Ï Täze sport meýdançalary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Täze sport meýdançalary

view-icon 1020
Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky etrabynyň doladyryş merkezinde we Köneürgenç etrabynyň Abadan geňe’liginiň çäklerinde her biri 350 orunluk bolan sport mekdepleriniň ikisi ulanmaga berildi.

Täze sport mekdeplerinde woleýbol, basketbol, tennis, boks, milli göreş, başa-baş söweşiň beýleki görnüşleri boýunça türgenleşik sapaklaryny geçirmek üçin ähli şertler döredilendir. Giň, köp ugurly zallary sebitleýin ýa-da milli derejedäki, şeýle hem halkara derejedäki köpçülikleýin bäsleşikleri guramak üçin niýetlenendir. Şeýle hem bu ýerde ykjam we oňaýly okuw otaglary, müdürligiň we beýleki kömekçi jaýlar bardyr.

Gök otly futbol meýdançasynda, ylgaw ýodajyklarynda, hereketli oýunlar üçin meýdanlarda, tennis kortlarynda sagdyn dumuş ýörelgesine ýykgyn edýänler bilen köpçülikleýin ýaryşlary geçirmäge mümkinçilik bar. Onuň netijesinde bolsa atletikaçylary taýýarlamak işler ep-esli ýokarlanar.