Ï Türkmen ussatlarynyň üstünlikli çykyşlary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen ussatlarynyň üstünlikli çykyşlary

view-icon 985
Elmydama şadyýanlygyň we şagalaňyň ýeri bolan Türkmen döwlet sirki çagalary özüne çekýär. Baýramçylyk lybaslaryny geýinen oglanjyklar we gyzjagazlar özleriniň gowy görýänlerini – batyrlary, çeýeleri we örän güldüriji adamlaryny ýene-de bir gezek görmek üçin ýu ýere gelmäge gyssanýarlar. Sirkiň artistleri çagalar üçin täze sahna çykyşlaryny taýýarladylar.


Darbazlar Kseniýa Raýewskaýanyň we Alekseý Grisukyň çykyşlary ýatdan çykmajak pursatlara öwrüldi. Olaryň çykyşlary mahalynda yşyklar öçürilip, sirkiň gümmezinden asmany aňladýan şöhleleriň müňlerçesi şöhlesini saçýar.

Howa gimnastikaçysy Parahat Orazlyýewiň çykyşy hem täsirli boldy. Ol birnäçe netijeli, ýöne örän howply oýunlary ýerine ýetirdi. Tomaşaçylar onuň gorkman we ýeňillik bilen ýerine ýetirýän oýunlaryny doňup galmak bilen tomaşa etdiler.


Çaltlyk, çalasynlyk, dürli çykyşlaryň çaltlyk bilen çalşylyp durulmagy türkmen sirk sungatynyň tapawutly häsiýetidir. Ynha-da sahnada baş öwredilen şahlary bägülli geçiler peýda bolýar, soňra bolsa itjagazlar peýda bolýar. Geçilerem, itjagazlar hem ýumuşlary ýerine ýetirmek bilen, tans edýärler, aýlanýarlar, öňki ýa-da yzky aýaklaryny galdyryp, ýöreýärler.


Soňra şadyýan masgarabazlar topary Swetlana Çersowa, Jumamyrat Hommadow, Röwşen Meläýew we bu ugurda täze işe başlan Pena Myratdurdyýew dagy öz baş öwreden haýwanlary bilen sahnada paýda bolýarlar. Olar öz aralarynda jedel edýärler, dawalaşýarlar, gamgyn ýagdaýa düşýärler, ahyrynda bolsa bularyň hemmesini dostluk ýeňýär.

Jigitleriň çykyşlary sirk oýunlarynyň jemini jemledi. Olaryň at üstündäki dürli çeýelik we ussatlyk bilen ýerine ýetiren oýunlary, üç we dört jigitlerden ybarat bolup ýasaýan piramidalary tomaşaçylary ýene-de bir gezek haýran galdyrdy.