Ï Türkmen küştçüleriniň üstünlikleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen küştçüleriniň üstünlikleri

view-icon 938
Ýaş türkmen küştçileri Delide (Hindistan) geçirilen 14,16 we 18 ýaşly ýaşlaryň we gyzlaryň arasynda Küşt boýunça Aziýanyň çempionatynda altyn we kümüş medallary gazanmagy başardylar.

Ýaryşda aziýa ýurtlarynyň 14-si çykyş etdiler. Türgenler üç dereje boýunça: nusgawy küşt, rapid we blis boýunça bäsleşdiler. Olar biri-birinden her doly tapgyra göýberilýän wagt tapawutlandyrýar. Eger-de nusgawy küşt oýnunda göçüm üçin bir ýarym sagat 30 sekunt göýberilýän bolsa, rapide eýýäm 15 minut we 10 sekunt, blisde bolsa ol 3 minut we 2 sekunda deňdir.

Türkmenistanyň toparynyň düzümi üç oglandan we üç gyzdan ybarat boldy. Olaryň ählisi özleriniň ýaş aýratynlygy boýunça Türkmenistanyň çempionlarydyr. Olaryň bäşisi Aşgabat şäheriniň küşt mekdebinde, birisi bolsa Marynyň küşt mekdebinde bilim alýar.


Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Serdar Annaberdiýew topara umumy ýolbaşçylyk edýär. Onuň tälim berýän 1997-nji ýylda doglan Rüstem Nazarow 18 ýaşly türgenleriň arasynda blis boýunça geçirilen ýaryşda altyn medaly gazanmagy başardy. Ol 7 oýunda 5,5 utuk gazanyp, beýleki ýaryşa gatnaşýanlaryň 17-niň arasyndaky çekeleşikli bäsleşikde bitinji ýeri aldy. Rüstem 2008-nji ýyl bäri küşt bilen meşgullanyp gelýär. Ondan bäri ol dört sapar Türkmenistanyň çempiony bolmagy başardy. 2010-njy ýylda ol Angliýada geçirlen intellektual oýunlarda we Germaniýada küşt boýunça Halkara ýaryşynda birinji ýeri aldy. 2012-nji ýylda ol Wengriýada abraýly ýaryşlarda birinji ýere mynasyp boldy, geçen ýyl bolsa Eýran Ysalm Respublikasynda geçirilenAziýanyň çempionatynda ol iň gowy aziýa küşütçileriniň bäşligine düşmegi başardy.

Blisiň şol derejesinde 18 ýaşa çenli topardaky gyzlaryň arasynda 1998-nji ýylda doglan Meňli Öwezowa üstünlikli çykyş etdi. Ol türgen gyzlaryň 26-nyň arasynda baýrakly orun ugrunda bäsleşdi hem-de 7 oýundan 5,5 utuk gazanyp, ikinji ýeri eýeläp, kümüş medaly gazanmagy başardy. Bu türgen gyz Serdarguly Baýramsähedowyň ýolbaşçylygynda türgenleşýär. Ol 2006-njy ýyldan bäri küşt bilen meşgullanyp gelýär hem-de häzirki wagtda öz ýaş topary boýunça Türkmenistanyň dört gezek çempionydyr.