Ï Ýurdumyzyň Baş arçasy dürli öwüşginli yşyklara beslendi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzyň Baş arçasy dürli öwüşginli yşyklara beslendi

view-icon 648
Şu gün ýurdumyzyň Baş arçasy dürli öwüşginli yşyklara beslendi. Ol hemmeleriň söýüp garşylaýan we täsinliklere baý bolan Täze ýyl baýramçylygynyň ýakynlaşyp gelýändigini alamatlandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň asylly başlangyjy bilen, Baş arçanyň yşyklarynyň ýakylmagy mynasybetli dabara guramak däbine badalga berildi. Paýtagtymyzdaky “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň ýanyndaky meýdançada guralan belent başly arça özüniň älemgoşar öwüşginini çarýana saçdy.


Türkmen paýtagtynyň Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriniň birinde guralan Täze ýyl arçasy çagalar we ulular üçin söýgüli baýramçylygyň dabaralarynyň başlanýandygyny äşgär etdi. Bu ýerde ýurdumyzyň belli estrada aýdymçylarynyň, teatr we tans toparlarynyň, ýaşajyk artistleriniň, şeýle hem baýramçylygyň esasy gahrymanlary bolan Aýazbabanyň hem-de Garpamygyň gatnaşmagynda belent ruha beslenen dabaralara giň orun berilýär.

Bu baýramçylyga çagalar aýratyn şatlyk bilen garaşýarlar. Olar dabaranyň baş gahrymanlarynyň, ulularyň ertekilerdäki täsinlikleri döretmegini isleýärler. Ýurdumyzyň ähli künjeklerindäki we paýtagtymyzdaky çagalar baglarynda, mekdeplerde, teatrlarda we medeniýet merkezlerinde dürli baýramçylyk dabaralaryna giň gerim berildi. Olarda çykyş edýänler körpelere ýatdan çykmajak şatlyk eçilýärler.

Dabarany guraýjlaryň yhlas etmegi netijesinde 37 metrlik arça baýramçylyk äheňinde bezelipdir. Onuň dik depesinde sekizburçly ýyldyz bolup, arçanyň merkezi böleginde dürli yşyklardan 2015 ýazgysy ýerleşdirilipdir. Bu ýerdäki meýdançada ertekilerdäkä çalymdaş şäherçe emele gelipdir. Onda köp sanly yşyklaryň, dürli oýnawaçlaryň we bezeg serişdeleriniň öwüşgini bilen gaýtalanmajak gözellik täsir galdyrýar. Şeýle hem bu ýerde köp sanly kiçiräk arçalar oturdylyp, olar hem dürli bezeg serişdelerine beslenipdir. Olardaky jaňjagazlaryň owazy bu künjegiň özboluşlylygyny hem-de täsirliligini artdyrýar. Göýä diýersiň asmandan inen ýaly öwüşginli şarlar ünsüňi özüne çekýär. Bu ýere gelýän adamlar we çagalar baýramçylyk dünýäsine goşulyp, dürli öwüşginli yşyklara guwanç bilen seredýärler.

Arçanyň ýanynda onuň yşyklarynyň ýakylmagyna we baýramçylygyň baş gahrymanlarynyň gelmegine garaşyp duran aşgabatlylaryň müňlerçesi we paýtagtymyzyň myhmanlary folklor hem-de tans toparlarynyň, baýramçylyk lybaslaryna giren sirk we teatr artistleriniň çykyşlaryna tomaşa edýärler.


Dabaranyň baş gahrymanlary ak sakgally Aýazbaba we onuň hemrasy Garpamyk özüniň baýramçylyk sowgatlary we Täze ýylyň nyşanlary bolan guzujyk hem-de owlajyk bilen dabara gatnaşýan adamlara tarap howlugýarlar. Dabaranyň baş gahrymanlary bu arça çenli bolan uzak ýoluny Hazar deňziniň giňişliklerindäki döwrebap “Berkarar” gämisinde başladylar. Baýramçylygyň gahrymanlary gämide uly ruhubelentlik, şatlyk-şowhun bilen garşyladylar we olary ýagşy arzuwlar bilen ýola saldylar. Baýramçylyk lybasyny geýnen Türkmenbaşy şäherine çenli ýoluň ugrunda köp sanly şäher ilaty uly hormat bilen garşyladylar. Ol pursatda Aýazbaba özüriň jadyly taýagynyň kömegi bilen paýtagtymyza gelip düşdi.

Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda söýgüniň, ýaşlygyň we dost-doganlygyň şäheri bolan Aşgabat has-da gözel, bu ýerde dürli öwüşginli suw çüwdürimleri, elwan güller, ajaýyp seýilgähler, biri-birinden gözel ak mermerli binalar giň şaýollary we baýramçylyk lybasyny geýen meýdançalar göwnüňi göterýär. Ýol ugrunda bar bolan müňlerçe arçalar özboluşly bezeg serişdelerine beslenip, has-da gözel görünýär. Olaryň tyllaýy agşamlardaky görnüşi ertekilerdäki jadyly şekillere çalymdaş.

Aýazbaba we Garpamyk gün-günden gözelleşýän paýtagtymyz bilen tanyşlygyny şu ýyl düýpli abatlanyp, täze görnüşe giren “Aşgabat” medeni-dynç alyş seýilgähinden başlady. Bu ýerde baýramçylygyň baş gahrymanlary aýdym-sazlar, joşgunly tanslar, gülküli tomaşalar bilen garşylanyldy. Seýilgähiň meýdançasynda ýaýbaňlandyrylan dabara gatnaşyjylar Aýazbabany bu ýerde guralan arçanyň yşyklaryny ýakmaga çagyrdylar.

Soňra “Galkynyş” at üstündäki milli oýunlar toparynyň çykyşlary bilen baýramçylygyň gahrymanlary öz ýoluny dowam etdiler. Olar Magtumgyly şaýoly bilen ýörän barşyna “Aşgabat” binasynyň ýanyna geldiler. Bu ýerde owadan bedewlere tirkelen arabanyň üstündäki gahrymanlar uly joşgun bilen garşylanyldy. Paýtagtymyzyň köp sanly adamlary we baýramçylyk lybasyndaky çagalar bu künjekde ýaýbaňlandyrylan tomaşalara goşuldylar. Paýtagtymyzyň döredijilik toparlary we ýaşajyk artistler özeriniň teatrlaşdyrylan çykyşlary we dürli oýunlary bilen dabaranyň şowhunyny artdyrdylar. Oňa gatnaşyjylaryň haýşyy boýunça bu ýerdäki arçanyň yşyklary hem ýakyldy.


Aýazbaba özüniň ulag kerweni bilen paýtagtymyzda guralýan dabara merkezlerine tarap ýola rowana bolýar. Aşgabatdaky Döwlet sirkiniň öňündäki meýdançada guralan dabaralaryň şowhuny has-da belent boldy. Bu ýerde milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlaryna sirk artistleri, masgarabazlary goşuldylar. Soňra dabara gatnaşyjylaryň ugratmagynda baýramçylygyň baş gahrymanlary Atamyrat Nyýazow şaýoly bilen Bitarap Türkmenistan şaýoluna tarap ugradylar. Tutuş ýoluň dowamynda şowhuny guraýjlary we oňa gatnaşyjylar paýtagtymyzyň köp sanly ilaty hem-de myhmanlary tarapyndan gyzgyn garşylandy. Olar bu baýramçylyk çykyşlaryna höwes bilen tomaşa etdiler.

Aýazbaba ýolugrundaky kitap dükanynyň deňinde saklanyp, täze neşirler bilen gyzyklandy. Esasan-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýäniň dürli dillerinde neşir edilen bezegli kitaplary baýramçylygyň gahrymanlarynda has-da uly gyzyklanma döretdi.

Soňra olaryň ulag kerweni Arçabil şaýoly bilen “Älem” medeni-dynç alyş merkezine tarap ugrady. Olaryň geçýän ýolunyň ugrunda baýramçylyga mahsus dabaralar guralyp, oňa gatnaşyjylar Aýazbabany we Garpamygy uly söýgi bilen garşyladylar.

Ine, köp garaşdyran myhmanlar baş arçanyň ýanyna geldiler. Bu ýerdäki dürli lybaslary geýnen çagalar şadyýan aýdym-sazlary bilen dürli öwüşgine beslenen arçanyň ýanyndaky dabaranyň şowhunyny has-da belende göterdiler. Hemişe gök öwüsýän arçanyň töwereginde paýtagtymyzyň teatr toparlarynyň, Çagalar we ýetginjekler köşgüniň, sungat mekdebiniň artistleriniň, meşhur estrada aýdymçylarynyň gatnaşmagynda söýgüli baýramçylyga aýdym-sazly sowgat eçildiler.

Bu ýerde çykyş eden aýdym-saz toparlarynyň hatarynda “Şatlyk”, “Akpamyk”, “Ruhubelent çagalar“, “Gyzjagaz” we beýleki çagalar toparlary bar. Alp Arslan adyndaky Türkmen milli ýaşlar teatrynyň, Döwlet gurjak teatrynyň artistleri, Döwlet sirkiniň ussatlary, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň sirk toparynyň talyplary bu ýerde örän täsirli çykyşlary ýaýbaňlandyrdylar.

Baş arçanyň ýanynda guralan dabarada ertekileriň gahrymanlary Ýartygulagyň, Akpamygyň, Japbaklaryň, Mämmetjanyň, Hudaýberdi gorkagyň, Böwenjigiň we Göroglynyň, şeýle hem aladaçyl geçiniň, onuň paýhasly owlaklarynyň we türkmen halk ertekileriniň beýleki söýgüli gahrymanlarynyň gatnaşmagynda gülküli, tansly, aýdym-saz tomaşalar guraldy. Olaryň ajaýyp çykyşlaryna köp sanly dabara gatnaşyjylar höwes bilen goşuldylar. Aýzbabadyr Garpamygyň ellerinden baýramçylyk sowgadyny almak körpeler üçin has-da täsirli boldy.


Aýazbaba we Garpamyk bu günki dabara gatnaşýan ähli körpe türkmenistanlylaryň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we Türkmenistanyň tutuş halkyna täze 2015-nji ýyl mynasybetli iň gowy arzuwlaryny aýtdylar. Şeýle hem olar milli Lidermize we halkymyza bagt, jan saglyk, mähriban Watanymyzyň abadançylygynyň we rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdiler. Olar milli Liderimize çagalar hakda edýän yzygiderli aladasy, ýurdumyzda körpe nesilleriň hemmetaraplaýyn we sazlaşykly ösmegi ugrunda alyp barýan işleri üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini ýetirdiler.

Körpeleriň haýyşy boýunça Aýazbabanyň jadyly taýagynyň kömegi bilen belent başly arçanyň yşyklarynyň ýakylmagy bu ýerde guralan dabaranyň jemini jemledi. Onuň yzysüre ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň meýdançalarynda guralan Täze ýyl arçalary düri öwüşginli yşyklara beslendi. Şu gün ýurdumyzyň ähli künjeklerinde belent ruha beslenen Täze ýyl dabaralaryna badalga berildi. Aýdym-sazlaryň owazy belentden ýaňlandy. Bagtyýar çagalaryň joşgunly tanslaryna giň orun berildi. Şeýlelikde, ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanyndaky dabara çagalar horunyň, meşhur estrada aýdymçylarynyň gatnaşmagynda Täze ýyly garşylamak mynasybetli guralan dabaralara bagyşlanan aýdymlar aýdyldy.