Ï Baba Annanow: ruhuň, zehiniň we ussatlygyň birleşmesi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Baba Annanow: ruhuň, zehiniň we ussatlygyň birleşmesi

view-icon 2100
Baba Annanow türkmen kino sungatynyň ussatlarynyň galereýasynda görnükli orny eýeleýär. Türkmenistanyň we SSSR-iň halk artisti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi, türkmen kinoaktýorlarynyň iň meşhurlarynyň biri, ssenariýaçy we ýazyjy Baba Annanow özüniň köp ugurly döredijiligi bilen ýurduň medeniýetiniň we kinematografiýasynyň ösmegine örän uly goşant goşdy.

Ol 1934-nji ýylda doguldy. Onuň çagalygy ýowuz uruş ýyllaryna gabat gelip, şol döwrüň beýleki çagalarynyň durmuşy ýaly, agyr boldy. Kakasy – seýis, uruşda wepat bolýar, şonda Babanyň bary-ýogy 9 ýaşy bardy, 14 ýaşynda bolsa, Aşgabatda bolup geçen aýlganç ýer titremesinde ejesini ýitirýär. Ejesine bolan söýgi hem-de ol bardaky hatyra onuň bütin durmuşynyň içinden eriş-argyş bolup geçýär. Onuň iň tolgundyryjy hekaýalary “Enäniň ýüregi” diýlip atlandyrylýar.

Şeýle hem onuň ýüreginde ahalteke atlaryna bolan söýgi saklanyp galdy. Onuň damarlarynda hakyky jigidiň gany aýlanýardy. Onuň ajaýyp çapyksuwar bolmagy oňa filmler surata düşürilende uly kömek etdi.

Onuň kino gelmegini bagtly tötänlik diýip hasap etse bolar. Bu zehinli şahsyýetiň ykbalyny hem kesgitledi. Haçan-da Taşkentiň teatr-çeperçilik institutyna türkmen toparynyň ýygnalýandygyny bilende ol TDU hukuk fakultetine girmäge taýýarlyk görýärdi. Ýaş oglan kabul ediş toparynyň ünsüni derrew çekdi. Ýaş, uzynak, syratly, owadan gözli, ol aktýorlyga mynasyp şahsdy. Ýöne esasy zat – onuň keşbinde üns berilmegine, garaýşyny duýmaga, elleriniň hereketinde, gepleýiş äheňinde üns berilmegine borçly edýän nähilidir bir jadylaýjy alamat bardy...

Instituty üstünlikli tamamlandan soňra Baba drama teatrynda aktýor bolup, telewideniýede režissýoryň kömekçisi bolup işledi. Ol “Ilkinji synag” arly filmde ilkinji sapar baş roly ýerine ýetirdi. Ol şonda özüniň hakyky zehinini açyp görkezmegi başardy. Soňy “Ykbal”, “Bedewiň ogurlanmagy” we beýlekilerde ol ýatdan çykmajak keşpleri döretdi. Tomaşaçylar ony çyn ýürekden söýýärdi, olar onda özboluşly zehini görüpdiler. Görlüp oturylsa ol öz gahrymanlaryny oýnamandyr, ýöne bir olaryň ykbaly bilen ýaşapdyr.

Alty Garlyýewiň “Aýgytly ädim” filminde Baba Annanowyň döreden Artygyň keşbi türkmen kinosungatynda öçmejek yz galdyrdy. Ol aktýora has hem uly meşhurlyk getirdi, tomaşaçylaryň uly sylagyna we çyn ýürekden söýgüsine mynasyp boldy.

Baba Annanowyň spektakllar we filmler goýlan powestlerinde we hekaýalarynda onuň çagalyk döwri janlandyrylýar, milli psihologiýanyň, däp-dessurlaryň we durmuşyň aýratynlyklary beýan edilýär. “Ak at” powesti boýunça ol uzak wagtlap aýralykda ýaşan enäniň we ogluň ykbaly barada tolgundyryjy spektakl goýdy. Onuň “Kärizgenler” powesti “Kepderiler kärizlerde ýaşaýarlar” atly filminiň esasyny düzdi. Bu režissýor Baba Annanowyň ilkinji uly göwrümli çeper filmidi. Aýratyn emosional güýç bilen tapawutlanýan, estetiki we çeperçilik taýdan täsir edijiligi bilen tomaşaçylara täsir eden, içinden gaýgy-gam, söýgi eriş-argaş bolup geçýän bu film awtoryň iň gowy işleriniň biri boldy hemde ýurduň kinosungatynyň altyn gaznasyna girdi. Onuň “Ene möjek” hekaýasy esasynda ogly Kerim Annanow gysga metražly filimi surata düşürdi hem-de kinofestiwallarda birnäçe baýraklara mynsayp boldy.


Döwürdeşleriniň ýatlamasy boýunça Baba Annanow giň göwrümli we ruhy taýdan galjaň adam bolupdyr, dostluga uly baha beripdir. Durmuşda ony Akmyrat Bäşimow, Hommat Müllük, Artyk Jallyýew ýaly meşhur aktýorlar goldapdyrlar hem-de onuň bilen ynamly we berk dostluk saklapdyrlar. Olar onuň diňe bir dostlary bolman, eýsem kärdeşleri hem bolupdyrlar. Ol olaryň maslahatyny hemişe uly hormat bilen diňläpdir we uly baha beripdir.

“Zöhre we Tahyr” filmi Baba Annanowyň soňky işleriniň biri bolupdyr. Ol bu filmiň ssenariýasyny D.Hudaýkulyýew bilen bilelikde ýazypdyr. Bu filimde B.Annanow baş roly Zöhräniň kakasy - hökümdary janlandyrypdyr. Şeýle hem onuň soňky işlerini biri Bilbil Mämmedowyň “Çagalygymyň dessany” atly kinofilminde ýerine ýetiren baş rolydyr. Onuň döreden keşbi aktýorluk ussatlygynyň çürbaşy bolup, ol öz işdeş ýoldaşlary üçin özboluşly döredijilik sargydy bolup galypdyr.

Meşhur aktýor, türkmen kinosynyň ýyldyzy Baba Annanow baradaky söhbetimizi onuň gyzy Bahar Allakowanyň sözleri bilen tamamlamagy makul bildik:

- Kakam öz döredijiliginde elmydama akýürekli bolmaga çalşypdyr. Sahnada ýa-da kinoda keşpleri döredende - ýaş hudožnikden başlap dana Azada çenli döreden keşplerinde durmuş hakykaty onuň baş ýörelgesi bolupdyr.

Baba Annanowyň döredijiligi – türkmen kinematografiýasynyň altyn sahypasydyr. Ol durmuşdan gitdi, ýöne onuň gahrymanlary tomaşaçylary tolgundyrmak bilen, olarda duýgulary oýarmak bilen, baky adamkärçilik gymmatlyklary barada pikir etmäge borçly edip, ekranlarda ýaşap ýörler.