Ï Sagdyn jemgyýet – Berkarar döwlet
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Sagdyn jemgyýet – Berkarar döwlet

view-icon 995
Şu gün paýtagtymyzyň “Mekan” köşgünde “Sagdyn jemgyýet—Berkarar döwlet” atly wagyz – nesihat duşuşygy geçirildi. Ol sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmaga, dünýä derejesindäki mesele bolan neşekeşlige we neşe serişdeleriniň ýaýradylmagyna garşy yzygiderli göreşe bagyşlandy. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň wekilleri duşuşygyň guramaçylary bolup çykyş etdiler.

Mälim bolşy ýaly, 19-njy ýanwarda geçirilen wideoşekilli iş maslahatynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hukuk goraýjy edaralarynyň, ýerlerdäki ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň, ähli durmuş düzümleriniň öňünde neşekeşlige, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna we kontrabanda ýaly dünýä möçberindäki zyýanly hadysanyň garşysyna göreşi güýçlendirmäge degişli anyk wezipeleri goýdy.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, neşekeşlik meselesi--munuň özi Ýer ýüzündäki ilatyň saglygyna, dünýäniň ykdysady ulgamyna, döwletleriň hukuk tertibine we milli howpsuzlygyna ählumumy howp salýan ýagdaýdyr. Şoňa görä-de biziň ählimiz jebisleşip, öz maşgalalarymyzyň abadançylygyny, biziň bagtly geljegimizi goramak maksadynda bu örän howply ýagdaýa pugta böwet goýmalydyrys.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyny ýerine ýetirmek babatda guralan bu duşuşyga milli Parlamentiň deputatlary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň we orta mekdepleriň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we döredijilik işgärleri gatnaşdylar

Duşuşyga gatnaşyjylaryň nygtaýyşlary ýaly, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şunuň ýaly umumydünýä meselsine berýän uly ünsüniň netijesinde Türkmenistanda giň möçberli düşünişdiriş-öňüni alyş işleri alnyp barylýar, ilkinji nobatda, şeýle işler ýaşlaryň, ýetginjekleriň, çagalaryň arasynda geçirilýär. Olar neşekeşlige baglylygyň eýmenç duzagyna hem-de bu nägehanyň ýaýradylmagyna goşulmak howpuna duçar bolmaga has ýakyn bolup durýarlar. Ilat bilen işjeň işlemäge hukuk goraýjy edaralar, saglygy goraýyş edaralary, jemgyýetçilik we dini guramalar hem-de bilim pudagynyň edaralary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri goşuldylar. Umumadamzat möçberindäki bu nägehanyň garşysyna barlyşyksyz göreşe hemmeler gatnaşmalydyr. Çünki biziň abadançylygymyz we gülläp ösüşimiz her birimize baglydyr.

Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, biziň ýurdumyzda neşekeşligiň we neşe serişdeleriniň ýaýradylmagyna garşy göreşe, häzirki zaman dünýäsi üçin bu wajyp meseläniň ýok edilmegine gönükdirilen resminamalar kabul edildi we üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hususan-da, ýurdumyzda neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we prekursorlaryň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek hem-de neşe serişdelerine we psihotrop maddalaryna garaşly bolan adamlara kömek bermek boýunça Milli maksatnama üstünlikli amala aşyrylýar. Bu maksatnamanyň esasy wezipeleriniň biri neşe serişdeleriniň kontrabandasynyň öňüni almakdan, neşekeşligi gijikdirmän ýüze çykarmakdan we bejermekden, şeýle hem onuň öňüni almakdan ybaratdyr. Bu maksatnama möhüm çäreleriň birnäçesiniň amala aşyrylmagyna badalga berdi hem-de ozal kabul edilen “Neşe serişdelerine, psihotrop maddalara, prekursorlara we bularyň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek boýunça çäreler hakynda” Türkmenstanyň Kanunyny güýçlendirdi.

Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän oňyn, düýpli özgertmeleriň netijesinde täze durmuşy – Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni maksada okgunly gurýan halkymyzyň durmuş derejesi ýokarlanýar. Biziň sagdyn jemgyýetimiziň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça toplumlaýyn çäreleri durmuşa geçirip, Türkmenistan bütin adamzat üçin döwrüň iň howply wehimleriniň biriniň garşysyna durmak ýörelgesine pugta eýerýär.

Duşuşygyň çäklerinde ýurdumyzyň döredijilik toparlarynyň çykyşlary görkezildi. “Mekan” köşgüniň sahnasyndan Watançylyk aýdymlary we goşgular ýaňlandy. Olarda Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň häzirki we mundan beýläkki gülläp ösüşi, türkmen halkynyň hem-de bütin Ýer ýüzüniň halklarynyň abadançylygy we bagtyýarlygy wasp edildi.