Ï Tibet daglyk ýerleriniň belentlikleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Tibet daglyk ýerleriniň belentlikleri

view-icon 1244
Geçen gýüzde “Agama” alpinstler klubynyň agzalary Dmitriý Serebrýakowdan, Ruslan Baltaýewden, Gurban Pirmedowdan we Berdi Çaryýewden ybarat bolan Türkmenistanyň topary Tibet daglyk ýerlerine ekspedisiýa guradylar.

Ilkinji nokat Katmandu şäheri boldy. Nepaliň paýtagty indi ekspedisiýalaryň köpüsi üçin, şol sanda Tibete hem, badalga alynýan ýeri bolup galdy. Biziň toparymyz hem belentlikde 5300 metri geçip, şol ýerden badalga aldy hem-de Hytaýyň serhedin tarap ugrady.. Bu ýerden Gimalaýyň sekiz müň metrlik belentlikleriniň biri bolan Şişipangmuyň ajaýyp görnüşi açylýar.

Bu sebitde belentlik belgisiniň 3500 metrden pese düşmeýändigini bellemelidiris. Hytaýyň günorta-günbatarynda ýerleşýän Tibet iň daglyk ýurtdyr. Ulagda uzak ýoly geçip, (biziň syýahatçylarymyz üç ýarym müňden gowrak kilometr ýoly geçdiler) ýolugra birnäçe taryhy ýerlere baryp görüp, esasy maksat edinilýän ýere bardylar.


Biziň alpinistlerimiziň öňünde 53 kilometrden gowrak ýoly pyýada geçmek wezipesi durýardy. 4575 metr belentlikde ýerleşýän Derçen şäherçesinden badalga alyp, ýola düşdüler. Uzyn günläp hereket etmek bilen, 4909 metr belentlikde ýerleşýän ilkinji düşelgä bardylar. Ýol 4500 metr pes bolmadyk ýerden geçýärdi. Bu bolsa beýik daglyk hasap edilýär. Ýolda Tibet daglarynyň belli belentlikleriniň biri bolan Kaýlasyň görnüşi açylaýr. Bu ýer ýerli ýaşaýjylaryň köpüsi üçin dini häsiýete eýedir.

Bu ýeriniň belentligi adam bedeni üçin esasy mesele bolup durýar. Pes atmosfera basyşy, kislorodyň ýetmeüçiligi duýulýardy. Şular ýaly belentlige çykmak ýörüşine ilkinji gezek gatnaşýan Berdi Çaryýew şeýle duýgulary başdan geçirmeli boldy. Ýöne ol muňa garamazdan beýleki has tejribeli ýoldaşlaryndan yza galman öňe tarap hereket etdi.

Ýolagçylar ertesi gün ýollaryny dowam etdirdiler. Iň uzyn we çylşyrymly belentligi geçip, ýoluň 6700 metrdäki iň belent nokady bolan Drolma Lo düşelgä bardylar. Şeýle belentlik ekispedisiýanyň ýene-de ik agzasy Ruslan we Gurman üçin rekord boldy. Olaryň Ararata we Demawende çykmak tejribeleri bolsa-da, munuň ýaly belentlige heniz bir gezek hem çykyp görmändiler.

- Topar ýoluň ähli kynçylyklaryny üstünlikli geçdi diýip, ekspedisiýanyň ýolbaşçysy we gurnaýjysy Dmitriý Serebrýakow belledi, topar üçin şeýe belentlikler täzelik däl, ol Týan-Şanda we Pamirde dört sapar ýedi müň metrlige çykdy. – belentlikde agyr goş haltalary we bedene agram salmak ýeňil synag däl. Ýöne bu kynçylyklara degýär hem! Täze ýol geçildi, türkmen alpinizmi üçin täze sebiti açyldy, sebäbi Türkmenistanyň topary Tibet dadlyklarynda ilkinji sapar boldy. Öňde goýlan maksada ýetmek ekspedisiýanyň her bir agzasy üçin ýakymly boldy. Bu belent daglarda gazanylan üstünlikdir.

Dromla Lo birinji düşelgedäki Lham Çukir derýasynyň ugrunda bir gije ýatyp, ýene-de aňry gitdik. Üçünji gün halkalaýyn ýoly tamamladyk we badalga alan ýerimize pellehana geldik. Olar üçin köp rowaýatlara eýe bolan iň owadan Manasarwar köli özboluşly sowgat boldy.

Soňra biziň syýahatçylarymyz Tibetiň dolandyryş merkezi Lhasua baryp gördüler. Olar bu ýeriniň owadan ýerleri bilen tanyş boldular. Türkmenistanyň Tibet daglaryna ilkinji saparyny amala aşyran Türkmenistanyň alpinistler topary soňra öýe tarap ýola düşdi.