Ï Daşary ýurt estradasynyň ýyldyzlary Aşgabatda baýramçylyk konsertleri bilen çykyş ederler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşary ýurt estradasynyň ýyldyzlary Aşgabatda baýramçylyk konsertleri bilen çykyş ederler

view-icon 932
Daşary ýurt estradasynyň ýyldyzlarynyň gatnaşmagynda baýramçylyk konsertleri ähli aşgabatlylara we paýtagtymyzyň myhmanlaryna ajaýyp täze ýyl sowgady bolar, şol konsertler şu hepdede sportuň Gyşky öýunlar sport toplumynyň sahnasynda geçiriler.

Şular ýaly konsertleri gurmak indi Täze ýylyň öňýanynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan ajaýyp däpleriň birine öwrüldi. Şu halkara medeni çäresiniň esasy maksady Täze ýylyň öňüsyrasynda baýramçylyk şowhunyny, şu mynasybetli guralýan çärelerde dürli žanrlary ýerine ýetirijileriň köpdürliligini döretmekdir. Meşhur daşary ýurt artistlerini çekmek hem ýurdumyzyň medeni durmuşynda döredijilik işjeňligi höweslendirmäge, köpçülikleýin dynç alyş çärelerini geçirmek babatda üstünlikli tejribe alyşmaga gönükdirilendir.

Konsert estafetasyny 16-njy dekabrda türk estradasynyň ajaýyp ýerine ýetirijileriniň biri bolan türk estradasynyň ýyldyzy Deňiz Attiýe açar. Onuň repertuarynda türk saz owazlaryna mahsus bolan aýdymlar agdyklyk edýän hem bolsa, Deňizi doly suratda kosmopolitik diýip atlandyrmak bolar. Habar beriş serişdeleriniň ýazyşy ýaly, onuň kakasy türk, ejesi bolsa niderlandkadyr, aýdymçynyň özi Germaniýada dünýä indi we türk hem-de niderland dillerinden başga hem iňlis, nemes we fransuz dillerini erkin bilýär.

Aýdymçy çagalygyndan başlap, roýalda we darbukede (Gündogar halklarynyň gadymy urguly saz guraly—türkmen tary) saz çalýar. Deňiz tarapyndan biziň paýtagtymyzda hödürlenen maksatnamanyň çykyşlarynyň biri “Darbuka-solo” diýlip atlandyrylýar. Onuň “Salla” diýen aýdymyny hem köpler bilýändir, ol birnäçe ýyl mundan öň hit-paradlarda birinji orny eýeledi. Mundan başga-da ol ussatlarça tans edýär we öz klipleriniň we konsert çykyşlarynyň horeografi bolup durýar Diýmek, aşgabatly tomaşaçylara aýdyň täsirler we häzirki zaman türk saz medeniýetiniň täsin dünýäsi bilen duşuşyk garaşýar, şonda täze çykyşlar milli çeşmeler bilen sazlaşykly utgaşýar.

Soňra, 17-nji dekabrda bu duşuşyk beýleki bir meşhur türk aýdymçysy Rafet El-Romanyň konserti bilen dowam eder. Ol öňräkden bäri romantiki aýdymçynyň abraýyny aldy we uly isleg bildirilýän türk aýdymçylarynyň biri hasaplanýar. Ol öz çagalygyny we ýaşlyk ýyllaryny Deňiz Attiýe ýaly Germaniýada geçirdi, şonda 24 ýaşynda ýylyň ussady diýlip ykrar edildi. Onuň repertuarynyň esasynda romantiki balladalar ýatyr, olar köplenç halatda gitara, saksofon we fortepiano bilen utgaşyklylykda ýaňlanýar, şunda şol aýdymçyda Ýewropanyň jaz äheňlerini modaly “türk-pop” stili bilen utgaşdyrmak gazanylýar. Aşgabatda boljak konsertde onuň meşhur aýdymlarynyň 20-ä golaýy, şol sanda “Ýalansi sahidim”, “Seni Söwiýorum”, “Elimde Degil” we köpleriň aýratyn göwnüne ýaran “Affetmem” kompozisiýasy ýaly aýdymçynyň meşhur aýdymlary ýaňlanar.

Şol gün, 17-nji dekabrda Rafet El-Romanyň çykyşyndan soň buzly toplumyň sahnasynda rus aýdymçysy Sergeý Lazarýewiň konserti bolar. Ol elbetde ýaş ussatdyr, ýöne uly ýaşly nesliň wekilleri telewizion “Ýeralaş” ýumoristiki žurnalda onuň ornuny hem-de “Irki ýyldyz” gepleşigine, “Neposedy” çagalar ansamblyna gatnaşmagyny ýatlaýarlar, olar 90-njy ýyllaryň ortasynda uly meşhurlyga eýe boldy. Sergeýiň meşhur teatr okuw jaýyny—MHAT-yň mekdep-studiýasyny tapawutlanyp tamamlandygyny onuň muşdaklarynyň hemmesi bilýänem däldir, ol teatr we kino artisti. Mysal üçin Moskwanyň A.S.Puşkin adyndaky drama teatrynyň sahnasynda “Romeo we Juletta” oýnunda baş gahrymanyň keşbi onuň ýerine ýetiren iň aýdyň keşpleriniň biridir, şol teatrda häzir hem çykyş edýär.

Ýöne “Notre- Dame De-Paris” mýuzikilinde ýerine ýetiren çykyşynyň aýdym-saz tankytçylarynyň ykrar etmegine mynasyp bolmagy aýdymçynyň hakyky üstünligi boldy, megerem ol “Belle” aýdymy ýaly saz ýaýlymlarynyň ýokary setirlerinde saklandy we hemme ýerde ýaňlandy. Lazarýewiň Aşgabatdaky konsertine rus we iňlis dillerindäki takmynan deňeçerlikde onuň aýdym-saş albomlarynyň iň meşhur aýdymlary girdi, munuň özi bu täze ýylyň öňüsyrasyndaky estrada taslamasynyň kosmopolitiki taglymyny nygtap geçýär.

Nýuşa ady bilen meşhur bolan beýleki rus ýyldyzynyň—pop aýdymçy Anna Şuroçkinanyň ýekelikdäki konserti simwoliki adynda bu taglymyň örän göwrümli keşbi bilen ýaňlandy. Ol Aşgabatda “Birleşik” maksatnamasyny hödürleýär. Şu ýyl Nýuşa “MTV Russiýa” teleýaýlymynyň nysgasy boýunça iň oňat rus ýerine ýetirijisi diýlip ykrar edildi. Onuň naýbaşy aýdymlary türkmen ýaşlaryna hem oňat tanyşdyr, olar üçin Nýuşa bilen duşuşyk, megerem, şu hepdäniň ýakymly täzelikleriniň biri bolar.

Tomaşaçylar şolar netijesinde Nýuşanyň köp rus bäsleşikleriniň (“Ýylyň aýdymy”, “Altyn grammofon”, “Täze tolkun” we başgalar) ýeňijisi boldy. Gepiň gerdişine görä aýdylsa, Nýuşa öz aýdýan aýdymlarynyň ählisiniň sözleriniň we sazynyň awtorydyr. Olaryň birini, ýagny “You Are My Life” aýdymyny ol kakasy Wladimir Şuroçkin bilen bile ýerine ýetirýär, ol öz wagtynda “Laskowyý maý” toparynyň meşhur aýdymçylarynyň biri bolupdy, häzir bolsa öz başarjaň gyzynyň prodýuseridir.

Arap saz dünýäsinde meşhur bolan liwan aýdymçysy Haýfa Wahbi täze ýylyň öňüsyrasyndaky aýdym-saz estafetasyny tamamlaýar. 2012-nji ýyldaky başlangyç albomyndan başlap onuň her bir diski ýa-da klipi ägirt uly üstünlige eýe boýlar. Onuň täsin owazy, özüne çekijiligi, haýran galmaly sesi, gujur-gaýraty, syrly arap ertekileriniň maýyl ediji owazy gürrüňsiz suratda onuň janköýerleriniň sanyny artdyryp, türkmen diňleýjilerini hem maýyl eder. Muňa ýokary derejede türkmen we arap medeniyetiniň aýdym-saz kökleriniň umumylygy hem ýardam edýär, olar öz taryhynda ýakyndan utgaşdylar we bir-birine täsir etdiler.

Diýmek, Gyşky oýunlar sport toplumy öz myhmanlaryny garşylamaga taýýar—ol şu günler öz sahnasyny ajaýyp bezelen sahna, janköýerleriň münberlerini bolsa estrada muşdaklary üçin tomaşa ediş hatarlaryna öwrüp, lowurdaýan täze ýyl keşbinde şugla saçdy. Onuň buzly meýdançasy eýýäm daşary ýurtly meşhurlaryň gatnaşmagynda köpçülikleýin dabaralary we aýdym-saz çykyşlarynyň geçirilýän ýerine eýýäm ençeme gezek öwrüldi, olaryň çykyşlary biziň ýurdumyzda däp boýunça iň aýdyň baýramçylyk wakalarynyň we şanly seneleriň nyşanyna öwrülýär.

Häzirki ýyldyzlaryň konsert şowhuny aşgabatlylara we paýtagtymyzyň myhmanlaryna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowdan Täze ýyl sowgady hökmünde peşgeş berildi, oňa türkmen aýdymçylary hem gatnaşarlar. Bu sowgadyň aýdym-saz muşdaklaryna diňe bir şatlyk hem-de haýran galmak eçilmän, eýsem, milli Liderimiziň ähli täze gyzykly hem-de başarjaňlar üçin açyk bolan sungatyň özüne çekijiliginiň gadymy däplerini häzirki zaman derejesinde dowam etdirip, özara döredijilik gatnaşyklaryny giňden ösdürmek baradaky çagyryşyna özboluşly aýdyň bezeg hem bolar.