Ï Deňiz Atiýeň Aşgabatda bolup geçen konserti
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Deňiz Atiýeň Aşgabatda bolup geçen konserti

view-icon 1219
Aşgabatlylar we onuň myhmanlary üçin türk, russiýa we liwan estradasynyň ýyldyzlarynyň gatnaşmaklarynda geçirilen konsert aşgabatlylar we onuň myhmanlary üçin ajaýyp täze ýyl sowgady boldy.

Deňiz Atiýeň Aşgabadyň Sportuň gyşky görnüşleri sport toplumynda beren konserti çärelere badalga berdi. Konsertiň birinji güni doly mazamlama görnüşinde geçdi.


Deňiz Atiýe Türkmenistana öz iň gowy aýdymlaryndan ybarat bolan programmasyny getirdi. Olaryň köpüsi türk estradasynyň müňlerçe janköýerleri üçin uly meşhurlykdan peýdalanýar. Hem aýdymçynyň, hem tansçynyň zehini türkmen we türk dilleriniň ýakynlygy aýdymça türkmen tomaşaçylarynda uly söýgini gazanmagyna getirdi. Aýdymçynyň mylaýymdan ýakymly sesi, tansda ýerine ýetirýän sazlaşykly hereketi we adatdan daşary hyjuwy tomaşaçylary özüne bendi etdi.


Türkmenistan we zala ýygnan türkmenistanlylar bilen salamlaşmak bilen, türk estradasynyň ýyldyzy özüniň mähirli gyzgyn garşylanandygy üçin tolgunýadygyny ýürekden boýun aldy. Deňiz Atiýe tomaşaçylaryň gyzgyn we mähirli düýgularyna özüniň çuňňur minnetdardygyny bildirdi hem-de olar bilen indiki boljak duşuşyklara sabyrsyzlyk bilen garaşjakdygyny aýtdy.