Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň işgärleri dekabr aýynyň 5-den 21 aralygynda Moskwada geçiriljek “Türkmen ruhunyň owazy” atly serginiň açylmagyna taýýarlyk görýärler. Bu sergi Russiýa Federasiýasynyň Döwlet Gündogar muzeýiniň we Medeniýet ministrliginiň hünärmenleriniň goldaw bermeklerinde geçirilýär.
Bu Russiýanyň we Türkmenistanyň çeper medeniýetleriniň gepleşiklerini işjeňleşdirmäge, döredijilik özara alyş-çalşyny höweslendirmäge gönükdirilen noatdaky çäre bize bu ulgamdaky waka gaýdyp getirýär. Onlarça ýyl mundan ozal – 1971-nji ýylda Moskwada russiýaly žiwopis bilermenleriniň arasynda uly üstünlik getiren biziň suratkeşlerimiziň ýedisiniň sergisi geçirildi. Olar Mämmet Mämmedow, Durdy Baýramow, Şamuhammet Akmuhammedow, Çary Amangeldiýew, Stanislaw Babikow, Gulnazar Bekmyradow we Juma Jumadurdyýew dagylardyr.
Sungaty öwrenijileriň köpüsi bu “ýedilige” şonda “ajaýyp” diýip baha berdiler, türkmen žiwopisiniň indiki nesillerine örän uly täsir etdi diýen pikire geldiler. Indi bolsa, 43 ýyldan soňra, Türkmenistanyň suratkeşleriniň eserleriniň 60-sy moskwaly hünärmenlere gşrkeziler. Bu sapar olaryň russiýaly hünärmenlere nähili täsir eder diýen hemmeleri tolgundyrýan soragyň türkmen şekillendiriş sungatyna gatnaşygy bardyr.
Öňde duran “Türkmen ruhunyň owazy” atly sergi dostlukly, doganlykly, ykdysady gatnaşykly, taryhy, häzirki we geljeki ýakyn gatnaşykly biziň ýurtlarymyzyň medeni hyzmatdaşlyk sene ýazgysynda uly waka bolar. Ol özara düşünişmäge, hakyky we ynamly gatnaşyklary berkitmäge hyzmat eder. Sebäbi žiwopis, umuman sungat, biri-biriniň kalplaryny açmak bilen, adamlara inçe tasirlerini ýetirmäge ukyplydyr.