Ï “Täze ýyl ertekisi” - çagalar üçin iň gowy sowgat
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Täze ýyl ertekisi” - çagalar üçin iň gowy sowgat

view-icon 1126
Türkmenistanyň Baş drama teatry baýramçylyga şagalaňly baýramçylyk oýnuny taýýarlady. Oňa gatnaşyjylaryň örän köpdügüne garamazdan, onda teatryp bary-ýogy 15 artisti çykyş edýär, gaanlary bolsa paýtagyň tans toparlarynyň bäşisiniň tansçylarydyr.


Spektaklda bir hereketde sungatyň iki sany özbaşdak görnüşi – ekran we sahna görnüşleri üstünlikli birleşendir.Gahrymanlar ykjam telefon aragatnaşygy we ýönekeý sahnada we ekranda biri-biri bilen gürleşýärler. Bu bolsa spektakla täzeçilligi we asyl nusgasyny getirdi. Gülnabat we Kakajan Aşyrowlaryň pýesasyna diňe bir türkmen erteki;leriniň gahrymanlary gatnaşman, eýsem dünýä halkaarynyň hem ertekileriniň meşhur gahrymanlary gatnaşýar.


- Çagalaryň spektakllara köplenç ýagdaýda öz ene-atalary bilen geýändiklerini bilmek bilen, biz hemmeler üçin şagalaňly bolar ýaly ýörüte uly bolmadyk reprizalary goýduk – diýip, räžisýor-oýun goýujy Kakajan Aşyrow gürrüň berýär. Ssenariýa aýyklykda, birnäçe Döwler, Kaşeýleriň ikisi, galtamanlar topary we Baba Ýaga baýaramçylyk bolmaz ýaly ýylyň Goýunjygyny tutýarlar. Ýöne Ýartygulak, Hudaýberdi, teleaypbaryjy we ýaş alym uçýan halyda Goýunjygy bütin dünýä boýunça gözleýärler.


Ertekileriň ählisiniň soňy gowluk bilen tamamlanýar. Bu “Täze ýyl ertekisinde” hem şeýledir. Şeýle hem bu oýny goýmaga re1isýor-oýun goýujylar Aşyrmuhammet Rahmanow (A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatry) we Mekan Sylabow (Lebap welaýatynyň S.Seýdi adyndaky Döwlet sazly-drama teatry) gatnaşdylar.