Ï Alpinistler Köpetdagyň gaýalarynda bäsleşdiler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Alpinistler Köpetdagyň gaýalarynda bäsleşdiler

view-icon 876
Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň we “Agama” alpinistler kluby bilen bilelikde gaýa çykmak sporty boýunça Türkmenistanyň Kubogyny almak boýunça guran ýaryşynyň ýeňijileri belli boldy. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Çagalar gaznasynyň we Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýeti goramak baradaky döwlet gullugy müdürliginiň goldaw bermeklerinde geçirilen bäsleşikler Gökdere jülgesiniň ajaýyp tebigy relýefinde geçirildi.

Bäsleşige jemi bäş topar: Aşgabat şäherinden iki topar, Ahal, Balkan we Lebap welaýatlarynyň toparlary gatnaşdylar. Ýaryşlar ýörüte taýýarlanan ýollarda üç ugur boýunça – “bouldering” boýunça geçirildi. Onuň tapgyrynda çylşyrymly ýollar, ýokarlygyna çalt çykmak görnüşleri bar. Bäsleşigi guraýjylar, geçen ýyllarda geçirilen bäsleşiklerden tapawutlylykda, gaýalaryň ýollaryny ep-esli çylşyrymlaşdyrdylar, bäsleşigiň düzgünine estafetany goşdular.


Gaýa çykyjy tomaşaçylara we eminlere ýoly özbaşdak geçmegi we gaýanyň çylşyrymly böleklerini geýmegi başarýandygyny görkezmelidi. Bu bolsa ýeňil wezipe däl: hökman düýpli türgenleşik gerek. Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti we “Agama” alpinistler kluby şeýle bäsleşikleri ýylyň ýaz we gýüz pasyllarynda yzygiderli geçirýärler. Klubyň türgenleşik geçilýän merkezi bolan “Demiýolçy” bedenterbiýe-sagaldyş toplumynda türgenler emeli diwarda yzygiderli türgenleşýärler. Şunuň ýaly emeli diwarda Balkanabatly türgenler hem türgenleşik işlerini geçýärler.

Bu güýzki geçirilen bäsleşikde Balkanly alpinistler ussatlyklaryny görkezmegi başardylar. Gysga ýolarda “Aşgabat-1” topary bilen örän çekeleşikli geçen bäsleşikde Bakanabadyň “Mert” alpinstler klubynyň wekilleri ýeňmegi başardylar. Şahsy hasapda alty ýolda iň gowy wagty Balkan welaýatynyň wekili Merdan Jumaýew görkezmegi başardy. Ol öz klubyndan Wladislaw Alyýewden we Aşgabatly Sergeý Nowikowdan, degişlilikde ikinji we üçinji orunlary eýelänler, üstün çykdy. Bäsleşigiň bu görnüşinde “Aşgabat-1” topary diňe ikinji orny eýeledi.

Gaýa ýokarlygyna çykmakda bolsa “Aşgabat-1” topary balakanabatly türgenlere garanyňda çalasyn hereket etdiler. Gaýa çalt çykmak ýolunyň ikisinde paýtagtly Sergeý Nowikow gowy wagty görkezdi. Ol Balkabatly türgenler Gidar Şirdatowdan we Wladislaw Alyýewden öňe geçdi. Üç ýol boýunça bäsleşen zenanlaryň arasynda paýtagtyň klubyndan gaýa çykmakda birnäçe gezek ýeňiji bolmagy başaran Nažiýa Kostowa iň gowy wagty görkezdi, ikinji orny Darýa Çikaidze (Balkanabat) eýeledi. Estafeta bäsleşiginde hem Aşgabatlylar ýeňdiler. Bäsleşigiň netijeleri boýunça toparlaýyn hasapda “Aşgabat-1” topary Türkmenistanyň göçme kubogyny eýelemegi başardy. Balakanabatly türgenler ýeňijilerden çala tapawut bilen yza galyp, ikinji orny, üçünji orna “Aşgabat-2” topary eýelediler. Köpetdagyň gaýalaryna çykmak boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri boýunça üstünlik gazanan türgenler hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandylar.