Ï Sabada dünýä inen
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Sabada dünýä inen

view-icon 989
Daňatar Öwezow häzirki günlerde hem meşhurlygyny ýitirmedik opera, kantatalar, hor eserlerini döretse-de, türkmen saz sungatynyň taryhyna wokal sazynyň gaýtalanmajak ussady hökmünde girdi.

... Daňatar daňdan dünýä inendigi üçin ene-atasy oňa Daňatar diýen ady dakdylar. Geçen asyryň 30-40-njy ýyllary, haçan-da milli kompozitorlyk mekdebiniň gülläp ösýän döwründe onuň zehininiň gülläp ösen döwri boldy. Ol Aşyr Kulyýew we Weli Muhadow bilen bir hatarda türkmen kompozitorlarynyň ilkinji üçlüginiň biri boldy.

Durmuşda D.Öwezowa doly hünär sazçylyk bilimini almak başartmady. Ilki bilen Leningradyň konserwatoriýasyndaky okuwyny uruş zerarly kesmeli boldy, şol döwürde hem ilkinji türkmen operasy hasap edilmeli “Seýdi” operasynyň üstünde işlemegini hem kesmeli boldy. Soňra Moskwanyň konserwatoriýasynda okady. Hemme ugruna ýaly bolsa-da, ykbal kompozitoryň durmuşyna öz düzedişini girizdi. Onuň gözüniň çynlakaý agyrmagy, bu agyry onuň bütin durmuşynda dowam etdi, oňa okuwyny tamamlamaga mümkinçilik bermedi.

Şeýle bolsa-da, durmuş päsgelçilikleriniň ählisine garamazdan, saza bolan belent söýgi, ýiti zehin, öz üstünde irginsiz işlemegi kompozitora ajaýyp döredijilik üstünliklerini gazanmaga mümkinçilik berdi. Kyrkynjy ýyllar kompozitoryň döredijiliginiň hakyky gülläp ösýän döwri boldy. Onuň bu döwürde iň gowy gazananlary, ilkinji nobatda, Magtymguly adyndaky türkmen döwlet opera we balet teatrynda işlemegi bilen baglanyşyklydyr. Dessanlar esasynda döredilen operalaryň ikisi – türkmen saz sungatynyň altyn gaznasyna giren “Şasenem-Garyp” (A.Şapoşnikow bilen bilelikde) we “Leýli we Mežnun” (Ýu.Meýtus bilen bilelikde) yzly-yzyna döreýär. “Şasenem we Garyp” opersy hem uly meşhurlyga eýe bolýar. Magtymguly adyndaky Opera we balet teatry onlarça ýyllaryň dowamynda her möwsümini bu eser bilen açdy. A.Şapoşnikow bilen bilelikde döredilen “Aýna” operasy hem häzirki zaman temasy boýunça ilkinji operalaryň biridir.


Kompozitor özi üçin kantanto-oratoriýa žanryryny açýar. Onuň hor üçin döreden saz eserleri rowaýata öwrüldi. Bu barada türkmen saz öwrenijisi F.Abukowa şeýle diýýär: “Pribaltikada 80-nji ýyllarda hor eserlerine bagyşlanyp, kompozitorlaryň maslahaty geçirildi. Baý hor medeniýetinde önüp-ösen we bu halklaryň taryhy däpleri esasynda terbiýelenen pribaltikaly, russiýaly, gruziýaly kompozitorlaryň ussatlarça döreden eserleri bilen bir hatarda türkmen kompozitory Daňatar Öwezowyň hem hor eserleri ýaňlandy. Daňatar Öwezowyň döreden sazynyň eden güýçli täsiri esasynda diňleýjileriň gözlerine ýaş aýlamaklary meni haýran galdyrdy...”.

Şatlygy, durmuşa bolan söýgüni wasp edýän “Dutaryň owazy” kantatasy şo döwrüň iň gowy eserleriniň biridir. Bu eserde kompozitoryň fortepýanoda dutaryň owazyny döredip bilmegi onuň iň ajaýyp tapyndylarynyň biridir. Kompozitorlaryň soňky nesliniň köpüsi bu usuly köp sapar ulandylar. D.Öwezowyň “dutar” eserlerini dowam etdirijileriň hatarynda N.Halmämmedowyň “Dutaryň owazy” we B.Hudaýnazarowyň türkmen dutar sazlaryna esaslanýan “Tokgata” eserlerini görkezmek bolar.

D.Öwezow döredijilik güýjüniň ösýän döwründe bu dünýäden ötdi. Onuň bary-ýogy 55 ýaşy bardy. Ol özüniň soňky operasyny – “Görogly” gahrymançylykly operasyny tamamlap ýetişmän bu durmuşdan gitdi. D.Öwezow türkmen sungatynda öçmejek yz goýdy. Eger-de biz kompozitorlaryň soňky nesillerine onuň özüniň ajaýyplygy we melodiki dili beýan edişi, kompozision açyşlary, hor we opera hatlarynyň äheňi bilen örän uly täsirini ýetirendigini aýdyp geçsek ulaldyp aýtdygymyz bolmaz.

Daňatar Öwezow özüniň döredijilik ýoly bilen öz adyny ödedi. Ol türkmen kompozitorçylyk mekdebiniň düýbüni tutmak bilen, ilkinji türkmen opera kompozitory bolmak bilen, dünýä saz medeniýetiniň gazananlaryny we milli sazyň aýratynlyklaryny birleşdirip, täze saz eserlerini özleşdirmek bilen, elmydama öňde boldy. Kompozitoryň saz eserleri biziň günlerimizde hem ýaşamagyny dowam etdirýär.

“Şasenem we Garyp” operasy ilkinji gaýtadan dikeldilen milli opera sungaty boldy. 2009-njy ýylda gaýtadan dikeldilen premýera diňe bir öňki ýyllary, täze teatr möwsümini açman, eýsem türkmen halkynyň saz medeniýetini ösdürmekde täze sahypany hem açdy.

Kompozitoryň “Görogy” operasy baradaky arzuwy hem hasyl boldy. Biziň döwürdeşlerimiz – kompozitorlar R.Rejepow we H.Amangeldiýew gadymy türkmen eposynyň manysyny sazyň üsti bilen beýan etdiler. Bu saz eserinde uly ussadyň ýol-ýörelgesi öz mynasyp dowamyny tapdy.