Ï Mara “Türki dünýäniň medeni paýtagty – 2015” nyşany gowşuryldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Mara “Türki dünýäniň medeni paýtagty – 2015” nyşany gowşuryldy

view-icon 853
Marynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda Mary welaýatynyň dolandyryş merkezine türki dünýäniň medeni paýtagty diýen nyşanyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Medeni paýtagtyň derejesiniň nyşanlary Türkmenistana 2014-nji ýylda bu ady göteren Kazan şäherinden getirildi.

Dabaranyň dowamynda 2010-njy ýylda Stambulda TÜRKSOÝ-yň agza ýurtlarynyň şäherleriniň birini her ýylda türki dünýäniň medeni paýtagty diýip yglan etmek baradaky çözgüdi oňat hilli däbe öwrüldi, ol medeni gatnaşyklaryň ösdürilmegine özüniň oňaýly täsirini ýetirýär diýlip bellenildi. “Mary – 2015-nji ýylda türki dünýäniň medeni paýtagty” maksatnamanyň çäklerinde medeniýet ulgamynda mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň ýolunda möhüm ähmiýete eýe bolar diýlip, ynam bildirildi.


Bu şanly waka mynasibetli baýramçylyk ruhunda bezelen teatra şäherlileriň we welaýat merkeziniň myhmanlarynyň müňlerçesi geldi. Bu ýerdäki meýdançada türkmen halkynyň taryhy şahsiýetlerini janlandyrýan “Türkmenistan dostlugyň we doganlygyň ýurdy” adi bilen teatrlaşdyrylan sahna görkezildi. Şol wagt binanyň giň eýwanynda surat we halk senetçiliginiň önümleriniň sergisi geçirildi. Welaýatyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgärleri uly ekspozisiýany görkezdiler. Teatryň öňdäki meýdançadaky konsert tomaşaçylar zalynda dowam etdi. Bu ýerde welaýatyň iň gowy döredijilik we tans toparlary, folklor toparlary, aýdymçylar we bagşylar çykyş etdiler.

Mary medeni maksatnama, tansçylaryň, aýdymçylaryň, folklor topralarynyň çykyşlary bilen utgaşdyryljak maslahatlaryň, “tegelek stollaryň”, söhbetdeşlikleriň, gezelençleriň dowamynda zerur bolan oňaýylyklaryň mählisini döretmäge taýýar. Şäher halkara iri çärelerini geçirmekde uly tejribe toplady. Hususanda, 2012-nji ýylda Mara “GDA ýurtlarynyň medeni paýtagty” bomak nesip edipdi.

Mary, Murgap sebiti özüniň çäklerinde taryhy-medeni ýadigärlikleriň köp sanlysyna baýdygy blen halkara ykrarnamasyna eýe boldy. Bu ilkinji nobatda Gadymy Merw ýadigärligidir. Gadymy Merwde meşhur alymlar we filosoflar, lukmanlar, sazandalar we edebiýatçylar ýaşapdyrlar. Bu ýerde köp sanly kerwensaraýlar bolupdyr, olarda uzak ýoldan gelýän, Beýik ýüpek ýoly bilen gatnaýan kerwenler düşläp geçipdirler. Uzak bolmadyk ýerde köki müň ýyllyklaryň jümmüşine aralaşýan meşhur “Marguş ýurdy” ýerleşýär.