Ï Täze ýylyň öňýanyndaky ýeňişler we ýokary netijeler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Täze ýylyň öňýanyndaky ýeňişler we ýokary netijeler

view-icon 988
Tamamlanyp barýan 2014-nji ýylyň sport wakalarynyň hatarynda zenanlaryň arasynda basketbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň ikinji tapgyryny, şeýle hem boks we pauerlifting boýunça ýurdumyzyň Kubogy ugrundaky ýaryşlary mysal getirmek bolar.

Basketbo boýunça bäsleşikler D.Azady adyndaky Milli dünýä dilleri institutynyň bedenterbie-sagaldyş toplumynda geçirildi. Oňa Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden iň güýçli toparlar gatnaşdylar. Aýlaw görnüşinde geçirilen ýaryşlarda paýtagtly türgenler ynamly ýeňiş gazandylar.

Şu gezekki ýaryşlarda, birinji tapgyrda bolşy ýaly, esasy göreş kümüş medallar üçin ýaýbaňlandy. Ýazda geçirilen birinji tapgyrda maryly basketbolçy gyzlar ikinji orna eýe bolan bolsalar, bu gezek Lebap welaýatynyň türgen zenanlary ikinji orna mynasyp boldular.

Irina Ýakowlewanyň ýolbaşçylygynda tälim alýan paýtagtly basketbolçylaryň üstünligi köp derejede halkara ýaryşlarynda olaryň baý tejribe toplandygy bilen düşündirilýär. Toparyň esasy bölegini milli ýygyndy topara girýän türgenler düzýärler. Ýygyndy toparymyz bolsa halkara ýaryşlarynda eneçeme gezek medallar bilen gaýdyp geldiler.

Üç - üç bolup oýnalýan basketbol ugry boýunça Katarda geçen ýyl geçirilen Aziýanyň birinji çempionatynda biziň türgen gyzlarymyz bürünç medala eýe boldular, sähel wagtdan soň bolsa Eýranda geçirilen halkara ýaryşynda kümüş medallary eýelediler. Olaryň ýakynda geçirilen kenarýaka oýunlary boýunça Aziýa çempionatyndaky çykyşlaryny ýatlap geçmek gerek: Taýlandyň Pkuhet adasynda geçirilen bu ýaryşlarda türkmen türgenleriniň toparlaýyn tapgyrdan çykmagyna Oýunlaryň eýeleri böwet bagladylar, aýdylyşy ýaly, öz ýeriňde diwarlar hem kömek edýär.

Bu gezekki ýaryşlaryň barşynda paýtagtyň toparynyň oýunçylarynyň arasyndan halkara derejeli sport ussatlary Aýna Gökowa, Nigýara Nagiýewa we Irina Kasparowa ýokary ussatlyk görkezdiler. Sport ussatlary M.Jumageldiýewa, D.Mämmedowa, Ý.Durdyýewa, I.Sabansewa, L.Halylowa we beýleki ýaş türgenler hem ýeňşiň gazanylmagyna uly goşant goşdular.

Şy gyş paslynda türkmen basketbolçy zenanlar milli derejedäki ýaryşlaryň nobatdaky tapgyryna taýýarlyk görerler, ol ýaryşlar geljek ýylyň mart aýynda badalga alar.

... Boks boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşlaryň jemleri barada aýtmakdan ozal sportuň bu görnüşi bilen meşgullanýan türkmen türgenleri üçin şu ýylyň esasy sport synagynyň güýzde Koreýa Respublikasynda geçirilen XVII Aziýa oýunlary bolandygyny aýtmalydyrys. Bu sport çäresiniň gerimini hasaba almak bilen, biziň toparymyzyň öňünde iň bolmanda bir medal almak barada wezipe goýuldy.

Biziň ildeşlerimiz bolsa ýeňşe bolan erki we sport ussatlygyny görkezip, çekeleşikli geçen tutluşyklarda iki medala eýe boldular. Aziýa oýunlarynyň bürünç medallaryna degişlilikde 64 we 69 kilogram agram derejesinde çykyş eden Aziz Bebitow we Serdar Hudaýberdiýew mynasyp boldular.

Türgenleriň ikisi hem müňlerçe ýaş türkmen türgenleri üçin görelde boldular. Olar boks boýunça Lebapda tälim aldylar, welaýatyň türgenleri bu ugur boýunça milli derejede öňdäki orunlary eýeleýärler. Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky şu gezekki bäsleşiklerde hem Lebap welaýarynyň ýygyndy topary umumy toparlaýyn hasapda ikinji orny eýeläp, üç altyn medala mynasyp bldy.

Aşgabatly boksçylar bolsa ýaryşlaryň baş baýragyny eýeläp, bäş altyn medala mynasyp boldular. Ýakup Meredow (56 kilograma çenli), Sünnet Annaseýidow (64 kilograma çenli), Serdar Hudaýbergenow (75 kilograma çenli), Asrlan Açylow (81 kilograma çenli) we Bekmuhammet Döwletow (91 kilograma çenli) ýeňşe eýe boldular. Daşoguz welaýatynyň topary iki altyn medal bilen üçünji orny eýelediler.


Geljek ýyl türkmen boksçylary 2016-njy ýylda Braziliýada geçiriljek Olimpiada ýollanmalary almak ugrunda güýç synanyşarlar. Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga hukuk gazanmak üçin güýzde Katarda geçiriljek synag dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş etmek zerurdyr. Ondan öň biziň türgenlerimiz Aziýa çempionatynyň medallary ugrunda göreşerler. Ol ýaryşlar iýul aýynda Taýlandda geçiriler.

... Erkekleriň we zernanlaryň arasynda pauerlifting boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşlarda Mary welaýatynyň merkezindäki täze häzirkizaman sport mekdebinde geçirildi.Ýaryşa gatnaşmak üçsin ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden gelen türgenler pauerliftingiň üç ugry boýunça bäsleşdiler.


Köp ýyllaryň dowamynda milli derejedäki ähli ýaryşlarda, şol sanda Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky bäsleşiklerde Aşgabadyň we Mary welaýatynyň türgenleri öňdäki orunlary paýlaşýardylar. Bu gezekki ýaryşlarda bolsa ýaryşyň baş baýragyna Lebap welaýatynyň topary ilkinji gezek eýe boldy. Dmitriý Puzanowyň tälim berýän türgenleri – Artur Joraýew (53 kilolgrama çenli), Sergeý Muhammedzýanow (59 kilogarma çenli), Wýaçeslaw Ogaý (66 kilograma çenli), Tamila Kiýametdinowa (43 kilograma çenli), Inga Taganowa (47 kilograma çenli) we Albina Rahmanowa (63 kilograma çenli) altyn medallaryň altysyna eýe boldular.

Mundan başga-da, S.Muhammedzýanow ştanga götermegiň üç görnüşi boýunça jemi 540 kilogram netije görkezip, milli rekordlaryň üçüsini goýdy.

Şeýle hem umumy toparlaýyn hasapda ikinji orny eýelän maryly türgenler birinji orunlaryň altysyna mynasyp boldular. Daşoguzly türgenler bolsa bir medala eýe bolup, üçünji orny aldylar.

Häzirki wagtda pauerlifting boýunça türkmen türgenleri geljek ýylyň fewralynda Lebap welaýatynyň merkezinde geçiriljek ýurdumyzyň çempionatyna ykjam taýýarlyk görýärler.

Lebaply türgenler ýurdumyzyň iň güýçli topary diýen derejäni saklap bilerlermikä? Onuň jogabyny tiz wagtdan alarys.