Ï Goý bilegi güýçli ýyksyn
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Goý bilegi güýçli ýyksyn

view-icon 954
Aşgabatda guşakly göreş we milli türkmen göreşi boýunça dünýä çempionatyna bagyşlanyp, Halkara guşakly göreş federasiýasynyň (HGGF) ýerine ýetiriji komitetiniň mejlisi geçirldi. Biziň habarçymyz bu halkara sport guramasynyň prezidenti Ruslan MAHMUTOW bilen duşuşyp, onuň bilen söhbetdfeş boldy.

Ruslan Raşidowiç, dünýä çempionatyna görülen taýýarlyk boýunça geçirilen işlere nähili baha berýärsiňiz?

Dünýä çempionatyna taýýarlyk görmek - bu örän uzak iş hem-de bu iş öz wagtynda geçirilipdir. Men ilkinji nobatda, Türkmenistanyň Hökümetine, Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň işgärlerine, çempionatyň geçirilmegine ýakyndan beren goldawy üçin siziň ýurduňyzyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa sag bolsun aýdýaryn. HGGF ýerine ýetiriji komitetiniň agzalary, tälimçiler, türgenler we dünýäniň köp ýurdundan gatnaşan hem-de çempionata hyzmat eden emin agzalary bu günki gün ýer eýelerine mähirli garşylandyklary we Aşgabadyň iň häzirki zaman myhmanhanalarynyň birinde ýerleşirendikleri, dynç almak we işlemek üçin oňaýly şertleri döredendikleri üçin öz hoşallyklaryny bildirýärler. Türkmenistanyň paýtagtynyň täze gurluşyklaryna buýsanman durup bilemok. Diňe ykdysady taýdan güýçli döwlet şeýle uly möçbrdäki durmuş-ykdysady ähmiýetli gurluşyk işlerini ýerine ýetirip biler. Ähli myhmanlaryň adyndan – dünýä çempionatyna gatnaşyjylaryň adyndan türkmen halkyna myhmansöýerlikleri üçin uly sag bolsun aýdýaryn.

– Türkmen sportunyň derejesi barada siz näme aýdyp bilersiňiz?


– Türkmenistanda diňe bir bedentarbiýäni we sporty ýaýbaňlandyrylmak bilen çäklenilmeýändigi meni buýsahdyrýar. Şu ýylyň iýun aýynda men bu ýerde myhmançylykda boldum hem-de sportuň ýagdaýy bilen tanyşmaga mümkinçilik aldym. Siz bagtly adamlar. Sebäbi Türkmenistana akylly, öňdengörüjilikli döwlet işgäri – Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýobaşçylyk edýär. Hormatly Prezident beden taýdan sagdyn we ruhy taýdan baý adamyň jemgyýetiň iň gymmatly baýlygydygyna örän gowy düşünýär. Prezident ösüniň şahsy göreldesi bilen ýurduň bütin ilatyny bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çekýär. Türkmenistanda sport desgalarynyň gurluşygy çalt depginler bilen alnyp barylýar. Maňa olimpiýa şäherçesiniň gurluşygynyň gidişi bilen tanyşmaga mümkinçilik boldy. Bu gurluşyk özüniň göwrümi we häzirki zaman tehniki çözgütleri bilen haýran galdyrýar. Sebitde onuň deňi-taýy ýok. Men ýurtda köp sanly sport mekdepleriniň gurulandygyny gördüm. Bu mekdeplerde ýaş türgenler sport ussatlygynyň inçe syrlaryny ele alýarlar. Bu bolsa ýaş nesligiň gelejegi, dünýäniň sport meýdançalaryndaky gelejekki ýeňişler baradaky aladadyr. Siziň ýurduňyzda soňky ýyllarda gurulan bilim we mekdebe çenli ýaşly çagalar üçin gurulan edaralaryň iň häzirki zaman türgenleşik enjamlary bilen üpjün edilen sport zallary, basketbal we woleýbol meýdançalary, suwda ýüzüş howdanlary, tennis kortlary we beýleki sportuň köp görnüşi bilen meşgullnmaga niýetlenen zallary örän begendirýär.


Eger-de guşakly göreş barada anyk bir zat aýtmaly bolsa, onda türkmen türgenleri sportuň bu görnüşi boýunça dünäý arenasynda öňdäki orunlaryň birini eýeleýärler. Türkmenistanyň ýygyndysynyň görkezijisi iň ýokary görkezijileriň biridir. Türkmen pälwanlary dürli halkara bäsleşiklerine gatnaşmak bilen, altyn we beýleki medallaryň eýeleri bolmagy başarýarlar. Häzirki geçirilýän dünýä çempionatynda men ahli türgenlere üstünlik gazanmaklaryny arzuw edýärin. Goý göreşde güçýçli ýeňsin!