Şu gün türkmen paýtagtynda Magtymguly ýylynyň jemlerini jemlemegiň dabaralary hem-de bu waka gabatlanan “Magtymguly – köňülleriň küýsegi” atly halkara ylmy maslahatynyň açylyşy boldy.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde geçirilen çärä Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň hökümetiniň agzalary, Aşgabatda işleýän diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary, Türkmenistanyň daşary döwletlerdäki ilçileri, halkara we jemgyýetçilik guramalarynyň, ýakyn we uzakdaky daşary ýurtlaryň ylmy merkezleriniň hem-de ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri, ýurdumyzyň ylym we medeniýet işgärleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Maslahata gatnaşyjylaryň wekilçilikli düzümi dünýä jemgyýetçiliginiň türkmen halkynyň medeni mirasyna uly gyzyklanmasyny görkezýär. Beýik pelsepewi şahyr Magtymguly Pyragynyň şygryýeti onuň möhüm bölegi bolup durýar.
Mälim bolşy ýaly, 2014-nji ýyl ýurdumyzda türkmen edebiýatynyň akyldarynyň şygryýetiniň şygary astynda geçdi. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygy dürli yklymlarda, dünýäniň köp döwletlerinde giňden bellenip geçildi. Halkara TÜRKSOÝ medeniýet guramasy hem 2014-nji ýyly türki dilli ýurtlarda Magtymguly Pyragynyň ýyly diýip yglan etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hökümetiň soňky mejlisleriniň birinde Magtymguly Pyragynyň şanly senesiniň dünýä ähmiýetli waka öwrülendigini belledi.
Türkmen döwletiniň Baştutanynyň Kararyna laýyklykda, şanly dabaralar halkara ylmy maslahatlarynyň, nusgawy şahyryň täze neşirleriniň dürli dillerdäki ýygyndysynyň tanyşdyryş dabaralarynyň, mowzuklaýyn çykyşlaryň, döredijilik bäsleşikleriniň we konsertleriň, teatr çykyşlarynyň, çeper okaýyşlaryň geçirilmegini, kino we telefilmleriň görkezilişini, şahyryň durmuşyna, pelsepewi we döredijilik mirasyna bagyşlanan täze neşirleriň çap edilmegini hem-de Magtymgulynyň gymmatly edebi mirasyny wagyz etmek boýunça beýleki çäreleri özünde jemledi. 1-nji martda Türkmenistanyň “Magtymguly Pyragy” medaly döredildi. Oňa ýylyň dowamynda watandaşlarymyz bilen birlikde, daşary döwletleriň wekilleri hem mynasyp boldular. Olar türkmen medeniýetini ösdürmäge, türkmen nusgawy şahyrynyň döredijilik mirasyny ylmy taýdan öwrenmäge we wagyz etmäge uly goşant goşdular. “Magtymguly Pyragy” medaly bilen sylaglananlaryň hatarynda, Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça (ÝUNESKO) baş direktory Irina Bokowanyň we Halkara türki medeniýeti guramasynyň (TÜRKSOÝ) baş direktory Dusanbaý Kaseinowyň, görnükli alymlaryň we medeniýet işgärleriň bolandygyny ýatlap geçmek gerek. Olara bu belent baýragy türkmen döwletiniň Baştutanynyň hut özi gowşurdy.
Şu ýyl Özbegistanyň Prezidenti Yslam Karimow hem-de Türkiýe Respublikasynyň ozalky Prezidenti Abdulla Gül Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi boldular. Dünýäde türkmen halkynyň taryhy –medeni we ruhy mirasyny giňden wagyz etmekde, gorap saklamakda we galkyndyrmak işinde aýratyn hyzmatlary üçin milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Magtymguly adyndaky Halkara baýragyna mynasyp boldy. Beýik şahyr we akyldar Magtymguly Pyragynyň döredijiligi türkmen halkynyň bu mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.
Beýik söz ussadynyň hormatyna çäreleriň köp bölegi Türkmenistanda maý aýynda bellenip geçilen umumyhalk baýramyna—Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlandy. Baýramçylygyň öňýanynda Aşgabatda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda “Magtymguly Pyragy we umumadamzat medeni gymmatlyklary” atly halkara ylmy maslahaty geçirildi. Dünýäniň 40-dan gowrak ýurtlarynyň wekilleri bu uly maslahata gatnaşdylar. Olaryň hatarynda görnükli medeniýet we ylym işgärleri, döwlet toparlarynyň, abraýly halkara guramalarynyň wekilleri boldy. Olar öz manyly çykyşlarynda beýik türkmen şahyrynyň mirasynyň bahasyna ýetip bolmajak umumadamzat ähmiýetini bellediler.
Şanly ýylda tomaşaçylara täze sahnalaşdyrylan “Magtymguly Pyragy” diýen pelsepewi oýny görkezildi. Ol Alp Arslan adyndaky Türkmen milli ýaşlar teatrynyň topary tarapyndan döredildi. Şeýle hem “Magtymguly” çeper filminiň görkezilişi boldy. Gerkez obasynda – türkmen edebiýatynyň beýik nusgawy şahyrynyň ýadygärligi açylan obada maý aýynda şygryýetiň, halk döredijiliginiň uly baýramçylygy geçirildi. Ýurdumyzyň ylym we medeniýet işgärleri türkmen halkynyň beýik oglunyň Eýrandaky guburyna zyýarat etdiler.
Alymlaryň, döredijilik bölümleriniň we Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň işgärleriniň bilelikdäki işleri netijesinde Magtymguly Pyragynyň ömür ýoluna, pelsepewi garaýyşlaryna we döredijilik mirasyna bagyşlanan birnäçe ylmy we ylmy-çeper neşirler, kitaplar, owadan bezelen ýygyndylar çap edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ynsan kalbynyň öçmejek nury” diýen türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilen kitabynyň mazmuny nusgawy şahyryň ömri, döredijiligi we pelsepewi garaýyşlary barada parasatly sözleri özüne jemledi. Häzirki wagtda isleg bildirilýän we meşhur neşirleriň biri bolan dünýäniň dürli dillerindäki eserleriniň täze ýygyndylary şahyryň döredijiliginiň muşdaklarynyň we alymlaryň millionlarçasyna elýeterli boldy. Diňe soňky ýylda beýik şahyryň eserleri iňlis, ýapon, hytaý, koreý, urdu, arap, türk, fransuz, rus, belarus, ukrain, rumyn, tatar, ermeni, gazak, özbek we dünýäniň beýleki birnäçe dillerine terjime edildi hem-de özbaşdak neşirler görnüşinde çap edildi. Amerikada, Ýewropada, Hindistanda, Russiýada, Ýaponiýada, Ermenistanda, Hytaýda, Koreýa Respublikasynda, Özbegistanda, Belarusda, Şweýsariýada, Awstriýada we beýleki döwletlerde Türkmenistandan bolan wekiliýetleriň gatnaşmagynda täze kitaplaryň tanyşdyryş dabaralary, şeýle hem türkmen nusgawy şahyrynyň hormatyna çäreler geçirildi. 2014-nji ýylyň Magtymguly Pragynyň ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli TÜRKSOÝ guramasy birnäçe ylmy we medeni çäreleri gurady. Magtymguly Pyragynyň türk dilinde we türki dilleriň beýleki birnäçesinde eserlerini neşir etdi. Bu halkara guramasy tarapyndan şeýle hem Magtymguly Pyragynyň hormatyna ýörite medal döredildi.
Bu çäreleriň ählisi, gürrüňsiz suratda, türkmen nusgawy şahyrynyň ynsanperwer pikirlerine baý bolan döredijilik mirasynyň has-da düýpli öwrenilmegine we giňden wagyz edilmegine ýardam berdi. Olar häzirki wagtda, ýüz ýyllar mundan ozal bolşy ýaly, dünýäniň halklaryny beýik şygryýetiň ruhy bilen birleşdirdi. Ol bolsa özünde umumadamzat ruhy gymmatlyklarynyň senasyny birleşdirýär. Bular ýurdumyzyň açyklyga, belent ynsanperwerlige, halklaryň arasyndaky dostlugyň pugtalandyrylmagyna, medeni-ynsanperwer ulgamda giň hyzmatdaşlyga ygrarlydygynyň subutnamasyna öwrüldi.
Şunuň bilen baglylykda, Magtymguly ýylynyň jemleriniň jemlenmeginiň ýurdumyzda ýakynda giňden bellenip geçilen baýramçylyk—Türkmenistanyň Bitaraplyk güni bilen gabat gelmeginiň özboluşly manysy bardyr. Munuň özi türkmen Bitaraplygynyň esas goýujy ýörelgeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň ajaýyp subutnamalarynyň biridir.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda geçirilýän “açyk gapylar”, giň halkara hyzmatdaşlyk syýasaty halkara ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmäge ýardam edýär, ýurdumyzyň ylym we medeniýet işgärlerine hem-de olaryň daşary ýurtly kärdeşlerine dünýä medeniýetini ösdürmek hakynda düşünjelerimizi giňeltmäge mümkinçilik berýär. Esasy zat bolsa Türkmenistanyň dünýä bileleşiginiň ýurtlary bilen medeni gatnaşyklary köpugurly, örän mazmunly we köp görnüşli bolup, dürli halklaryň özara düşünişmegine we raýdaşlygyna ýardam edýär.
Magtymgulynyň şahyrana mirasy—bu türkmen halkynyň dünýä medeniýetine uly, ajaýyp, özboluşly goşandydyr. Bu miras diňe türkmen halkynyň milli buýsanjy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, dünýäniň ähli halklarynyň çeper baýlygy bolup durýar. Şonuň üçin geçip barýan ýylda türkmen akyldarynyň bellenilen 290 ýyllygy dünýä halklarynyň dostluk baýramçylygyna öwrülip, olaryň öçmejek umumadamzat ruhy gymmatlyklaryna we beýik şahyryň wasp eden ynsanperwer maksatlaryna ygrarlylygyny beýan edýär.
Bu barada Magtymguly ýylynyň resmi taýdan ýapylyş dabarasynda türkmen hökümetiniň ylym we medeniýet ulgamlaryna gözegçilik edýän agzalarynyň, şeýle hem türk medeniýetiniň halkara guramasynyň /TÜRKSOÝ/ baş direktorynyň orunbasary Firat Purtaşanyň jemleýji çykyşlarynda bellenildi.
Bu ýere ýygnananlar ýubileý ýylynyň jemini jemläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bütin dünýäde Magtymguly Pyragynyň döredijiligini, umuman, adamzadyň ruhy-genji hazynasynyň aýrylmaz bölegi bolan türkmen halkynyň medeni mirasyny çuňňur öwrenmäge we ýaýmaga gönükdirilen başlangyjy üçin ägirt uly hoşallyk bildirdiler.
Soňra daşary ýurtly raýatlara Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmekde, ýaýmakda we wagyz etmekde bitiren aýratyn hyzmatlary, şeýle hem Türkmenistanyň we beýleki döwletleriň hem-de halkara guramalarynyň arasyndaky ylym, bilim, medeni we gumanitar ulgamlarda dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge goşan uly goşantlary üçin “Magtymguly Pyragy” medalyny gowşurmak dabarasy boldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Permany okalýar. “Magtymguly Pyragy” medalyna mynasyp bolanlara medenýietleriň ýakynlaşmagynyň we baýlaşmagynyň, köpasyrlyk ruhy gymmatlyklary dikeltmegiň we aýawly saklamagyň bähbidine beýik akyldaryň mirasyny öwrenmek we ýaýmak boýunça bitiren işleri üçin döwlet Baştutanymyzyň we ähli türkmen halkynyň adyndan minnetdarlyk sözleri beýan edilýär.
Sylaglananlaryň hatarynda diplomatlar, jemgyýetçilik işgärleri, ylym we medeniýet merkezleriniň ýolbaşçylary, alymlar, terjimeçiler, ýazyjylar we şahyrlar bar. Beýik akyldaryň goşgularynyň Amerikanyň, Ýewropanyň, Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň, Orta Gündogaryň, arap ýurtlarynyň halklarynyň dillerine geçirilmeginde, okyjylar köpçüligine ýetirilmeginde olaryň her biriniň ägirt uly hyzmaty bar.
Bu ýere ýygnananlaryň öňünde çykyş etmek bilen, sylaglananlar beýik türkmen şahyrynyň 290 ýyllygynyň hormatyna giň gerimli dabaralary geçirmegiň başyny başlan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Çünki şol dabaralar dünýäniň dürli ýurtlarynda adamlaryň Magtymgulynyň şahsyýeti we döredijiligi hakynda düşünjelerini giňeltdi, şeýle hem şahyryň döredijilik mirasyna degişli täze ylmy işleriň döremegine we dürli dillere terjime edilmegine ýardam etdi.
Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Wolfgang Brett Magtymgulynyň döredijiligine bolan garaýşyny beýan etmek bilen şeýle diýdi: “Ol meniň kalbymy joşdurýar, men onuň zehininiň öňünde baş egýärin, onuň döredijiligine uly sarpa goýýaryn we beýik şahyryň paýhasyny hoşallyk bilen kabul edýärin”.
Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Berger Türkmenistana bolan duýgularynyň çuňňurlygyny we mährini türkmen şahyryna bagyşlan goşgy setirleri bilen beýan etdi. Mälim bolşy ýaly, onuň “Magtymguly” goşgusy türkmen diline terjime edildi we Aşgabatda geçirilen ikinji Wena baly mahalynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özüniň okamagynda ýaňlandy.
Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Maddy medeniýetiň taryhy institutynyň direktorynyň orunbasary Nataliýa Solowýowanyň belleýşi ýaly, ol özüne gowşurylan sylaga russiýaly alymlaryň Türkmenistanyň medeni mirasyny öwrenmek işine goşan goşandy hökmünde garaýar. “Biz türkmen halkynyň medeni mirasynyň gymmat bahaly nagyşlaryna göwher gaşlaryny oturdýarys” diýip, tanymal russiýaly arheolog belledi. “Magtymgulynyň goşgularyny ukrain diline terjime etmek bilen, men olaryň esasyny düzýän paýhasa, çuňňur tämizlige, ahlaklylyga haýran galdym, olar tutuş adamzat üçin örän uly sapakdyr” diýip, Ukrainanyň Ýazyjylar birleşiginiň agzasy Pawlo Mowçan bu ýere ýygnananlara ýüzlenip aýtdy.
Türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekiliniň baý edebi mirasyna dünýäniň dürli halklarynyň çuňňur sarpa goýýandygy barada aýdan sözleriniň subutnamasy hökmünde çykyş edenler öz dillerinde Magtymguly Pyragynyň goşgularyndan ganatly setirleri mysal getirdiler.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Magtymguly ýylyny geçirmegiň başyny başlan milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ähli asylly başlangyçlarynda we işlerinde täze üstünlikleri arzuw edip, ynsanperwer halkara hyzmatdaşlygyny ilerletmek üçin geljekde hem ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar. Magtymguly Pyragynyň ýylyny jemleýän şu günki ylmy maslahat hem şoňa täze itergi bermäge gönükdirilendir.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň eýwanynda sergi ýaýbaňlandyrylyp, onda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň işleri, şol sanda milli medeni mirasymyza bagyşlanan işleri, Magtymgulynyň täsin golýazmalary, dünýäniň dürli dillerine terjime edilen täze neşirleri, beýik şahyryň durmuşy we döredijiligi hakynda ylmy makalalaryň ýygyndylary we beýleki köpçülikleýin edebiýatlar görkezildi. Myhmanlar şeýle hem şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleri bilen tanyşdylar. Olarda Magtymguly mowzugy şöhlelenýär. Beýik ildeşimiziň goşgularyna ýazylan ajaýyp aýdymlar bu gün maslahatyň öň ýanynda guralan konsertde hem ýaňlandy.
Günüň ikinji ýarymynda “Magtymguly-köňülleriň küýsegi” atly halkara ylmy maslahat öz işini ylmy bölümleriň üçüsi: “Magtymguly Pyragy we türki halklaryň medeniýeti”, “Magtymguly Pyragy we dünýä edebiýaty”, “Magtymguly Pyragy—beýik akyldar” diýen bölümler boýunça dowam etdi.
Agşam foruma gatnaşyjylar paýtagtymyzyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde guralan “Magtymgulynyň keşbi şekillendiriş sungatynda” diýen serginiň açylyş dabarasyna çagyryldy.