Ï “Türkmenistanyň ýaş kompozitorlarynyň galereýasyndaky” täze atlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Türkmenistanyň ýaş kompozitorlarynyň galereýasyndaky” täze atlar

view-icon 804
Türkmen milli konserwatoriýasynyň kiçi zalynda ýaş türkmen kompozitorlarynyň kamera-instrumental konserti geçirildi. Bu konsert ony guraýjylaryň – konserwatoriýanyň ylmy-konsrt bölümi we kompozisiýa kafedrasy – bu okuw mekdebiniň diwarlarynda soňky 10-15 ýylyň dowamynda kämil kompozitorlyk hünärini alan uçurymlary ýygnandygy bilen diňleýjileriň ünsüni özüne çekdi.

Konsertiň programmasy dürli-dürli bolup, oňa instrumental miniatýuralar, saz gurallary-solo üçin opuslar we beýlekiler girdi. Sahnada Jahan Paýtakowanyň, Aýna Şirowanyň, Maýsa Mämmetjumaýewanyň, Jemal Reýimowanyň, Zamira Mämmetkulyýewanyň, Nury Ataýewiň, şeýle hem konserwatoriýanyň şu ýylky uçurymlary Kerim Jumakulyýewiň, Selbi Ataýewanyň we dördünji ýyl talyp Döwlet Hanowyň eserleri ýaňlandy. Bu kompozitorlaryň belli bir derejede utgaşykly döredijilik aýratynlyklary bardyr. Ýerine ýetirji hökmünde konserwatoriýanyň mugallymlary we talyplary, ýörüte sazçylyk mekdebiniň mugallymlary we okuwçylary çykyş etdiler.

Konsert ykbaly bir tarapdan, ýaş awtorlara öz eserlerini konsert ýerine ýetirilişini diňlemäge mümkinçilik beren, beýleki bir tarapdan diňleýjileri – professionallary we akademiki sazyň muşdaklaryny täze atlar bilen tanyşdyrmaga mümkinçilik berýän uly taslama badalga berdi. Hut şonuň üçin hem bu taslama “Türkmenistanyň ýaş kompozitorlarynyň galereýasy” diýen ada eýe boldy. Geljekde dürli žanrlar boýunça – hor sazlarynyň eserlerini, kamera orkestri üçin eserler, estrada aýdymlaryny diňlemekligi guramak, halk sazlaryny täzeden işlemek ýaly işleri geçirmek göz öňünde tutulýar.