Şu gün paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň Garaşsyz türkmen döwletiniň hemişelik bitaraplygynyň 19 ýyllygyna bagyşlanan uly baýramçylyk konserti boldy.
Baýramçylyk konsertine ýurdumyzyň Mejlisiniň ýolbaşçylary, hökümetiniň agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, daşary ýurtlaryň Aşgabatda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalaryň baştutanlary, Türkmenistanyň daşary ýurtlarda işleýän ilçileri, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, ylmy edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Konserte tomaşa etmäge gelenleriň hatarynda köp sanly daşary ýurtly myhmanlar, şol sanda şu günler türkmen paýtagtynda geçýän iri halkara forumlaryna gatnaşyjylar bar. Olaryň Türkmenistanyň Bitaraplyk güni mynasybetli guralan dabaralara işjeň gatnaşmagy Garaşsyz, bitarap türkmen döwletiniň durmuşa geçirýän parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat ugrunyň üstünliklere beslenýändigini, türkmen halkynyň häzirki we geljek nesilleriniň hoşniýetli goňşuçylyk we halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny giňden äşgär edýär.
Bitaraplyk güni aýratyn döwlet we halkara ähmiýetine eýe bolan baýramçylykdyr. Dünýä bileleşigi tarapyndan Türkmenistana berlen halkara-hukuk derejesi diňe bir giň möçberli özgertmeler maksatnamasynyň we durmuş-ykdysady özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegini däl, eýsem ählumumy parahatçylygyň we howpsuzlygyň berkidilmegini, ähli ýurtlar hem-de abraýly halkara guramalary bilen özara gatnaşyklaryň giňeldilmegi üçin hem ähmiýetlidir. Häzirki döwürde Türkmenistanyň bitaraplygy ýurdumyzyň dünýä bileleşigi bilen syýasy, ykdysady, ylym-bilim we medeni pudaklardaky netijeli hyzmatdaşlygynyň ýola goýulmagynda möhüm ony eýeleýär. Parahatçylyk we howpsuzlyk ýörelgelerini, dostluk we hoşniýetli gatnaşyklary, birek-birege düşünişmegi, ynsanperwerligiň beýik maksatlaryny hem-de ugurlaryny äşgär etmek arkaly Bitarap Türkmenistan dünýäniň halklaryny ýer ýüzünde nurana geljegiň bähbidi ugrundaky esaslaryň başynda jemleýär.
Biziň döwletimiziň bitaraplygy ýurtlaryň we halklaryň özara ýakynlaşmagynyň, umumadamzat gymmatlyklarynyň esasyny düzýän parahatçylyk söýüjiligiň we özara düşünişmegiň gadymy däpleriniň baýlaşdyrylmagynyň esasy şerti bolup çykyş edýär diýip bellemek bilen, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow onuň netijeli medeni-gumanitar gatnaşyklary ösdürmek üçin hem oňyn şertleri döredýändigini nygtaýar.
Hut şu pikir şu günki geçirilen Döwlet konsertiniň özenini düzdi we ol konsertiň maksatnamasyndaky täsirli çykyşlaryň üsti bilen äşgär edildi.
“Bitaraplyk—bagtyýarlyk binýady” atly edebi sazly kompozisiýa Maslahat köşgünde ýokary ruhubelentlik ýagdaýyny döretdi. Ony ýurdumyzyň teatrlarynyň artistleri bilen Türkmenistanyň Döwlet tans topary hem-de “Laçyn” folklor topary bilelikde ýerine ýetirdi.
Tomaşaçylaryň öňünde türkmeniň beýik ogullary, serkerdeleri, şahyrlary we akyldarlary peýda boldy. Olaryň atlary dünýäniň köp halklarynyň arasynda deň derejede meşhurdyr. Gaýduwsyz pederlerimiziň kuwwatly garaşsyz döwlet baradaky arzuwlary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri diýlip atlandyrylýan ajaýyp zamanada hasyl boldy. Bu sahnada ýaýbaňlandyrylan teatrlaşdyrylan çykyşlaryň üsti bilen parahatçylyk söýjüilik, hoşniýetlilik, dostanalyk we myhmansöýerlik ýaly türkmen halkyna mahsus ýörelgeler beýan edildi.
Artistleriň çykyşlary häzirki zaman Bitarap Türkmenistanyň ösüşiniň esasy tapgyrlaryny beýan edýän wideoşekiller bilen utgaşyp gitdi. Sahnada 1995-nji ýylyň 12-nji dekabry diýen ýazgy peýda bolýar. Bu sene Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň “Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy hakyndaky” Rezolýusiýasynyň kabul edilen günüdir. Ol mähriban Watanymyzyň ýyl ýazgysyna dünýä bileleşiginiň garaşsyz döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň we netijeli başlangyçlarynyň ykrar edilen senesi hökmünde girdi.
Soňra ekranda Türkmenistanyň milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn halkara syýasaty bilen berk baglanyşykly täze taryhynyň wakalary beýan edilýär. Görkezilýän şekiller türkmen döwletiniň BMG-niň belent münberinden öňe süren daşary syýasat başlangyçlary häzirki döwürde bitarap döwlet hökmünde Türkmenistanyň ählumumy parahatçylyk we howpsuzlyk maksady bilen durmuşa geçirýän syýasy tagallalary, biziň ýurdumyzda 2015-nji ýylyň Parahatçylygyň we bitaraplygyň ýyly diýip yglan edilmegi barada gürrüň berilýär. BMG agza ýurtlaryň döwlet baýdaklarynyň görkezilmeginiň yzysüre özygtyýarly Watanymyzyň Döwlet baýdagy ekranda peýda bolýar.
Şunuň ýaly belent heňde hem-de ýokary ruhda başlanan baýramçylyk konserti türkmen halkynyň Garaşsyz, Bitarap Watanymyza bolan çuňňur söýgüsini beýan edýän çykyşlar bilen dowam etdi. Halk we estrada aýdymlaryny ýerine ýetirijiler, tans we saz toparlary, folklor çykyşlary biri-biriniň yzy bilen öz ussatlyklaryny görkezdiler. Aýdym-sazly çykyşlaryň hemmesi özboluşlylygy bilen tapawutlandy. Baýramçylyk çykyşlarynda häzirki zamanyň iň öňdebaryjy tehniki serişdeleri netijeli peýdalanyldy.
Sahnada ýaşajyk artistleriň peýda bolmagy tomaşaçylarda uly şatlyk döretdi. “Güneş” aýdymçylar toparynyň we “Joşgun”, “Ruhubelent çagalar” tans toparlarynyň çykyşlary bilen utgaşyklykda ýerine ýetirilen “Bitarap Watanym bar” atly aýdym has-da täsirli boldy. “Mukam” skripkaçylar topary tomaşaçylara ajaýyp baýramçylyk sazyny sowgat etdiler. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ertirki güni ýaş nesillere bagly bolup durýar. Biz özümiziň ajaýyp arzuwymyzy çagalaryň nurana geljegi bilen baglanyşdyrýarys.
Gadymy döwürde diňe bir söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösmeginde däl, eýsem medeniýetiň, medeni gatnaşyklaryň ösdürilmeginde möhüm orun eýeleýän Beýik Ýüpek ýolunyň taryhyna bagyşlanan çykyş has-da täsirli boldy. Ony Lebap welaýatynyň “Çynar” tans topary ýerine ýetirdi. “Ýüpek ýoly” diýlip atlandyrylan özboluşly çykyşda zehinli ýaşlar sungatyň dili bilen häzirki döwürde halkara ähmiýetli ykdysady we medeni taslamalarda täzeden dikeldilýän Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen ýurtlaryň halklarynyň baý özboluşly däp-dessurlaryny beýan etdiler.
Saksafonçylar jübütiniň ussatlyk bilen ýerine ýetiren sazyna tomaşaçylar uzak wagtlap el çarpdylar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň “Rysgal” aýdym-saz toparynyň agzalary “Bitaraplyk mukamy” atly täze aýdymy ýerine ýetirdiler. Onuň täsirliligine tomaşaçylar ýokary baha berdiler.
Türkmen milli konserwatoriýasynyň akapella toparynyň çykyşlary, olaryň ussatlyk bilen ýerine ýetiren sazlary tomaşaçylar tarapyndan şwohunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy. Olar sungatyň dili bilen halklary we ýurtlary birleşdirýän “Dostluk çemeni” atly özboluşly aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler.
Hormatly Prezidentimiziň kakasy Mälikguly Berdimuhammedowyň “Ýürek mydam mähribanlyk küýseýär” atly goşgusyna döredilen aýdym hiç kimi biparh goýmady. Mälim bolşy ýaly, Mälikguly aganyň çagalygy ýowuz uruş ýyllaryna gabat gelýär. Ol şonda daşky dünýä düşünip, ýakyn adamlarynyň inçe duýgusyny goşgy setirlerinde beýan edip başlaýar. Hut şonuň üçin nem beýik ynsanyň döreden şahyrana setirleri häzirki nesiller üçin baş ýörelge bolup durýar we ol täze aýdymlaryň döremegini şertlendirýär.
Soňky ýyllarda döwletara duşuşyklarynyň, halkara forumlarynyň iri merkezine öwrülen biziň buýsanjymyz we söýgümiz bolan ak mermerli paýtagtymyza, mähriban Watanymyza bagyşlanan ajaýyp çykyşlary “Läle” aýdymçylar topary, “Miras” tans topary bilen bilelikde ýerine ýetirdi. Gyzlaryň ýakymly owazlary, tansçylaryň hereketi we çykyşda ulanylan kämil tehniki serişdeler ajaýyp ýurdumyz we paýtagtymyz barada aýdyň düşünje almaga mümkinçilik berdi.
Şeýle hem Maslahat köşgüniň ajaýyp sahnasynda ýaş bagşylaryň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Ýurdumyzyň bäş welaýatynyň folklor tans toparlarynyň bilelikde ýerine ýetirmeginde görkezilen “Küşt depdi” aýdymly tansy taryhy we häzirki zamany gadymy oňyn dessurlaryň üsti bilen baglanyşdyrdy. Ony ýerine ýetirenler döwürleriň we nesilleriň, geçmişiň we häzirki zamanyň, türkmen halkynyň baý ruhy mirasynyň öçmejek arabaglanyşygyny aýdyňlygy bilen äşgär etdi.
“Bitaraplyk bagty” atly aýdym-sazly çykyşlar Türkmenistanyň Bitaraplyk gününiň hormatyna guralan Döwlet konsertiniň özboluşly jemlemesine öwrüldi. Aýdymçynyň we baýramçylyga gatnaşyjylaryň bilelikde ýerin ýetiren bu aýdymy tomaşaçylaryň kalbynda parahatçylygyň, ösüşiň we döredijiligiň ýoly bilen ynamly gadam urýan Garaşsyz, Bitarap Watanymyza bolan buýsanç duýgularyny goşalandyrdy.