de bu derejäniň Türkmenistanyň Mary welaýatynyň dolandyryş merkezine resmi tertipde berilmegine bagyşlanan dabaraly çäreler boldy.

Forumyň öňüsyrasynda Hökümet Öýünde Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň Kazana gelen wekiliýetleriň ýolbaşçylary bilen duşuşygy boldy. Söhbetdeşligiň barşynda R.Minnihanow medeni we gumanitar hyzmatdaşlygyň ýurtlarymyzyň uzakmöhletleýin gatnaşyklaryna esaslanýandygyny hem-de ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin möhüm ähmiýete eýedigini nygtady.

Tatarystanyň lideri türki dünýäsiniň medeni paýtagty derejäniň indiki ýylda Türkmenistanyň Mary şäherinde geçýändigini belläp, ýurdumyz we baý taryhy-medeni mirasyna eýe bolup durýan halkymyz barada ýakymly sözleri aýtdy hem-de ähli babatda, şol sanda ýokary derejede ýola goýlan dostlukly, birek-birege ynam bildirilýän türkmen-tatar gatnaşyklaryna aýratyn ünsi çekdi.

Şu ýylyň iýunynda Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijeleri-de taraplaryň ähli ugurlarda hyzmatdaşlygy çaltlandyrmagy maksat edinýändigini tassyklady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Russiýa Federasiýasy bilen giň we netijeli gatnaşyklary ösdürmek arkaly, onuň iri sebitleri, hususan-da, Tatarystan Respublikasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmagy maksat edinýändigini hem-de öňden bäri deňhukuklylyga, ynama we özara bähbitlere hormat goýulmagyna mahsus ýörelgeler esasynda guralyp, däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklaryň baglanyşdyrýandygyny belledi. Gumanitar ugurda-- bilim we ylym, medeniýet, sport we syýahatçylyk boýunça özara arkalaşykly hereket edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.


TÜRKSOÝ-yň Hemişelik geňeşiniň mejlisine gatnaşýan wekiller bilen duşuşygyň barşynda Prezident R.Minnihanow Tatarystanyň Türkmenistana diňe bir geljegine uly ynam bildirilýän hyzmatdaş hökmünde däl-de, göwnaçyk, ygtybarly dost hökmünde garaýandygyny hem-de türkmen we tatar halklaryny dil we medeniýet babatda umumylygyň, taryhyň dowamynda kemala gelen däp-dessurlaryň baglanyşdyrýandygyny nygtap, türki dünýäsiniň medeni paýtagty derejesiniň Kazandan Mary şäherine geçmeginiň özboluşly ähmiýete eýedigini aýtdy.

Tatarystanyň baştutany mumkinçiliklen peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we tutuş türkmen halkyna tüýs ýürekden çykýan salamyny ýollady.

Ýeri gelende aýtsak, geçen ýylyň iýulynda türkmen ýygyndy topary Kazanda geçirilen ХХVII Bütindünýä uniwersiadasyna gatnaşdy, şonda türgenlerimiz ilkinji gezek şunuň ýaly wekilçilikli sport ýaryşynda gatnaşyp, 14 medala eýe boldular, şolaryň 9-sy guşakly göreş boýunça gazanyldy. Şu günler bolsa Tatarystanyň türgenleri Aşgabatda guşakly göreş boýunça 12-nji dünýä çempionatynda we türkmen milli göreşi boýunça 1-nji dünýä çempionatynda Russiýa Federasiýasyna wekilçilik etdiler.

Ýetginjekleriň arasynda hokkeý boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogyny eýelemek ugrunda ýaryşda birinji orny eýelän “Bürgüt” toparynyň 2012-nji ýylda Kazana gelip, meşhur “Ak bars” hokkeý toparynyň çagalar mekdebiniň binýadynda okuw-türgenleşik geçmegi şu ugurdaky gatnaşyklaryň göwnejaý ýola goýulýandygyny aýdyň görkezýän mysaldyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ugur boýunça tatarystanly dostlar we hyzmatdaşlar bilen tejribe alşylmagyna uly gyzyklanma bildirilýändigini birnäçe gezek aýtdy. Munuň özi 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljik Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görülmegi bilen baglylykda uly ähmiýete eýe bolýar.

Şeýle hem golaýda, şu aýyň başynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň paýtagtynda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň üstünlikli geçirilendigini aýtmak gerek.

TÜRKSOÝ-yň Hemişelik geňeşiniň mejlisi barada aýdanyňda, bu mejlis 21-nji noýabrda Kazanyň Ratuşasynda geçirildi. Duşuşyga Tatarystan Respublikasynyň premýer-ministri Ildar Halikow, TÜRKSOÝ-yň baş sekretary Dusanbaý Kaseinow, şeýle hem bu guramanyň agzasy bolan ýurtlaryň—Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň we Türkmenistanyň medeniýet ministrleri gatnaşdylar.

Mejlisde “Kazan-2014-nji ýylda türki dünýäsiniň paýtagty” atly maksatnamanyň çäklerinde geçirilen çäreler barada jemleýji maglumat bilen tanyşdyryldy hem-de 2015-nji ýylda türki dünýäniň paýtagty diýen derejäniň Türkmenistanyň Mary şäherine berilýändigi yglan edildi. Şunuň bilen baglylykda, indiki ýylda Maryda doganlyk ýurtlaryň wekiliýetleriniň we döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda geçiriljek medeni çäreleriň meýilnamasy tassyklandy. Hususan-da, bu maksatnamada ylmy forumlary, tanymal estrada aýdymçylarynyň we bagşylaryň konsertlerini, şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergileri, fotosuratlaryň sergileri, teatr oýunlarynyň we kinolaryň görkezilişi, ýazyjylaryň simpoziumlary, medeniýet ulgamyna degişli edaralaryň işgärleri üçin amaly okuw maslahatlary we başga-da ençeme çäreleri guramak göz öňünde tutulýar. Şeýle hem Maryda TÜRKSOÝ-yň howandarlyk etmeginde däbe öwrülen döredijilik çäreleri – TÜRKSOÝ-yň agzasy bolan ýurtlaryň suratkeşleriniň işleri, heýkeltaraşlaryň, fotosuratçylaryň, teatr işgärleriniň duşuşyklary, muzeý işi boýunça halkara forum, edebi žurnallaryň kongresi we beýlekiler guralar.

2015-nji ýylda TÜRKSOÝ-yň wagtlaýyn utgaşdyryjysy hökmünde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ýolbaşçysy saýlandy. Bellenilen döwrüň ahyrynda Maryda Türki medeniýetiň halkara guramasynyň nobatdaky ХХХIII maslahatyny geçirmek göz öňünde tutulýar.

Her ýyly türki medeniýetiň ösüşine uly goşant goşan görnükli şahsyýetlere bagyşlamak eýýäm däbe öwrüldi. 2014-nji ýyl 290 ýyllyk ýubileýi mynasybetli türkmen şahyry, akyldar Magtymguly Pyragynyň hem-de gyrgyz bagşysy Toktogul Satylganowyň ýyly diýlip yglan edildi. Hemişelik geňeş 2015-nji ýyly türk ýazyjysy we dramaturgy Taner Haldunyň ýyly, şeýle hem Hakasiýanyň milli rowaýatçysynyň doglan gününiň 130 ýyllygy mynasybetli Semýon Kadyşewiň Ýyly diýip yglan etmek baradaky çözgüdi kabul etdi.

Ýeri gelende aýtsak, TÜRKSOÝ agza ýurtlaryň arasyndaky medeni hyzmatdaşlygy ösdürmegiň netijeli guralyna öwrülmek bilen çäklenmän, halkara hyzmatdaşlygyna köpsanly döwletleriň we halklaryň goşulmagyna ýardam berýär. Muňa mysal edip, Magtymguly Pyragynyň 290 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň diňe bir türki döwletlerde däl-de, Ýewropanyň, Aziýnyň, Amerikanyň köp ýurtlarynda geçirilendigini görkezmek bolar.

“Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” atly taslama ýene bir başlangyç bolmak bilen, halkara giňişliginde türki halklaryň medeniýeti bilen tanyşdyrmaga mümkinçilik berýär. Bu başlangyjyň amala aşyrylmagyna 2012-nji ýylda badalga berildi, şonda Astana medeni paýtagt diýlip yglan edildi, 2013-nji ýylda Türkiýedäki Eskişehire , 2014-nji ýylda Kazan şäherine şol dereje berildi. 2015-njiý yylda bu hormatly derejä Mary şäheri eýe boldy. Ýeri gelende aýtsak, bu şäher şeýle wezipäni ozal hem üstünlikli ýerine ýetirdi: 2012-nji ýylda ol GDA ýurtlarynyň medeni paýtagty boldy.

Şu dabaraly çäreleriň çäklerinde “Kazan-2014-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty” atly çäre Kazanyň “Tatneft-arena” toplumynyň sahnasynda “Türkvision-2014” atly II halkara telewizion aýdym-saz bäsleşiginiň gala-konserti bilen jemlendi. Bu konsert aýdym-saz bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynyň öňüsyrasynda dabaraly çäre bolup, şonda Kazan medeni paýtagtyň nyşanlaryny TÜRKSOÝ-yň ministrleri tarapyndan saýlanan Mary şäherine gowşurdy: Tatarystanyň Prezidenti Rustam Minnihanow Türkmenistanyň medeniýet ministrine türki dünýäsiniň medeni paýtagtynyň wympelini gowşurdy.

“Biziň şäherimiz türki dünýäsiniň paýtagty bolan üçünji şäherdir, bu gün şol derejäni Türkmenistana geçirmek barada çözgüt kabul edildi. Biz türkmenistanly doganlarymyzy gutlaýarys. Türki dünýäsiniň nobatdaky paýtagtyndaky baýramçylygyň ýokary derejede geçiriljekdigine ynanýaryn hem-de gazanýan üstünlikleriňiz bizi diýseň begendirýär” diýip, R.Minnihanow aýtdy.

“Türkvision-2014” atly bäsleşikde türkmenistanly aýdymçy Züleýha Kakaýewa döwrebap sazda milli adatlaryň saklanýandygy üçin ýörite baýraga mynasyp boldy.