Ï Täze sport mekdepleriniň ikisi açyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Täze sport mekdepleriniň ikisi açyldy

view-icon 914
Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynda dabaralar bolup geçdi. Bu ýerde Mollanepes şäherçesinde we Mülkamaşa geňeşliginde bir günde 365 we 350 orunlyk iki sany täze häzirki zaman sport mekdepleri ulanmaga berildi. Bu sport mekdepleri welaýatyň düýpli gurluşyk müdüriliginiň buýurmasy esasynda ýerine ýetirildi.

Sport desgalarynyň açylyş dabaralaryna ýerli dolandyryş edaralarynyň, partiýa, jemgyýetçilik guramalarynyň, sport guramalarynyň, bilim we medeniýet ulgamlarynyň wekilleri, hormatly ýaşulylar, ýaşlar, oba zähmetkeşleri, gurluşykçylar gatnaşdylar.

Sport mekdepleriniň ikisi hem häzirki zaman taslamalary boýunça guruldy. Bu hünär ähmiýetli desgalaryň jaýlar we zallar toplumy bir maksada – türgenleriň we türgenleşdiriiji düzümiň işlemekleri üçin aňrybaş şerti döretmäge hyzmat edýär. Sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary, küşt-şaşka oýunlaryny geçirmek üçin ähli şertler döredilendir, aýraryn türgenleşik zallary, kiçi futbol, woleýbol, basketbol, gandbol oýunlary üçin zallar bardyr, şeýle hem türgenleşdirijiler, dolandyryş edarasy üçin, birnäçe kömekçi jaýlar bardyr. Mekdeplere ýakyn ýerleşýän çäkler gök baglyga bürener, tertipli çekilen ýanýodalar we alleýalar sport oýunlary üçin niýetlenen meýdançalara alyp barýar.

Desgalaryň açylan güni ýaş türgenleriň görkezme çykyşlary boldy, woleýbol, basketbol, gündogar başa-abş söweşi, sportuň milli görnüşleri boýunça ýoldaşlyk duşuşyklary geçirildi.