Ï Täze demir ýol menzillerde konsertler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Täze demir ýol menzillerde konsertler

view-icon 812
Wagyz –ündew otlusy “Polat ýol – Bitaraplyk bagty” ady bilen belli bolup, ol Aşgabadyň demir ýol menzilinden uly konsert çykyşlary bilen Gazagystan-Türkmenistan-Eýran halkara demir ýolunyň bilen ýöredi. 2015-nji ýyly “Bitaraplyk we Parahatçylyk” ýyly diýip yglan etmeginiň many-mazmunyny açyp görkezmek babatda gurnalan bu wagyz-ündew otlysy Aşgabat-Bereket-Etrek ugry bilen geçer.


Aşgabat demir ýol menzilinde wagyz-ündew otlyny ugratmak çäresine paýtagtymyzyň ýaşaýjylary, demirýol ulgamynyň işgärleri we talyplar gatnaşdylar. Bu çärede Türkmenistanyň demirýol ulaglary ministrliginiň Altyn menzil folklor-etnografik topary we paýtagtymyzyň medeniýet müdirliginiň Aşgabat tans topary çykyş etdiler.

Belli ýazyjylaryň, şahyrlaryň, žurnalistleriň, aýdym-saz toparlaryndan düzülen döredijilik toparyň wekilleri daşary ýurtlarda geçirilýän Türkmenistanyň medeniýet günlerine gatnaşýan işjeň döredijilik işgärleridir. Olar her demir ýol menzilinde gyzykly çykyşlary gurnarlar.