Türkmen şahyrynyň ispan diline terjime edilen goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy Magtymguly Pyragynyň ýyly diýlip yglan edlen 2014-nji ýylyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylar. Bu dabara Ispaniýanyň Granada şäheriniň Arap ylmy-gözleg merkezinde bolup geçdi.
DüzümindeTürkmenistanyň YA Milli golýazmalar institutynyň esasy ylmy işgärleri bolan türkmen wekilýetini Arap merkeziniň direktory Antonio Oriela Uzal gyzgyn garşylady. Goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasyna we “Magtymguly Pyargy we türkmen medeniýeti” ady bilen geçirilen maslahata Ispaniýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary, Granada uniwersitetiniň mugallymlary we talyplary, şeýle hem Magtymgulynyň eserlerini ispan diline terjime eden Helga Doroseu, Korss Kegel we Aleksandro Munýoz Kors ýaly şahyrlar-terjimeçiler gatnaşdylar. Olar beýik türkmen şahyrynyň goşgularyny türkmen we ispan dillerinde okadylar.
Maslahatda türkmen we ispan alymlarynyň Magtymgulynyň ömrüni we döredijiligini, türkmen halkynyň taryhyny we hazirki zamanda gazanýan üstünliklerini beýan edýän çykyşlary uly üns bilen diňlenildi.
Maslahata gatnaşyjylar üçin sergi guraldy. Onda Magtymguly Pyragynyň sowgatlyk hökmünde neşir edilen eserleri, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ynsan kalbynyň öçmejek nury” kitaby, Türkmenistan hakynda kitaplar, ispaniýaly alymlaryň gatnaşmaklarynda geçirilen halkara maslahatlarynyň Magtymgula bagyşlanan tezisleriniň ýygyndysy, şeýle hem türkmen halk amaly-haşam sungatynyň milli önümleri görkezildi.
Türkmenistanly myhmanlar üçin ХIII asyrda musulman medeniýetiniň merkezi bolan hem-de şol döwre degişli bolan arhitektura ýadigärliklerini saklap gelen, onuň hatarynda meşhur Alhambra köşk-seýilgäh toplumyny görkezmek bolar, Granada şäheri boýunça syýahatçylyk guraldy.