Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda welaýatlaryň ählisiniň we Aşgabat şäheriniň çagalar çeperçilik mekdepleriniň we sungat mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda “Meniň watanym – Türkmenistan” ady bilen çeperçilik sungatynyň sergi- bäsleşigi geçirildi.
Sergide türkmenistanlylaryň ýaş nesliniň bizi gurşap alýan tebigatyň owadanlygyna, halk medeniýetine aladaly garaýandygy barada gürrüň berýän 150-den gowrak eser görkezildi. Sergi çeperçilik sungatynyň çagalaryň şahsyýetini ösdürmekde möhüm orny eýeleýändigini, daşky gurşawa çalt düşünýändigine, döredijilik ukyplaryny ösdürýändigini, grafiki ýa-da plastiki görnüşde özlerinde galan täsirleri beýan edýändigini aýdyň görkezdi.
Birinji orun Aşgabat şäheriniň Abadan etrabynyň çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçysy Ýazgeldi Ylýasowa berildi, ikinji orny Balkan welaýatynyň Hazar şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçysy Fatima Akberowa we Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçysy Şemşat Haklyýewa, üçünji orny Daşoguz welaýatynyň çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçysy Dilnara Polatowa we Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçysy Gülälek Sadykowa, Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçysy Atanyýaz Annageldiýew eýelediler.
Bu dabaraly çäräniň ahyrynda bäsleşigiň ýeňijilerine ýadygärlik sowgatlary, beýleki gatnaşyjylaryň ählisine bolsa – hormat hatlary gowşuryldy.